19:10 "Birbada okadym Nobatgulyny..." | |
"BIRBADA OKADYM NOBATGULYNY..."
Birbada okadym Nobatgulyny, Hiç zada düşmedim, akylym çaşdy. Şoň üçin bada-bat okaman ony, Okaň säher çagy ýekeje goşgy. Ol goşgy okalsa säher çagynda, Bir del tagam bolup batar maňzyňa. Her bir setir täze pikir däl munda, Ýöne goşgy elter pikir deňzine. Ony okap şeýle pikir serimde, “Eý, türkmenim! Sen aslyň dowamysyň!” Magtymgulyň saýa batan ýerinde, Ýene bir gul batyrypdyr gämisin. • NESIMIÇE - 1 – Men menem men bir Huda – - Parasy deňdir maňa. Bu dünýäde şa-geda, Arasy deňdir maňa. Düşdüm çuňňur hyýala, Hyýal geldi amana. Bakman peýda-zyýana, Barysy deňdir maňa. Älem-jahan manysy, Deňdir çyny-panysy, Adamzadyň dälisi, Danasy deňdir maňa. Iňňe, tiken, gül-çemen, Baýguş, bürgüt, serçeler… Deňiz deýin möwjügen Hanasy deňdir maňa. Ömür bilen ýaşaman, Ölüm bilen gutarman. Iki äleme berlen, Janasy deňdir maňa. Men Allaýam, pahyram, Durkum gussa, rehimden. Perişdeler götergen Ganaty deňdir maňa. Arş üstünde gizlenen, Ýer astynda gözlenen, Ýaşaýyşyň jana-jan – – Janasy deňdir maňa. - 2 - Hudaý bolan eselmez, Hudaý bolan peselmez. Haky jandan söýmegen Bilmez, hiç zady bilmez. Aklygyň ýarany men, Perişdäň sorany men. Ýol açmasa Biribar, Tapaýyn niräni men. Dörjeleme köňlümi, Saraltmagyl meňzimi. Bir joşsa, bent tutdurmaz, Gora köňül deňzimi. Gämilerde ýelken men, Söweşlerde galkan men. Yşyk duýsam Ylahdan, Ataş bolup galkar men. Adam ala-aladyr, Dünýede kim galadyr? Barlykda basylanlar Iň söýgüli baladyr. Ýollar ýola ulaşar, Iller ile ulaşar, Yhlasyn ýitirmegen Ýagşy pale ulaşar. Aprel 2005. • GELMEK Bir damja suw, bir oýnam söz galdy Hakyň yşkyndan, Ene bolup garyndan has dar beýnide göterdim. Söz sepleşip göwre boldy, soň bir hala düşdüm men, Aý-gün dolup şygyrymy ýagty dünýä getirdim. Şahyr bolmak oýumda ýok, “Sowsunda Huda” diýdim, “Şahyr” diýip ýüzlenseler, “Ýit, ýok bol, gidä” diýdim. “Bu söz beýik ýa juda pes, hem menden jyda” diýdim, Şonda-da el aň perzendin ak düşege geçirdi. Çilim ýaly ýigrenýärin, çilim ýaly çekýärin. Jepasy kän, sapasy az, wepasy ýok bu käriň. Ýöne bilýän goýjak bolsam çilim ýaly küýsärin, Alasarmyk ahwalymda çärýek ömrüm ötürdim. Boldy bes et! Agla ses et! Dök köňlüňde baryňny. Ýary:ň öýde, ykrar eýle sen beýleki ýaryňny. Bir bitinde maňa ýer ýok, kime aýdaý zarymny, Ýol başynda hem ýolumny, hem özümni ýitirdim. Howa galdym, howalandym aýak ýerden üzüldi, Doga kyldym, dogalandym, serhoş bolup gezildi. Oglanlygym, çagalygym, wah, ýoklugym hezildi, Öz özümge düşebilmän men özümni ýekirdim. Ýeri bolýar, ýakam göýber şygryýetiň Taňrysy, Seň Taňryň kim, nirden geldiň, ýa soragmy aňrysy. Toba kylyp topragyňa bulandym men dogrusy, Ýolum ýapdyň, gözüm gapdyň, saňa iman getirdim. Çärjew, 14.06.1997. Baýram AKATOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |