08:50

"Bir ýerde boş oturmaga meýilim ýok hiç haçan...""

"BIR ÝERDE BOŞ OTURMAGA MEÝILIM ÝOK HIÇ HAÇAN..."

Bir ýerde boş oturmaga meýilim ýok hiç haçan
Meniňem öz ykbalymyň ýodasy bar, ýodasy.
Ýürekde-de syr saklaman,
Aýdaryn men aç-açan.
Sen barada päk bolmagam päk kalbymyň kadasy.

Jahanymyz juwan biziň,
Aýdyň edil gar ýaly,
Gögümtil-ak gyraw düşüp,
Doň bolupdyr jahana.
Ol gyrawdan bize serpaý bermek pikri bar ýaly,
Gyssanyp dur.
Al sen ony, agtarma-da bahana!

Zähmet bilen,
Aýdym bilen garşyla sen jahany,
Garşyla sen yssy kalbyň mähri bilen elmydam.
Ýaşadykça,
Men durmuşdan aldym şeýle bir many:
Kynlaşdy hem gyzyklandy,
Artdy ähli aladam.

Kämilleşen adamyň-da öz pişesi, keýpi bar,
Ol barada däl söhbetim.
Ol hakda indi besdir.
Emma welin hemişe-de halka bolsaň hyrydar,
Öz ömrüňi özüň üçin aýap goýmak hebesdir.

Myhman bolup gelemizok biz bu dünýä tötänden,
Adam işde adygýandyr,
Sözünde däl, sözünde.
Ýer togalak:
Syr saklamak,
Zat gizlemek kyn çenden.
Ýerimiz ak:
Ähli yzlar görünip dur ýüzünde.

* * *

Uzyn gije ýyldyrymlar
Ýalp ýasady, çakdy durdy.
uzyn gije ýagyş biziň
Aýnamyzy kakdy durdy.
Otagmyza atyr ysyn saçan syrdam derekler-de
Uzyn gije silkinişip,
Hünjülerin dökdi durdy.

Sen bolsa bir eldekije,
Enaýyja gumry deýin,
Şol ukladyň ýatdyň şirin,
Asudaja alyp demi.
Sen neneňsi düýş görenňi men biçäre näbileýin,
Näbileýin haýsy mukam
Hüwdüledi gije seni.

Ter ýapragyň damary dek kirpikleriň gymyldatman,
Ýatdyň şirin,
Ýatdyň şirin,
Ýaldyrady akja alkym.
Dürli guşlar owazyndan dura-bara dolup asman,
Täze daňam owaz bilen,
Mukam bilen saçdy ýalkym.

Dolup dünýä şol owazlar,
Şol ajaýyp sazlar bile.
Ýürek gopdy,
Ýürek gopdy,
ýürek gürsüldedi, urdy.
Şonda seni usul bilen,
Gumry kimin alyp ele.
Emaý bilen,
Dodagymy ýetiresim geldi durdy.

Mihail DUDIN.

Terjime eden Ata ATAJANOW.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 25.12.1965 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 129 | Добавил: Haweran | Теги: Mihail Dudin | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024
Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024
"Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024
Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024
Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024
Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024
Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024
Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024
Жизнь / Goşgular - 29.02.2024
Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]