01:31

Ber yzyna..

BER YZYNA

Töle.
Gaýdyp ber hemmesin.
Sensiz günüm, sensizligim,
Takatym, pikirsiz beýnim...
Indiden soň kynam bolsa,
Maňa gaýdyp ber yzyna
Ýogsa
Çydamok bu aladalaň
Girdabynda sana döndüm.
Artyk sözem gürlemedik
Düşündirşsiz, sessiz-üýnsiz
Bu söýgiden
Senem dändiň, menem dändim.

Ne men saňa bardyr öýdýän,
A sen menden ýetmiş esse.
Ýollaryňda badak bolup,
Günäleriň ahy tutsa
Gargyş etseň iki uçlumyş,
O başda sen, bu başda men
Dogry, öweziň dolmady
Ne ýakynym, ne başgalar.

Töle,
Gaýdyp ber hemmesin
Içiňden çykar sesimi,
Ýüregiňe giren sözlem
Ber
Maňa söz kemlik edýär.
Sen-ä şatsyň, a men munda...
Alalap goýma-da ykbal,
Bize haçan deňlik edýäň.

Töle öňki sadalygym,
Men öňki özüm küýseýän.
Il ýatyp, it uklandan soň
Gijeleriň tümün böwsüp,
Eziz saýan şu ýollaňdan
Seň bilen, özüm ideýän.

* * *

Tas ýiten ekeni sensiz ylhamym,
Tas giden ekeniň, sakladym zordan.
Bilýäňmi, men seni näçe öwsemem,
Kemter bolup bary gaýdyp dur bärden.

Düşündim, sözlerden artyk ekeniň,
Lala döndüm. Sensiz hiç kim ekenim.
Owunjak zatlary çişirip ýören,
Diýsene
Sen-ä baryp ýatan işsiz ekeniň.

■ EJE

Ýene gasyn tutdy kinämiň sany,
Öz-özünden kemlik tapdy müýnümem.
Gije
uklamaýşyň ýaly aladaň bilen,
Uklamaýar goşgy ýazýan gyzyňam.

Käte habar tutýan jaň üsti bilen,
Şonda bu dar dünýäm tapýar teselli.
Wiý, ýogsa-da, okadyňmy ýakynda
gazetde çap bolan täze “esermi”

Senden uzak agyr düşüpdi başda,
Aldamaýyn, ejizledim käteler.
Sabryň mäkäm bolsa, kynçylyk, derdi
Ynanmandym ýeňilýämiş diýseňem.

Ýöne seniň pendiň ýoluma ýagty,
Ynam berdi ak günleriň dogjagna.
Menem çynym bilen şuçaka çenli,
Garaşyp ýörüşim şolaň geljegne.

Her säher, daň säher, hem şol bir wagt,
Gözümiň öňünde işe ugraýşyň...
Gulagyma çawuş çakýar janygyp,
Durmuşyň
Synagyna jogap tapyp bilmeýşiň.

Merdem dünýäň, ýeňilmezek dik başyň,
Jepakeşdir, asyllydyr, ezizdir.
Bu köňlümiň gün geçdikçe sen hakda
ýazylmadyk şygry kändir henizler.

Aýşat HOJAMUHAMMEDOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 439 | Добавил: Nurdan | Теги: Aýşat Hojamuhammedowа | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Жизнь / Goşgular - 29.02.2024
Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024
Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024
«Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024
Nokat / Goşgular - 28.01.2024
Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024
Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024
Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024
Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024
Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024

Teswirleriň ählisi: 5
0
1 Hyýalkeş  
752
Howwa ýaşy boýunça seretseñiz ýaşdyr.Ýöne Aýşat Hojamuhammedowanyñ goşgulary çakym çak bolsa 4-5 ýyl bäri(belki ondanam kän) nesil gazetinde çap edilip gelinýändir.Onuñ özem Nesil gazetiniñ işgäri.Gazete ugradylan goşgularyñ hemmesi şonuñ elinden geçip,çapa taýýarlanýar.Oýlanmalaram ýazýandyr.Aýşadyñ özboluşly zenan ýüregine mahsus poeziýasy bar.Ýöne menä bu goşgulary onuñ öñki goşgularyna garanyñda has kämil gördüm.

0
2 Hyýalkeş  
752
Bu ýyl däl de ondan öñki ýyl ýaşlar baýragyny alypdy.

0
3 Nurdan  
100
Dogry aydyañyz jigim, saytda öñem bar eken goşgulary,

0
4 Hyýalkeş  
752
"Tois" nämäý iýilýärmi geýilýärmi?:)Öýdeçimi düzdeçi?Janlymy jansyz :)
Birazajyk kellä agram salsañyz türkmençe garşylygam a tapdyrman durmazdy.

0
5 mango  
651
döredijilik gözlegleriňize hormat goýýan Aýşat hanym (gözlän tapar).
"BER YZYNA"-da "Töle. Gaýdyp ber hemmesin" diýýäň.
tölemek bilen gaýdyp almak aýry-aýry zatlar bolaýmasyn.
ikisini bir ýerde ulanjak bolsaň "töle ýa gaýdyp ber" diýmeli bolýar.
garaz hem töläp hemem gaýdyp berip bolmaýar. gaýdyp beren zadyny näme üçin tölesin. ýa-da tölejek bolsa näme üçin gaýdyp bersin.
emma "töle ýa-da gaýdyp ber" diýse başga....

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]