22:06

Bylkysyň gozgalaňy / hekaýa

BYLKYSYŇ GOZGALAŇY

"Gussaň gozgalaň bolmalydyr"
Ahmet Telli


Bylkysy özünden ýigrimi iki ýaş uly daýysynyň ogluna berdiler. Ýüzügi dakyldy. Fatyhasy okaldy. Emma ol islemeýärdi. Ýeke gijede garrajak derejede göwünsizdi. Maşgalabaşylary onuň meýilsizdigine zerreçe hem ähmiýet bermeýärdiler, wagtyň geçmegi bilen başga zenanlar ýaly ýazgydyna kaýyl bolar öýdýärdiler. Çäresizlikden boýun egmeýän barmy. Emma Bylkys hiç kime meňzemeýärdi. Ol säher çagy äht edipdi. Hiç kimiň etmäge bogny ysmadyk zadyny etmekçidi. Ýüzügi çykaryp zyňyp, bu ýazgydy çepbesine çöwürmekçidi.
Bylkys ak tenli, göz alyjydy. Mydama ak ýaglyk atynardy. Tegelek, bigam ýüzüni, ýüpek deýin ýumşak, hynaly saçlaryny örtýän ýaglyk, oňa üstün, güýçli, ýetilmegi kyn, taýsyz bir görnüş berýärdi. Şol mahal kümüş mysaly ýalpyldardy . Bir gezek gören adam, ikinji gezek öwrülip garamaga bogny ysmazdy. Gap-gara gözleri adamyň kalbyna rehimsiz gama kimin sanjylardy. Ýöreýşi, garaýşy, duruşy, saçlary özgeçedi. Ýöredimi, tolkun atýan ak ýaglygynyň astyndan biline çenli ýetýän örülen, hynaly saçlary ýuwaşja yranyp, bedenine urulyp, günüň şöhlesine ýakut deýin parlaýardy. Joşgunly. Güýçli. Peri-peýker mysaly owadan, inçe, dözümli beden gurluşy bardy. Atlary juda eý görýärdi. Bylkysiň gy:r aty bardy. Belli wagtlarda, esasan gyş we bahar aýlarynda atyny gyra çykaryp gaýratly esger deýin atyny çapdyrýardy. Gorky-ürkiň nämedigini bilmeýärdi. Bir-ä atlara, birem çilimiň tüssesiniň ysyna aşykdy. Juda gowy temmäki dolaýardy, dolan badynada çekýärdi. Jynsdaşlaryndan örän tapawutlydy. Köne erteki we hekaýalary halaýardy. Biri gürrüň berse ýetik, daň atýança diňlärdi. Taýpaň kethudalary bir ýere jemlenip çilim çekip, çaý içip söhbet etseler Bylkysam şol ýerde gögerýärdi. Gijäň ýaryna çenli ak sakaly döşüne ýetip duran ýaşuly adamlaryň gürrüňlerini diňleýärdi. Ilki-ilkiler erkekleriň ýygnanyşygyna goşulmagyny geň görselerem soňra herkim öwrenişip ony boluşy ýaly kabul etdiler. Häzir ýigrimi ýaşlaryndady. Isleg-arzuwlary kändi. Garry kakasy bilen agalary, bir gün biri bilen gaçar öýdüp örän gorkýardylar. Bylkysa gelýän sawçylardan ýaňa bizar-peteňleri çykypdy. Ýat birine gitmegini islänokdylar.
Dagyň etegindäki oba bahar gelipdi. Toprak gardan saplanyp, ýaşyl otlar çykypdy. Elbetde sary, gyrmyzy, gyzyl, ak, mämişi, gülgüne… her dürli güller joşgun bilen topragy ýaryp çykýardy. Ýer ýüzüne amanlyk ýaýýardy.
Güniň şöhlesine dagyň etekleri, garşysyndaky depeler, obalaryň düzlükleri halynyň nagşyna öwrülýärdi, hoşboý ys kükäp, ýalpyldap, janyňy alýardy. Süriler otlap mäleşýärdi, her dürli guş sürileri bir aşakdan, bir-de ýokardan uçup geçýärdi.
Hasratyň hiç gelişmeýän bu jennet mekanynyň bir agşamynda ýene-de gam-gussa gazanlary gaýnaýardy. Bylkysyň öýüne ýygnan taýpaň kethudalary, aksakallary ilki nahar iýdiler, soňra mis çäýneklerde çaý içip, çilim çekip gürrüňe gyzdylar. Öňki döwürleriň erteki, hekaýalaryny, mert ýigitleriň dessanlaryny, başdan geçirenlerini, yslam dininiň durmuşymyza goşan gymmatlyklaryny, pygamberleriň agyr durmuşyny asuda, gulaga hoş ýakymly bir dilde gürrüň berýärdiler. Emma bu gün gürrüňçilikde Bylkys ýokdy. Törki otaglaryň birinde oturyp gam-hasrat laýyna batypdy.
Otagyň öň tarapynda ýaşulylar, töründe ýaşlar otyrdy. Ortada bolsa bir töňňe ýanyp durdy. Potolokdan düşýän öçügsi yşyk bar-ýok güýji bilen otagy ýagtyltjak bolýardy. Her dürli hekaýalar, dessanlar, otagda oturan adamlarda dürli-dürli täsir galdyrýardy. Rawylar her sözüni saýlap-seçip aýdýardylar, şoňa görä-de gürrüňçilik has gyzgalaňly bolýardy. Çilimiň dumanyna bürelen adamlaryň kölegeleri ak suwag bilen suwalan diwara yraň atyp duran kölege halynda düşüp, soňra bolsa ýitirim bolýardy. Myhmanlar, daýy tarapy we obadaşlarydy. Bu otagda oturanlaryň arasynda kyrk iki ýaşynda, gysga boýly, saç-sakaly biri-birine goşulan, görmeksiz, betnyşan, hor bir adam otyrdy– Ysmaýyl. Inçe, ýanyk ýüzi ýygyrt-ýygyrtdy. Aýaly ir wagtlar aradan çykyp, üç çagasy bilen dul galypdy. Häzir tolgunmadan ýaňa gozganjyrap otyrdy. Bu gije Bylkysy yşkdan, köňül hoşnutlygyndan zat aňlamaýan bu adama bermekçidiler.
Otagda has uly adamlar, esasanam şyh Ybraýym bar bolandygy üçin şatlygyny saklamaga synanyşýardy. Çaýlar gaýta-gaýta demlenýär, aýallar bir otagda, erkekler başga bir otagda gyzgyn söhbede gark bolup otyrdylar. Adyýaman temmäkisi bilen doldurylan papirosy biri-birine hödürleýärdiler. Yzy üzülmän çekilýän çilimiň tüssesi otagyň potologyna halka görnüşinde galyp, soňra dargaýardy. Ahyry Bylkysyň garry daýysy söze başlady:
– Ýusup aga, garyndaşlygymyz bar. Ikimzem bir agajyň köki. Gyzymyz Bylkysa sawçylyga geldik. Ojagyň gapylaryny bize açdyň. Öýüňde şatlyk-şagalaň egsilmesin. Rugsat berseň. Allaň emri, pygamberiň sünneti bilen gyzymyz Bylkysy, oglumyz Ysmaýyla bermegiňi isleýäris.
Sözüni jemlänsoň usullyk bilen çilimini dolady. Bylkysyň kakasy Ýusup Beg söze başlady:
– Öýümiň töründe ornuňyz bardyr. Çörek-suwym siziňkidir. Başymyň gözümiň üstüne gelipsiňiz. Şyh Ybraýymyň gözümiň üstünde orny bardyr. Gyzym size gurban bolsun. Bylkysy, size bermän kime bereýin.
Otagdakylar Badykan taýpasyndandy. Atly, abraýly, myhman söýer, uly adamlardy. Ýaşulylary daýaw, ýaşlary işeňňir, sylag-hormatly bolýardy. Asyrlar boýy agzybirlikde ýaşaýardylar. Gyzy berýänem, alýanam Badykanlydy. Otagda oturanlaryň iň ýaşulysy Şyh Ybraýymdy. Ýüzi, sakaly ap-akdy. Başynda uly, ak sellesi bardy. Otagyň öň tarapynda, iň hormatly myhmanlar üçin ulanylýan iň arassa ýüň düşekde otyrdy. Daş-töweregine birnäçe ýassyk goýulypdy. Göýäki ol gürledimi älem-jahan durýan ýalydy. Ýusup Beg, Şyh Ybraýyma seredip, sylag-hormatda kiçijik hem ýalňyşlyk göýbermän:
– Şyhym makul bilseňiz, bir Fatyha okalyň– diýdi.
Uly muştaklyk bilen Şyh Ybraýyma, ak sakalyna, her pursatda uçup gidäýjek, pytyrap ýom-ýok bolaýjak keramat ýaly garaýardy.
Bylkysy otaga çagyrdylar. Ysmaýyl bilen egin-egine oturdylar. Durmuşda heniz bular ýaly biri-birine gabat gelmeýän jübüt görülmändi. Bylkysyň ýüregi gysýardy. Damagy ot alýardy. Ýüzüklerini Şyh Ybraýym dakdy. Ikisiniň başyny elleriniň arasyna alyp öpdi.
Kalbyny hasrat bilen, tukatlyk bilen ezen ol gubarly gijäniň üstünden doly iki aý geçipdi. Bylkys indi gy:r atyna känbir münmeýär, gyrlarda gezmeýär, baharyň salkyn, ýyly howasyndan gana-gana dem almaýardy. Ýaraly jeren kimin bag-bakjalaryň töwereginde gezýär, agaçlaryň astyna geçip, göz ýaş dökýärdy. Iýmeýär-içmeýär, hiç kim bilen gürleşmeýärdi. Yzly-yzyna kineli çilim otlaýardy. Sähere çenli asmana, ýyldyzlaryň, aýyň görküne bakyp uf çekýärdi. Saçlaryny indi örmeýär, hyna çalmaýardy. Bahar, tomusyň gelmegi bilen nähili solup gidýän bolsa, Bylkys hem bagtsyz bir maşgala gurmaga ädim-ädim ýakynlaşýan mahaly şonuň ýaly solup barýardy. Endam-jany agyrýardy. Edil gursagyny bölüp içine duz sepilen ýaly, çydap bolmajak agyrylaryň içinde çyrpynýardy.
Gün kynlyk bilen dogýardy. Asmana ilkinji yşyklaryň şuglasy ýaýylýardy. Bylkys gijeden galan kelle agyrysy bilen penjiräň gyrasynda durdy. Gözleri çym gyzyldy. Penjireden gojaman tut agajyna garaýardy. Özüni iň azyndan şonuň ýaly garry duýýardy. Barça närseden doly ýüz öwren mahaly, birden öz-özüne: "Meň ömrümi harap etmeklerine näme üçin ýol berýärin" diýdi. "Mejburlapmy? Islemeýärin, islemeýärin. Aýylganç adamlar! Göreňizokmy halymy? Islämok ahyryn." Şeýlelik bilen gün dogup gelýärkä ýüregine hem şugla inipdi. "Ant içýärin, öňümden çykan ilkinji adam bilen gaçaryn. Kejirlik dälmi? Bagtly bolsamam, bagtsyz bolsam hem…" Bylkys şol gün bir karara geldi. Indi ony hiç haýsy güýç saklap biljek däldi.
Baharyň soňky günlerinde howa gowuja gyzdy. Agşam çagy öýleriniň aşagyndaky düzlükde, deräni yzarlaýan ýoldan birnäçe esger Silwan ýoluna tarap barýardy. Olary Ýusup Beg gördi. Bärik ýoly düşenleri myhman almazdan göýbermeýärdi. Sagbolsun aýdyp ýola dowam etmekçi bolsalar hem göýbermedi. Bu jelegaýlaryň tanalýan, sözi geçýän, Badykan taýpasynyň hormatly serdarlaryndandy. Ojagy bereketli, myhmany kändi.
Bylkys kiçi tagta penjireden olary synlaýardy. Atlaryndan düşdiler. Bylkysyň agasy Hasan atlary idip tut agajynyň aşagyna äkitdi. Öňlerine iýim-suw goýdy. Gara atyň maňlaýynda ap-ak çyzyk bardy. Goňur reňki, nagyşly, göz gamaşdyryjy merdiwany… Ata haýran galyp ne ýigide ne-de beýleki myhmanlara seredipdi. Juda halapdy ony. "Ak kepderi bolup meni bu ýerlerden uçursadyň, äkitsediň şadyýanlygyň diýaryna" diýdi. Özüne düşünilmeýän öýde durmagy, ýaşamagy islänokdy.
Nahar iýildi. Çaý içildi. Bar getir, tur getiri Bylkys bilen agasy Hasan edýärdi. Şol sebäpli Bylkys gara atyň eýesini, uzyn boýly, arassa eşikli, owadan ýüzli Ahmedi gördi. Ahmedem şu wagtlar gam-gussaly, tukat emma owadanlygyndan hiç zat ýitirmedik Bylkysy gördi. Ýöne myhmany bolan ojagynyň aýalyna, gyzyna seretmek gelşiksizdi. Ýigit özüni saklamaga näçe synanyşsa hem bir eýýam Bylkysyň gara gözleri ýüregini parçalapdy. Wagt geçýärdi. Ahmet ýaşulylaryň ýanynda çilim çekmezlik üçin rugsat sorap daşary çykdy. Atlar tut agajynyň ýanynda guýruklaryny bulap durdy. Gün batmagyň öňisyrasyndady. Çilimini otlap atynyň ýanyna bardy. Ýüzüni sypady, gözlerine bakdy. Öpdi, ogşady. Birden Bylkys geldi. Kimdigini, nireden gelip, nirä barýandygyny soraman "Meni alyp gaç" diýdi. Ahmet aňk-taňk boldy. "Meni alyp gaç. Halas et meni, gurbanyň bolaýyn. Saňa, ýar, saňa dost, saňa ýoldaş bolaryn. Gije gündiz, hoşboý ysly ak güliň bolaryn. Ugruňda ölerin". Aglaýardy. Dertlidi. Utanjaňdy. Ahmet başyny egdi. "Men kakaň myhmany. Soňra ýüzüne nädip seredeýin. Öldür meni. Emma menden munyň ýaly zat isleme" . Bylkys dyz çökdi. "Janyma kast ederin. Allanyň adyndan ant içýän, özümi öldürerin". Bu çäresiz bakyşlar Ahmediň ýüregini daglaýardy. Bylkysa "Aýaga gal" diýdi. Sag-soluna seretdi. Hiç kim ýokdy. Bar bolsa hem görünmedi. Bylkysyň elinden tutup özüne çekdi. Alma deýin bark urýardy. Bylkys, nagyşly, gyzyl bir el ýaglyk uzatdy. Ahmet, el ýaglygyň ujundan tutup burnuna ýetirdi. El ýaglygyň adamy yşka bogýan, telbä öwürýän hoşboý ysy bardy. Ahmet, Bylkysa ýüregini beripdi. "Iki günden soň, gije sagat üçde, deräniň aşagyndaky badam agajynyň ýanynda garaşaryn" diýdi.
Öýe girdi. Ana şol pursatda kalbyna çäksiz şadyýanlyk, guwanç doldy. Ganaty bolsa uçaýjak bolýardy. Adyny hem bilmeýän ýaş bir ýigit bilen gaçmakçydy. Çaltlyk bilen otagyna geçdi. Ejesi onuň hereketlerinde üýtgeşiklik duýdy. Gözlerinden ot saçýan ýaly "Adagly gyzsyň, aýagyňy gyşyk basanyňy görsem damagyňy çalaryn" diýen bir garaýyş bilen bakdy. Bylkys hiç zat diýmedi. Soňra ejesi içinden "ýaş gyzda" diýdi. Tolgunýandyr öýtdi, näme-de bolsa adaglydy. Başga näme hem bolsun.
Myhmanlar rugsat sorap turdylar. Hasan atlary getirdi. Öz ýolaryna rowana boldylar. Ýusup Beg, gyzy Bylkys, ogly Hasan, myhmanlary ugratdy. Bylkys, guwanç bilen gara atdan, üstünde dym-dyk, polat deýin oturan Ahmetden gözüni aýranokdy. Ahmede ýene-de öwrülip seretdi. Her bakanynda ýüreginde täze bir wulkan ody atylýardy, ýürek-bagryny, demini tütedýärdi.
Iki günden soňra gije Bylkys ýerinden galdy, owadan lybaslar geýdi. Hemmeler süýjije ukudady. Bukjasyny düýn taýýarlapdy. Otagyň gyjyrdawuk gapysyny doly ýapmady. Koridora çykdy. Kakasynyň diwardan asylyp duran tüpeňine seretdi. Bu işi ganly bolmagy mümkindi. Tüpeňi boýnuna dakdy. Çykdy. Gussasy gozgalaňa dönüpdi. Deräniň gyrasyndan aşakdaky badam agajyna tarap barýardy. Gorkydan ýaňa akly çaşyp, ýüregi ýarylaýjak-ýarylaýjak bolýardy. Içini it gemirýärdi. Edýän işi dogrumyka? Galsa hä has erbet. Ýa ölüm ýa-da erkinlikdi. Ýöreýärdi. Suwyň şybyrdysy oňa ýoldaşlyk edýärdi. Aşakda, badam agajynyň ýanynda iki gezek el çyra ýanyp söndi. Bylkys ýöreýişini çaltlaşdyrdy. Tüm-garaňky gijä aý şuglasyny saçýardy. Ine Ahmet bilen biri-birine bakyp durlar. Bylkys, utanyp-çekinip durdy. Ahmet, tüpeňi görüp geň galdy, gorkdy. Soňra ýylgyrdy. Gara at hem şol ýerdedi. Bylkys ata ýakynlaşdy. Maňlaýyndaky ak çyzygyndan ogşady. Topuraga suw geleninde, toprak nähili janlanýan bolsa, Ahmet bilen aty göreninde Bylkysa hem şonuň ýaly jan girdi. Ahmetem geýnipdir, guşanypdyr. Egninden asan ok-ýaraglary bilen dessanlaryň gahrymanlaryna çalym edýärdi. Elbetde Badykan taýpasyndan gyz alyp gaçmak aňsatjak boljak iş däldi. Üstesine gyz adagly hem bolsa. Ahmet ata mündi. Elini Bylkysa uzatdy. Bylkys bir bökeninde atyň syrtyna mündi. Ahmet atyň ýüpüni mäkäm tutyp, bir gamçy urdy. At ýyldyrym kimin tümlügi böwüsdi, gitdi. Bylkys, Ahmedi mäkäm gujaklap näbellilige tarap barýardy. Asmandaky ýyldyzlar gara atyň ýeňsesinde, sagyrnysynda parlaýardy.
Säher gün doganynda sarymtyl, gyzyl tüýsde wagty Bylkysyň öýünde zenzele turdy. Oba ilaty, taýpa serdarlary, adaglysy gaçan Ysmaýyl şol ýerdedi. Eşiden geldi. Bylkysyň öýi edil ýas ýerine çalym edýärdi. Aslynda Bylkysyň kim bilen gaçandygyny bilýärdiler. Ejesi iki gün ozal öýüne myhmançylyga gelen ýaş ýigit bilen gürleşip duranyny görüpdi. Emma bu iş bular ýaly derejede ula gider öýtmändi. Has dogrusy kakasy, agalary eşitse Bylkysy suwa-salma ýenjerler öýdüp gorkup, olary görendigini hiç kime aýtmandy. Indi jezasyny çekýärdi. Ýusup Beg gahar-gazapdan ýaňa arlaýardy, sandyr-sandyr sandyraýardy, dag-daşy gysymyna alyp ýenjäýsem diýýärdi. Bylkysa, ejesine hemem ýaş ýigide söwýärdi. "Öýüme myhman alan köpeý ogly namysymy, abraýymy aýak satyna aldy" diýýärdi. Ikisini hem öli däl, janly getirilmegini buýrdy. Bu niýet bilen Bylkysyň agalary, birnäçe ýaragly adam bilen ýola düşdiler. Agtarmadyk dagy-daşlary, jülgedir-obalary, gowakdyr, dere-depeleri galmady. Gözlegleri iki gije-gündiz dowam etdi. Hiç ýerde ýokdylar. Göýaki Ahmet bilen Bylkys ýer ýarylyp içine giren ýalydylar.
Ikindin mahaly ýaragly adamlar obadan juda uzakdaky tokaýdan geçip yza öwrülýän ýola çykdylar. Ýadawlykdan, açlykdan sütünleri süýnüpdi. On adamlyk toparyň iň yzynda Bylkysyň agasy Hasan bardy. Kiçi hajatyny bitirmek üçin atyny aşakdaky gaýalyklara, derä tarap öwürdi. Atyny bir agaja daňdy. Hajatyny bitirdi. Dyzyny epip, gaşawuçlap bilen suw içdi. Derä garşydaky dag saýa salýardy. Salkynjak tokaý agaçlarynyň şybyrdysy, guşlaryň saýraýşyna goşulýardy. Şaglawukdan inýän ak köpükler gaýalara urulýardy. Birden, ýakynjak bir ýerden atyň kişňeýşi eşidildi. Böküp galdy. Ýaragyna ýapyşdy. Çalt-çalt ýöräp deräniň aňyr çetindäki gaýalara tarap ýöredi. Gaýalar dim-dikdi. Çet bir künjekdäki gowaga gözi düşdi. Ýakynlaşdy. Gowagyň agzynda gara at durdy. Maňlaýyndaky ak çyzygyndan tanady. Dişlerini gysyp "Wah, utançsyz, bihaýa" diýdi. Gowagyň içine girdi. Gowagyň töründe iki sany gara göründi. Ýakynlaşdy. Şol ýerdediler. Uklaýardylar. Mäşäni gysyp, Ikisini bir oka tabşyraýjak mahaly, göz öňüne Ysmaýylyň bigörk, adamy adamdan sowadýan sypaty geldi. Günälerini hem şondan gowy görýärdi. Bylkysyň gam-gussaň içinde ýanyp-bişen günlerini oýlady. Ar-namys näme bolar? Kakasyna, taýpa serdarlaryna, olary gördüm ýöne atmaga dözmedim diýsinmi? Ony diriligine ýakarlar. Gaýtadan nyşana aldy. Ýüzi bürüşdi. Gözlerinden ýaş akdy. Dodagyny dişledi. Kalbyna diýenini etdirip bilmän dälilik hetdine ýetäýjek boldy. Nyşana aldy, aýyrdy. Nyşana aldy, aýyrdy.… Dyz çökdi. Barmagy mäşä golaýlasa saň-gaty bolýardy. Näderini bilenokdy. Birki ädim yza süýşüp gowagyň diwaryna söýendi. Az-salym başyny dyzyna goýup oturdy. Aglamakdan ýaňa burny dykylyp, ýüzi-gözi ýaşdan dolupdy. Az-kem köşeşjek boldy. Şol mahal ýüregine ýumşaklyk, ýylylyk aralaşdy. Bir ýaragyna seretdi, bir Ahmet bilen Bylkysa garady. Içinden "Taýpasy ýumrulsyn" diýdi. Jigisiniň deňi-taýsyz gözelligine bakdy. Ýene-de mähir bilen birnäçe damja göz ýaş dökdi. Şol wagt bir ses eşitdi. Gowaga golaý bir ýerde, kimdir biri onuň adyny tutup gygyrýardy. Boguk sesdi. Kynlyk bilen eşidilýärdi. Gowakdan ylgap çykdy. Agasynyň "Hasan niredediň?" diýen soragyna, "Şu çöp-çalamlaryň aňyrsynda hajadymy bitirýärdim" diýip jogap berdi.
Dereden çykanlarynda Hasanyň rehimdar kalbynda bir gussa gopýardy. Iki dogan atlaryna münüp gitdiler. Bylkys, Ahmet bilen bile daglarda galdy.
——————
*Surat Konstantin Makowskiniň "Herring Dish" atly eseri, 1867 ý.

Abdullah ÝAWUZ
Terjime eden: Saparmyrat GÜRGENÇLI
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 274 | Добавил: Gurgencli | Теги: Abdullah Ýawuz | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024
Jan / hekaýa - 08.03.2024
Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024
Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024
Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024
Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024
Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024
Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024
Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024
Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024

Teswirleriň ählisi: 6
0
1 Babyşgalaly  
1446
Гызыклы хекая экен. Йоне, шу язылан ерлере бирхили болдум. Бир-э атлара, бирем чилимин туссесинин ысына ашыкды. "Жуда говы теммэки долаярды, долан бадына-да чекйэрди''.
Ат барада язылана "а'' дийсен болар велин, чилимли гуррун интересно экен. Тержиме эден ерлеринде ялнышан далсиниз-э Гургенчли?

0
2 Gurgencli  
324
Çok iyi sigara sarar, sardı mı da içerdi. Hemcinslerinden çok farklıydı.

0
3 Gurgencli  
324
Belkys adynyň manysy:
"Türk dil birleşigine" görä Belkys adynyň manysy:
Süleýman pygamberiň döwründäki Saba melikesiniň ady. Belkys, adalatly, dogruçyl, dogry ýoldan dänmeýän diýen manylary aňladýar.

0
4 Gurgencli  
324
Türk dilinde ýazylyşy: —BELKIS

0
5 Haweran  
411
Bize türk dilinde ýazylyşy däl-de, türkmen dilinde aýdylyşy ýaly (Bylkys) ýazylsa has gowy bolardy.
"Bag içinde Bylkysyñ saçyn açyp gördügim"
(Magtymguly/"Bilmezmiñ").

0
6 Gurgencli  
324
Biziň dilimizde Belkysyň başgaça aýdylýandygyny bilemokdym. Köp sagbol @Has, aga. Nesip bolsa düzederin.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]