09:07

Berdi Kerbabaýewe bagyşlanan aýdym

BERDI KERBABAÝEWE BAGYŞLANAN AÝDYM

Hökmürowan Gündogar,
Çölüň, gör, ne gün berer -
Gurudar derýalary,
Tümlüge siňip giden
Hatar asyrlar ýaly.

Ýeller şuwlap, yz-ýodany ýitirdi,
Gat-gatdyr atalaň süňk-istihany.
Sen meni şu ýere çagyrdyň, Berdi,
Ynha, semn seň çölüň söwer myhmany.

Sen munda bar zada bürgüt deý belet,
Baýlygynam bilýäň, garyplygynam.
Sen şu ýerde ösdüň,
Şunda gazandyň
Ägirtligiňem.

Seniň sözüň bilen seniň çölüňde
Meňzeşlik tapýan.
Gorkyň elhenç jygyldysy bolanda,
Şol mähriban gözler oňa suw sepýär.

Seň bilen dem aldy mähriban ülkäň
Depe, düzi, dagy, bagy, ýaýlasy.
Dilgir bolmaz senden mähriban ülkäň,
Bolduň onuň görer gözi, aýnasy.

Geçdi bile, bir mahal göwnüňe deglip,
Ýekirilip, yza çekilenem bolsaň,
Eger sen dostluga ýürekden uýsaň,
Men oňa janymdan ynanýan, bilseň.

Men bilýän ýollaryň mahmal däldigni,
Gijelerem ot-ýalynsyz ötmeýär.
Nebit ýeriň damarynda at çapyp,
Ýigrim altylar deý ýöne ýatmaýar.

Şu günmüziň, ertämiziň kyssasyn,
Batyrlaň gan bilen ýazýany hakdyr.
Ajap işler, goý, ele gan öýdürsin
Emma seň wyždanyň pagta deý päkdir.

Şol ak pagta atyzyňy, peliňi,
Altyn bile, läle bile bezedi.
Seňki dogry:
Ähli zadyň sakasy
Dynçlykda däl, hereketde ebedi.

Biz toýda gatypdyk
Şöhraty-duzy.
Goý, toýda türkmenler guş bolup uçsun,
Laçynlaň pel-pelläp uçuşy ýaly.

Goý, seniň kalbyňda deprek ýaňlanyp,
Jülgeler geýinsin begresdir haly.
Goý, türkmenler al şeraby içmesin,
Içse-de, içsinler ruslar ýaly.

Tutaşsyn ot,
Damarlarda oýnasyn!
Kükreklermiz aýdym bilen gaýnasyn.
Seňki dogry, Berdi:
Her kim gan bilen,
Mertlik bilen, gaýrat bilen ýaýnasyn.

Maňa öz kalbyňy serpaý berdiň sen,
Edýän huzuryňda şu kasamy men:
"Bolmaz uç-gyraksyz köňülim bilen
Kalba derek öz kalbymy bermesem!"

Senem güýçli,
Menem güýçli,
Ýakyn bir-birine duýgularymyz.
Öz gaýdan ýerime alyp gdierin
Çölleriň salamyn,
Söýgüleriňi.

Äkidýän olary öz ýanym bile,
Şemal şuwlap, syrgyn syraýan ýere.
Äkidýän olary öz mekanyma,
Baky ömür sürer olar meň bile.

20.XII.65 ý.

Terjime eden Nury BAÝRAM.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 22.12.1965 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 107 | Добавил: Haweran | Теги: Mihail Dudin | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024
«Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024
Erjellik / Goşgular - 05.01.2024
"Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024
"At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024
Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024
Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024
Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024
Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024
Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]