22:15 Bilýäñmi? | |
BILÝÄŇMI?!
Bilýäňmi, men ýene ýanyp başladym, Howr alýan bu agzym belaň körügi. Ýene ýüzin ýatyp ýazyp başladym, Dabanyňdan teý binesip törümi Dolduryp düýrlenen mynjyk kagyzdan, Durmuşym deý bulaşdyryp saçymy. Habar alyp bilmän ynjyk halyňdan, Ýazmadyk goşgulam ýyrtýar içimi. Ýeri, indi nämä tutaşyp ýörün?! Tutmadyk toýumyz sowuldy bir çak. Serwandymda uçup bilmän Pegas dur. Garnyna basaňda saz çalýan gurjak, Gözlerin alardyp doňup galypdyr, Ol ölüp galypdyr özi meýletin. Senem bagtly bolsaň, bolup galypdyr. Nirden tapdyň, sen, beýle yşk, beýle din?! Sygynanym ýazgydyma sygmady, Melegem mätäçkäň gelmese nämä?! Başyma ýapma-da beýle kysmaty, Tapan bagtyň bilen ýelme depäme! Edil häzir jan girse ho-ol Pegasa, Seni özüme çen alyp gaçsadym. Ýeri, indi nämä tutaşyp ýörün… Bilýäňmi, men ýene ýanyp başladym. Seýitmyrat Geldiýew | |
|
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |