17:46 Bir gün | |
BIR GÜN Aý astynda duşuşmamyz ýok biziň, Ýok sowgatlar, şirin-şirin wadalar. Böwrümi diňledip ýanyp ýörün men, Gysga hem çuň garaýyşlaň oduna. Gözleriňden jogabymy gözleýän, Duçar bolup “Söýgi” atly kesele. Ýok, gelenok. Gelýär diňe her gün agşam ýatmankam, “Gijäň rahat bolsun!” diýen SMS. Gijelerim müň mertebe asuda, Telim görýän düýşlerimem süýji meň. Ýöne, welin, biraz bagtym gijigen. Säherlerne seni ýatlap oýanýan, Gündizlerne gözlerimiň gözlegi. Bilýäňmi sen, gün ýaşarna howlugyp, uzynly gün sekunt sanap gezýänim, okamaga şol arzyly sözlemi ?! Aý astynda duşuşmamyz ýok biziň, Ýok wadalar, şirin sözler, gezelenç. Ýöne, maňa umyt berýär şeýlebir, Her gün agşam buşluk bolup okalýan “Gijäň rahat bolsun!” diýen SMS. *** Bakylyk barada söz berme maňa, Diýme:”Söýgim- bir ömrüňe ýeterlik!” Sen uçup gidersiň durna mysaly, Gyş gelende gök asmana göterlip. Çaý deý sowar gyzgyn söýgiň mähiri, Ýazan hatlam bukjasynda köneler. Galar diňe köýnegimde gözleňden, Biygtyýar typyp gaýdan däneler. Salgym bolup görner onsoň geçiren günlermizden galan süýji ýatlama. Sen, gör, kimleň yşky bilen ýanarsyň, Ýüregiňi açarsyň sen ýatlara. Sen gidersiň boş galdyryp dünýämi, Aglap-aglap dönerin men buluda. Gorkýan. Çünki bilmen seni barybir, U N U D Y P... Aşyr HANOW. | |
|
√ «Первородство – на сиротство!..» / Goşgular - 12.01.2023 |
√ "Yhlas bilen ak tozgañy seçeläp..." / Goşgular - 11.02.2023 |
√ Гимн богам / Goşgular - 31.01.2023 |
√ Obam bilen hyýaly söhbet / Goşgular - 06.01.2023 |
√ Afetinle sinama ALLAH’IM / Goşgular - 13.02.2023 |
√ Ргobléme / Goşgular - 15.01.2023 |
√ "Bu ne apat, gazabymy Allanyň? / Goşgular - 12.02.2023 |
√ На смерть А.В.Дружинина / Goşgular - 19.01.2023 |
√ «В исканьи истины и бога…» / Goşgular - 14.01.2023 |
√ «Что в имени тебе моём?..» / Goşgular - 05.01.2023 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |