BESDIR, AIŞWARI, GYNAMA MENI!
Maña ne döw çaldy, derdim kim biler?
Bu ýeñil ýüregim söýüp ýör kimi?!
Daşyma çykarsam hemmeler güler,
Besdir!
Aişwari gynama meni!
Seniñ mesgeniñ-ä alys, Hindistan,
A meniñki bolsa bu, Türkmenistan,
Azýaly bolsak-da saña menzil kän,
Oýlan...
Aişwari gynama meni!
Gijeler göremok senden başga düýş,
O düýşe aldanýa, bu sadaja huş,
Bu neneñsi söýgi, bu neneñsi güýç,
Besdir!
Aişwari gynama meni!
Özümi çeksemem gidip barýa jan,
Owadan ýigitler, soñam sizde kän,
Senä Hristian menem Musulman,
Düşün!
Aişwari gynama meni!
Neçün düýşe girýäñ?
Oww men bir üşän,
Bilmedim bu söýgi nämeden nyşan,
Saña men däl Şahruh, Hritnik, Kişan,
Gelşer.
Aişwari gynama meni!
Düýşde beräý iñ bolmanda idiñi,
Laýnda aýdaýyn aýtjak zadymy,
Sen haýran galarsyñ bilseñ adymy,
Ynan!
Aişwari gynama meni.
Dogry, öñ söýýärdim, görüp kinoñy,
Arzuwlap otyrkam diýýardi:"Soñy".
Seni yzlap görsem ejemden uly,
Düşün!
Aişwari gynama meni...
Bir günem ýitirdim düýşümde ony,
Şo gün diýdi alyp uludan demi:
"Söýemde söýmediñ gynama meni,
Besdir Kerimhally söýemok seni!"
Kerim HALLY.
|