21:45

BDU-da bolmadyk waka / satiriki hekaýa

BDU-da BOLMADYK WAKA

Gylyç aganyň ýaşy birçene barypdy. Ol birnäçe gün ýatdy-da, wepat boldy. «Haý, biçäräniň jaýy jennet bolar-la» diýşip, her kim onuň guburynyň üstüne bir gysym toprak atdy. Merhumyň ogly Handurdy bolsa ara gün salman, kakasynyň üstüne gümmezli jaý saldyrdy. Bişen kerpiçden gurlan owadan ymarat ýörite getirilen ussanyň elinden çykandygyny aýdyp durdy. «Ine, iki dünýäsem berlen bagtly adam diýibem Gylyç aga aýdaýsaň» diýşip, mazarystanlygyň ýanyndaky asfalt ýoldan geçen adamlar haýran galýardylar.
Emma bary biderekdi. Gümmezli, beýik ýadygärlik saldyrmak geregem däldi. Çünki Gylyç aga onuň aşagynda ýokdy. Ol jaýdan merhum haýyrlanyp bilenokdy. Gylyç aga ony kwartiranta-da berip gitjek boldy. Emma mazarystanlykda oňa göçüp barmaga höwesli adam tapylmady. Onsoňam soragçylar öz işlerini gutaransoň her kim behiştdir dowzaha gitmegiň aladasy bilendi. «Bizi behişdiň mikroraýonyna göçürjekler. Häzirlikçe, şu wremýanka-da besdir» diýşip, her kim ýologly bolşup ýatyrdy.
Gylyç aga Müňkür, Nekir ýaly soragçylara-da garaşman eýýäm behişte tarap gidipdi. Ol ýolda:

Gören aşyk didaryňdan doýmaly,
Görmedikler görsem diýip köýmeli,
Dodagyňdan ýalap-ýalap doýmaly,
Damyp dur lebinden baly Bibiniň,
Ýassanyp ýatmaly goly Bibiniň
Bibiniň, Bi-bi-niň...

― diýip, uzyn ak sakgalyny selkildedip bir bagşa öýkünip, aýdyma zowladyp barýardy. Gylyç aga az ýöräp, köp ýöräp, birgiden jaýlyk ýere bardy. Köp etažly ymaratlar, uzyn giden haýatlar, ok geçmez baglar akylyňy haýran edýärdi. Şol pelesaň kakyp ýörşüne iki sany gapa biziň gahrymanymyzyň gözi düşdi. Olaryň birine «B» harpy, beýlekisine bolsa «D» harpy ýazylgydy. Gylyç aga «B» harpy ýazylgy gapynyň tutaýyna elini ýetirdi. Şol pursat bir perişde gelip:
― Ýaşuly, duruň! ― diýdi.
― Weý, bu ýeri asyl bibliotekamy? ― diýip, Gylyç aga aýak çekdi.
― Ýok, ýaşuly, bu ýer-ä behişt bolmaly ― diýip, nobatçy perişde elindäki naýzasyny gapynyň öňünde keserdip goýdy.
― Baý-ba, han ogul, beýle bolsa men ýalňyşmanjyk göni geläýen ekenim. Hany, aýyr naýzaňy.
― Bolmaz, ýaşuly!
― Näme bolman. Beterem bolar. Biz bu ýere ölüp zordan ýetdik ahbeti. Indi beri beýdip, býurokratlyk etjek bolmaň ― diýip, Gylyç aga naýzadan ýapyşdy. Nobatçy perişde jürlewük çalmaga mejbur boldy. Onýança nobatçylaryň ýolbaşçysy geldi. Ol gülüp:
― Ýaşuly, tanyş bolaly, maňa Jöwdet al Sinaýy Abulbeşer ibn Mülkaman al Rahmatylla Jennetulzaman ibn Welkyssamawaty diýilýär ― diýdi. Gylyç aga aňk bolup:
― Sen ýaňky adyny tutanlaryň haýsysy bolmaly? ― diýdi.
Onda ýaňky adam:
― Ýaşuly, maňa Jöwdet diýäýiň ― diýdi.
― Jöwdet, näme üçin bu pyýada meniň öňüme naýzasyny keserdip goýýar?
― Ýaşuly, düzgün şeýle. Sizde Behişte girmek üçin propuska barmy?
― Ýok. Ony nireden almaly?
― BDU-dan almaly.
― Be, BDU näme? O dünýäde MTS, PTS, PMK, DSU, RSU ýaly sözleri eşiderdik. Emma BDU diýen sözi ömrümde ilkinji gezek eşidýän ― diýip, Gylyç aga Jöwdet bilen birneme öwrenişdi. Jöwdet bolsa gülüp:
― Gylyç aga, BDU diýmek behişt-dowzah uprawleniýesi diýmekdir ― diýdi. ― Ine, şu ýerden şeýläk göni gidersiň. Ýoldaky surathanada «propuska üçin» diýip, surata düşersiň. Onsoň hol ýedi etažly jaýyň ýedinji gatyna çykarsyň. Ana, şol ýerde BDU-yň uprawleniýesi bardyr.
― Jöwdet aga, ýaşuly ilki surata düşmesin. Eger behişte girip biljegini anyklansoňam düşse bor ― diýip, naýzaly perişde öz ýolbaşçysyna maslahat saldy.
― Dogrudanam şeýle, haw. Ilki anygyna ýetmeli. Eger saňa «Jaýyň jennet» diýseler, soňra surata düşäýmeli bor. Eger sizi «Dowzahy» diýseler propuska gerek däl. Honha gapysy. Özünde-de «D» ýazylgydyr. Işiginde nobatam ýok, zadam ýok ― diýip, Jöwdet ýaşulynyň egnine kakdy. Gylyç aga:
― Be, siz-ä dünýäni gapyşdyraýdyňyz-la. Meniňki, hökman behiştdir. Men namaz okadym, oraza tutdum. Hudaýýoly, sadaka, hüşür, zekat, pitre ýaly zatlary berdim ― diýip, ynamly gürledi.
― Sag bol, Jöwdet oglum. Hany, bir filtrli çilimjik bersene. Ot astynda bela galmaz diýlişi ýaly, bir eşek tozan edeli ― diýip, Gylyç aga köpeniniň tikininiň sökülen ýerinden beýleki elinem çykaryp, Jöwdete uzatdy.
― Baý-ba-a, ýuwaş-ş-ş, ýaşuly, ýuwaş-ş! Bizden çilim diläniňi BDU-yň uprawleniýesi eşidäýmesin. Men ýene ýarym ýyldan pensiýa çykýandyryn. Şoňa çenli gep-gürrüňsiz işläýin. Onsoňam, ýaşuly, siz ol dünýäde arak, tirýek, nas, çilim, beň, jalaýlyk ýaly neşelerden keýp çekdiňiz. Emma bu dünýäde iýmek-içmek gadagandyr. Hatda adynam tutanyňy eşitseler, dowzahy bolaýmalysyň.
Gylyç aga eslije ýöränden soň «Surathana» diýlen ýazgyly jaýa ýetdi. «Be, ol dünýäde biz namaz okajak bolanymyzda, suratly jaýda okamak külli günädir diýer ýörerdik. Biz din ugrundan gömük ekenig-ow» diýip, Gylyç aga surathana girip gitdi. Ýaşuly bu pikirini suratça hem gürrüň berdi. Onda suratçy Güseýin ibn Abdullah Mahmytzada al Gulamy gülüp heziller edindi.
Soňra Gylyç aga BDU-yň uprawlýaýuşisiniň ýanyna bardy. Ol telefonda gepleşip oturan ekeni.
― Alo, alo, bu ýer topbazamy? Siz direktormy? Be, ony eýýäm wezipesinden boşadaýdylarmy? Siz sklad müdirimi? Hany, bize bermeli 80 tonna kömüriňizi haçan bäri ugradýaňyz? Tizleşdireweriň, şu günler dowzahda buz öwüsýändir.
BDU-yň uprawlýaýuşisi Gylyç aga bilen elleşdi-de:
― Ýaşuly, azajyk oturyň ― diýip, ýene bir ýere telefon etdi:
― Alo, dowzah, a gyz, maňa dowzahy alyp ber-le. Ýer-ow, koçegar, han. Kömür bilen nädýäň? Anonimçiler üçin kömür harçlamaweri. Olaryň ýazýan hatlary öz gazanlaryny arkaýyn gaýnadar ― diýip, BDU-yň uprawlýaýuşisi Mykaýyl perişde trubkany ýerinde goýdy-da, ýaşulynyň habaryny aldy. Onuň bilen gürrüňe başlady:
― Gylyç aga, siz panydan bakyýa gaýtmazyňyzdan bäş-alty ýyl öň obaňyzda mollaçylyk etmäge başlapdyňyz, dogrumy?!
― Hawa, oglum.
― Şonuň üçinem siz eden günäňiz bilen sogabyňyzyň jikme-jik ýazylýandygyny bilýänsiňiz ― diýip, Mykaýyl aga mylaýymlyk bilen sorady. Gylyç aga bolsa stoluň üstüne ýapylan ýaşyl mawudyň ýygyrtlaryny düzedip oturan ýerinden:
― Hawa, oglum, Mykaýyl, bilýän ― diýdi.
― Bilýän bolsaňyz, size «propuska» bermezimizden öň, siziň günä-sogap kitabyňyzy okap göreliň. Gylyç aga, garşylyk ýokmudyr?!
― Wah, ýok-la, men müň-de bir gezek razy-la ― diýip, Gylyç aga ellerini owkalanda, barmaklary şatyrdap gitdi. Ol gorkup başlady.
― Ýoldaş Mykaýyl, sizde bir çilimjik ýa bir atym nas-a ýokdur-da?! ― diýip, Gylyç aga uludan demini aldy. Mykaýyl bu sözi ýazgardy:
― Gylyç aga, panyda neşe goýman, agyz urup çykdyňyz. Indi beri ol zatlary agzamaň ― diýip, hojaýyn gatyrgandy.
― Bagyşlaň, bagyşlaň. Günämi geçiň!
BDU-yň uprawlýaýuşisi knopkany basdy. Sekretar peri geldi-de, baş egdi.
― Gülruh jan, gyzym, şu ýaşulynyň günä-sogap kitabyny getiriň. Ady, familiýasy Gylyçmyrat Annaoraz ogludyr. Özem 1907-nji ýylda doglandyr.
Az salymdan iki sany daýaw pyýada göterip gelýän nosilkasyny stoluň ýanynda goýdy. Nosilkanyň üstünde äpet kitap bardy. Ol gara mawut bilen daşlanydyr. Kitabyň daşynda «Gylyçmyrat Annaorazowyň 60 ýaşyndan bäri eden günäleriniň gysgaça pereçeni» diýlen ýazgy bardy.
― Mykaýyl Mykaýylowiç, biz bu ýaşulynyň günä kitaplarynyň ählisini göterip bilmedik. Ony kitaphana baryp okaýmasaňyz-a boljak däl. Biz size diňe 60 ýaşyndan bärkisini getirdik ― diýip, Gülruh peri baş egdi.
― Ýeri, bolýa-da, işiňiz bilen boluberiň ― diýip, Mykaýyl elini gapa tarap uzatdy. Uprawlýaýuşiý bilen ýaşuly ikiçäk galdy.
― Ine, Gylyç aga, şu äpet kitaby görübem behişte propuska soraýamysyňyz. ― Gylyç aga birneme nadalaryk etjek boldy:
― Ol nähili beýle bolubilýärkä?! Men munça günä eden däl bolaýmaýyn ― diýip, ýaşuly gaharlanjak boldy. Özem tas çilim ýa nas diläpdi. Elini uprawlýaýuşä tarap uzadypdam. Mykaýyl gara kitabyň gatyny açdy-da:
― Gylyç aga, siziň ogluňyz başlykmydy?! ― diýip sorady.
― Hawa, men şu gün gaýdamda-da başlykdy. Saýlawdanam oňat geçdi. Garşysyna ýekeje-de tankyt bilen çykyş eden bolmady. Öňler Ýelmik diýip bir şopur tribuna ýelmeşen ýaly bolup, baý, ýaňrard-ow. On-a ýygnagyň öň ýanynda oglum Garaguma, çopanlaryň arasyna ugratdy. Meň oglum tüýs kakasynyň ogludyr. Meniň guburymyň üstüne gümmezem saldyrdy. Wah, ýöne men onda ýatyp bilmedim-dä.
― Ýaşuly, siz kolhozyň maşynyndan haýyrlandyňyzmy?
― Elbetde, weý, dagy näme?! Oglum başlyk bolup geçen gününiň ertesi «Kaka, her gezek menden maşyn dileme. Ine, şu «GAZ-51» hemişelik seňki» diýdi. «Oduna git, suwa git, ota git, bazara git, toýa git, ol zatlar öz işiň. Şofýoryňam Akga bolmaly. Eger ony halamasaň raportjyk beräý, günübirin çalşaýyn. Özüm sürjek diýseň prawa alyp bereýin» diýdi. Meniň oglum «Ýagşy oguldan rehnet arygy akar» diýlen ogullardan bolmaly, hawa, hawa, şeýle bolmaly.
― Ýaşuly, sözüň agzyňda, siziň gara kitabyňyzyň 3687-nji sahypasynda şeýle ýazgy bar: «Başlyk öz kakasyna maşyn berdi. Galp putýowka ýazyldy. Benzini edaranyň hasabyndan çykdajy edildi. Şofýor aýlygy bikanun aldy» Çislosy, ähli çykdajynyň mukdary hem ýazylypdyr. Ýaşuly, maşyny siz öz hususy haýryňyza ulanypsyňyz. Emma siz çykdajysy, düýpli remonty, zapas şaýlary üçin pul tölemänsiňiz, dogrumy?
― Wah, dogry-la. Men başga bir zada gynanýan. Oglum öz ejesine-de bir «GAZ-69» maşyny mydamalyk beräýipdi. Olam men bäri gaýdamda agyrja ýatyrdy. Onuň bilen behiştde bileje gezäýjekdik-dä. Boljak däl-ow.
― Ýaşuly, barybir ikiňizi duşuryp bilmeris. Çünki ol öz başdaşy bilen, sizem öz başdaşyňyz bilen duşuşarsyňyz.
― O nähili başdaş?..
― Gara kitabyň 49671-nji sahypasynda şeýle ýazgy bar-la: «Gylyçmyrat 1942-nji ýylda başlyk bolup işlän döwründe özüniň 3 çagaly aýalyny kowdy. Başga bir ärli aýaly azdyryp, oňa öýlendi. Nähak ýere töhmet atyp, onuň adamsyny işden çykardy» ― diýilýär.
Şu sözler okalanda, Gylyç aga uludan bir nagra çekdi. Ol öz gykylygyna özi oýandy. Görse Gylyç aga çölde ýatyrdy. Şofýor Akga bolsa taýyn bolan işlekliniň çägesini aýyrýardy. Bäş-alty sany adam bular üçin ojar ýygýardy.
― Gylyç aga, oňatja ýüklesek, 180 manady jübüňde ýaly göräý ― diýip, Akga maşynyň nasosy bilen işleklä ýapyşan çägeleri aýryp duran ýerinde aýtdy.
Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 204 | Добавил: Haweran | Теги: Gurbangylyç Hydyrow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Satiriki hekaýalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 3
0
1 Gurgencli  
324
Aňyrda-da hezillik ýok-da

0
2 Gurgencli  
324
Adam nirede öz göwnündäki ýaly rahat durmuşda ýaşap bilerka? Bärde dert, gaýgy-gam, gussa. Aňyrda sorag-jogap, sorag jogapdan geçip biljegiň gümana. Aý umuman hiç ýerde rahatlyk boljak däl öýdýän. Iň hezil döwür çagalyk, olam näme bizden geçdi, gitdi.

0
3 Ependi  
284
Gylyç aga oraşan düýş görüpdir-da onda)) Ýagny, oňa, öňünden 'duýduryş' berilipdir) Şol ýaşa ýeten adamlaryň entegem düzelmändigini ýazyjy satiraň üsti bilen aýtmak isleýär.

Dile geldi, bile geldi - diýleni. Bir anekdoda ökde tanşym bardy, ýogaldy arada. Ýokarky satira meňzeş birini gürrüň beripdi. Nireden eşidenni ýa okanny, özi döretdimi, onam bilemok. Ýokarda, Gylyç agaň çilim-nas isleýşine barýar. Başardygymdan aşakda gürrüň bereýin:

Dirikä, meň-den, tirýekden gaýtmaýanyň biri ýogalyp, o dünýä düşüpdir. Düşeňsoň, ýörite jennete ýa dowzaha naprawleniýe berilýän gapysy bar eken. Bulam oçura durýar, öňki zatlara oçura durluşy ýaly. Gezegi gelende, kabinetde oturanlar onuň at-familiýasyny alyp kompýutere poisk edýärler. Görgüli, agzy a-ja degen bolsada, adamlara eden ýagşylygy 70%, ýamanlygy bolsa 30% bolup durmuş. Muňa jennete naprawleniýe berýärler. Jennete girse, dogrudanam hemme zat barmyş. Bu tarapa seretse, aňyrsyna gözýetmez göknar meýdany. Beýleki tarapa seretse, jeňňel bolup ýatan, meň ekilen kenep meýdany. Jennet diýilýänem, herkimiň islegine görä bolýan bolmalyda. Ýaňky begenip, "ilki meňden bir doýaýyn" diýip, ors oragy alyp haýdap orup başlaýar. Seretse, özi ýaly iki meňkeş muny synlap otyrmyş. Orýanyň gahary gelip:
- Size näme geregeý, bar ýok boluň şutaýdan.
- Küdeläp, guratjak bolýaň gerek?
- Hawa, guratjak. Size näme.
- Biderek işleýäň, hanha, guradylanlaram taýyn.
Seretse, dogrudanam, aňyrsy gözýetmez guradylan kenepmiş. Begenip, dolap ugrajak bolsa, ýaňkylar ýene muny synlap duran.
- Hawa, indi näme gerek size?
- Biderek azap edýäň agam. Dolangysy gerek bolsa hol taýygam göz aýla.
Ýaňky ylgap baryp taýynjak paçkalaň birini açýar. Bir ştugy sogrup alýarda, kükürt gözläp jübüsini sermäp ugraýar. Tapmaýar. Başagaý bolup gözläp ýörkä, ýene ýäňky ikisine gözi düşýär. Ikisem ýüzlerini sallaşyp otyrmyş.
- Akgalar, beren maslahatyňyza spasiba. Birje haýyşym bardy, kükürdem tapalyňda onda?
- Wah, şo ýokda inim.
- Onda, zažigalkada ýokmy?
- Olam ýok.
- A-how, agalar, şuny otlara birzat ýokmy? Nireden o;t tapmaly?
- Ol diýän zadyňy tapyp bolýan bolsa, muňa behişt diýilermi? O;t diňe dowzahda ýanýar, gynansagam...

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]