02:21 Begenip aglaryn doglan günümde | |
BEGENIP AGLARYN DOGLAN GÜNÜMDE ![]() Ahmal köp adamda şeýle bolmagy; Ahmyr kän, ökünç kän gursagy dörsem. Eje, günä etdigim bor öňüňde, Dünýä inenime gynanyp ýörsem. Ýöne käte şonuň ýalam bolaýýa, Diýýärsiň: "Nämüçin indimkäm dünýä?!". Şeýdibem bikemal, parhsyz perzentler, Eziz eneleriň göwnüne degýä. Eje, seniň balaň bikemal däldir, Beýle sözler üçin toba ederin. Söýýänligim üçin täzeçilligi, Köne pikirlerim täze ederin. Menem iki gezek ýaşap bilmerin, "Ýene bir saparda!.." diýäýer ýaly. Seniň bilen bagly ýitgilerimi, Ýeňil däldir, aglap ýeňäýer ýaly. Ählisin bezäris yşkymyz bilen, Heý, erbedi bormy aý-u günüň-de?! Ýaşap ýörenime şükürler edip, Begenip aglaryn doglan günümde. | |
|
√ Musa Jelile / Goşgular - 15.02.2023 |
√ Бунтовщик / Goşgular - 25.01.2023 |
√ Бог / Goşgular - 31.01.2023 |
√ «Чудный мир волшебной сказки!..» / Goşgular - 09.01.2023 |
√ Aşyk bolmuşam / Goşgular - 14.02.2023 |
√ Ürgenç rowaýaty / Goşgular - 06.01.2023 |
√ Преосуществление / Goşgular - 18.01.2023 |
√ «Ты придёшь и обнимешь…» / Goşgular - 24.01.2023 |
√ Семинаристу, писавшему эпиграмму / Goşgular - 28.01.2023 |
√ «Сквозь разноцветные стёкла закат…» / Goşgular - 10.01.2023 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||