08:30

Berk nahal -23: Kynçylyklara çäre tapmaklygyñ beýany

ÝIGRIMI ÜÇÜNJI PASYL: KYNÇYLYKLARA ÇÄRE TAPMAKLYGYŇ BEÝANY

■ Hekaýat:

Merwan ibn Muhammet Hamas welaýatynda söweşdekä Mugawyýa Segsegi atly bir adam onuň ýanynda ekeni. Günlerde bir gün Mugawyýa Sessegi:
— Eý, musulmanlaryň emiri! Maňa rugsat berseňiz, men hamas halkynyň ýolbaşçylarynyň ýanyna baryp, parahatçylyk şertnamasyny baglaşmak üçin çäre göreýin — diýdi. Merwan Mugawyýanyň sözüni makullapdyr. Ýöne, ol Mugawyýanyň sözüne gaty ynanman, öz ynamly adamlarynyň birnäçesini Mugawyýa Segseniň ýanyna goşup ugratdy. Öz ynamly adamlaryna bolsa „Mugawiýanyň edýän hereketlerini göz astyna alyp, çuňňur synlap, maňa habar berip duruň” diýip berk tabşyrdy.
Mugawiýa hamas halkynyň öňünde çykyş edip şeýle diýipdir:
—Eý, Hamas halky! Merwan halypa boýun bolman, pitne turuzmakdan peýda ýokdur. Geliň, baryňyz Merwana tabyndygyňyzy aýdyň. Bu gezek men siziň günäňiziň geçilmegini ondan haýyş edeýin — diýdi. Hamas halky Mugawyýa-da, Merwana-da sökdüler. Soňra ýene-de Mugawyýa Hamas halkyna ýüzlenip:
— Adamlar! Siz maňa-da, halypa Merwana-da sökdüňiz. Meniň araçy bolmagymy kabul etmediňiz. Merwana tabyn bolman başladyňyz. Indi, meniň sizden bir haýyşym bar. Galanyň içinde meniň Meýseretil Eswet atly bir gulum bar. Şony maňa bermegiňizi haýyş edýärin. Sebäbi, meniň ýaragym we leşgerim şondadyr?! —diýip, Merwanyň öz ýanyna goşan ynamly adamlary bilen paýtagta gaýdyp geldi. Merwana bolsa „Hamasyň adamlary sizden ýüz dönderdi” diýip aýtdy.
Mufawyýa çykyp gidenden soňra, Merwan onuň ýanyna goşan ynamly adamlaryndan:
—Mugawyýa ol ýerde Hamas halkyna näme diýdi? — diýip soranda, olar:
— Mugawyýa: „Meniň araçylygymy kabul etmediňiz. Merwandan ýüz döndürdiňiz. Galanyň içinde meniň Meýseretil Eswet atly bir gulum bar. Ýaragym, leşgerim hem şondadyr. Gulumy meniň yzymdan ugradyň!”diýdi — diýip, ählisi biragyzdan aýtdylar. Bu sözleri eşiden Merwan halypa:
— Bäh, baryň! Bu dönük haramzada Mugawyýany tutup getiriň! Ol melgun „Gijäň garaňkysyndan peýdalanyp, Merwanyň leşgerini gije basyp almaga geliň!” diýip olary çagyryp gaýdypdyr ahyryn! Mugawyýanyň el-aýagyny kesipdirler. Mugawyýa ölüpdir. Soňra Merwana öz adamlaryna „meýseretil-äswet” sözüň manysyny „meýsere” sözi gije diýmekligi, „äswet” söziniň bolsa „gara” diýen arap sözlerinden alnandygyny düşündiripdir. Has dogrusy, „meýseretil eswet” sözi bilelikde alanyňda „Garaňky gijede geliň” diýmeklikdir.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 351 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Abdylla Kudsy | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024
Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024
Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024
Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024
Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024
Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024
Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024
Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024
Köprüler / hekaýa - 15.01.2024
Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]