17:35

Bogunlaryň artrozy

BOGUNLARYŇ ARTROZY

Deformirleýji artroz, deformirleýji artrit, deformirleýji artropatiýa, osteoartroz, osteoartrit-bu atlaryň hemmesi bir kesele-bogunyň içinde degeneratiw üýtgeşmeler bilen geçýän kesele degişlidir.
Toparlanmasy:

1. Ilkinji (birinji) artrozlar. Olaryň sebäbi belli däl. Bognuň mümkinçiligi bilen oňa düşýän agramyň gabat gelmezligi esasy sebäp hasaplanýar. Agyr fiziki zähmet, rekord üçin sport, göwräniň agramynyň artmagy bogunlar üçin agyr synag bolýar we deformirleýji artroza getirmegi ähtimal. Mümkin haýsydyr bir endogen faktorlar ketirdöwük dokumalaryň gaýtadan dikelmek ukybyny kemeldýän bolmaly. Madda çalyşmagyň bozulmagy, garrylyk hem şeýle ýagdaýa getirýär.

2. Ikilenji (ikinji) artrozlar. Bu artrozlar haýsydyr bir başga sebäpleriň netijesinde döreýär. Ol sebäpler dogabitdi ýa-da soň döräp bilýär. Meselem, dogabitdi çykyklar, displaziýalar, epifiziň ösüş zolagy bozýan keselleri we başgalar. Ýaşaýşyň dowamynda ýüze çykýan kesellere mysal edip şikesleri, bogna geçýän ýaralary we ş. m. alsa bolar. Epifiziň döwükleri, esasan hem nädogry bejerilen bolsa soňundan deformirleýji artroza getirýär. Eger-de bognuň içine geçýän ýaralar bolsa, onda infeksiýa hem deformirleýji artroza getirmegi mümkin, hatda epifiz döwülmedik hem bolsa.

Bogun ketirdewüginiň gurluşy

Deformirleýji artrozyň etiologiýasynyň, patologik anatomiýasynyň we kliniki alamatlaryň baglanyşygyna düşünmek üçin hökman bognuň gialin ketirdöwüginiň gurluşy bilen tanyşmak gerek. Bilişimiz ýaly, bogun emele getirýän süňkleriň uçlary gialin ketirdewük bilen örtülen. Bogun ketirdewüginiň 4 gatlagy bolýar:

1) ýüzleý gatlagy, (tangensial zolak) ol maýda, tegelejik ýasy öýjüklerden durýar. Ol gatlak bogun üstüne parallel ýerleşendir;

2) geçiş gatlagy (perehodnaýa zolak), ol nädogry tegelek görnüşli öýjüklerden durýar. Olar köp tekizlikde we toplum bolup ýerleşýärler;

3) radial gatlak. Bu gatlagyň öýjükleri bogun üstüne görä perpendikulýar ýerleşendirler. Ol gatlagyň öýjükleri süýri görnüşde we şu gatlagyň galyňlygy näçe uly bolsa, bütin ketirdewügiň galyňlygy hem şonça galyň bolýar. Diýmek ketirdewügiň galyňlygy şu gatlagyň galyňlygyna bagly.

4) Özünde süňk öýjüklerini ýygnaýan, süňke öwrülýän gatlak, bu gatlak gönüden göni süňk bilen galtaşýar.

Ketirdewük öýjükler gialin esasly maddada ýerleşýärler. Ýekebara we toparlaýyn ýerleşen ketirdewük öýjikleriň arasynda süýümjikler ýerleşýärler. Radial gatlakda bu süýümjikler bognuň üstüne parallel ýerleşýärler, emma ýokarky, ýüzleý gatlakda olar bogunyň üstüne dikligine ýerleşýärler. Nirede ýerleşselerde süýümjikler gotiki gümmezleri ýada salýar, olaryň içinde bolsa ýekebara ýa-da toparlaýyn ketirdewük öýjükler ýerleşýärler. Esasy gialin madda süýümleri biri-biri bilen berk ýelmeşdirýär we bogun emele getirýän süňküň üstini aýna ýaly ýylmanak edýär.
Bogun ketirdewüginiň degeneratiw üýtgeşmeginiň ilkinji alamaty bogun üstüniň süýümleriniň dargamagy we onuň ýylmanak häsiýetini ýitirmegidir.
Hereketde basyşyň we sürtelmäniň goşulyşmagy esasy orny oýnaýar. Bogun ketirdewügi hemme zatdan öň hereketiň hiç bir sürtelmesiz tekiz geçmegini üpjün etmeli. Ketirdöwük süňküň gödek nätekizliklerini ýylmamaly we hereket wagtynda ýüze çykýan itergi güýjüni peseltmeli (ýagny, amortizator funksiýasyny ýerine ýetirmeli). Bu bolsa ketirdewügiň gysylyp bilmeginde, maýyşgaklygy netijesinde mümkin, sebäbi hereket gutarandan soň ýene öňki durkyna gelýär. Ketirdewükleriň maýyşgak üstleri bir-biri bilen gysylanda ketirdewükleriň galtaşýan ýerlerinda olaryň durky üýtgeýär. Galtaşma nokatlaryndaky durkynyň üýtgemegi dinamiki güýjiň basyşy esasynda ýüze çykýar we hereket wagtynda döreýän itergi güýjüni azaldýar. Durkunyň galtaşmada ýüze çykýan üýtgemegi sürtülmäniň azalmagyna ýardam edýär, sebäbi hereket wagtynda täze ýerler gezekleşip gysylýar, gysylmadan boşan ýerlerde bolsa ketirdewük öňki durkyna gelýär.
Bogunlaryň we olaryň aýratyn bölekleriniň maýyşgaklygy bir meňzeş däldir. Bogunlaryň oýjükleri, bogunlaryň kellejigine görä ýumşagrakdyr. Dowamlaýyn basyş ketirdewügiň maýyşgaklygynyň peselmegine getirýär. Ketirdewügiň gurluşynyň islendik üýtgeşmesi onuň maýyşgaklygynyň peselmegine getirýär.
Ketirdewük özüniň ösüşini togtadýan hemişelik basyşy hemme zatdan agyr geçirýär, yzygiderli üýtgäp durýan basyş bolsa ketirdewügiň ösmegine kömek edýär. Ketirdewügiň galyňlygy 0,2-6 mm çenli aralykda bolýar (haýsy bogundalygyna baglylykda).
Eger-de ketirdewükler bir-biri bilen galtaşmasalar hem edil biri-biri bilen berk basyşyp, gysylyp durandaky ýaly degenerasiýa sezewar bolýarlar.
Şeýlelikde, deformirleýji artrozlaryň etiologiýasy hakynda gürrüň edilse ýaňky aýdylanlary ýatlamaly. Ýagny ketirdewükleriň hemişe gysylyp durmagyna ýa-da olaryň bir-birine galtaşman durmagyna getirýän faktorlar deformirleýji artrozlaryň döremegine sebäp bolýarlar.

Patomorfologiki üýtgeşmeler

Deformirleýji artrozlara mahsus bolan degeneratiw üýtgeşmeler ketirdewügiň zaýalanmagyndan başlanýar. Ilkinji göze görünýän alamaty-gialin ketirdewügiň özüniň aýna şekilli tekizligini ýitirme¬gi. Ketirdewügiň süýümleri gopýarlar, şonda ketirdewügiň üstünde nätekizlikler emele gelýärler.
Süýümjikleriň gopan ýeri çukanak bolup galýar, gopan süýümler bolsa bogunyň içinde aýratyň bölekler görnüşinde ýatýarlar. Ketirdewügini ýitiren süňk hem ýukalyp başlaýar.
Irki mikroskopik üýtgeşmelerden ketirdewügiň fibrillýasiýasy mahsusdyr. Ketirdewükdäki çukanaklar, olarda gopan ketirdewük öýjükleri ýerleşýär. Ketirdewügiň aşaky gatlaklarynda dänejikler görnüşinde kalsiniň çökündileri görünýär.
Öýjükleriň arasyndaky gialin esaslaryň mukoid üýtgeşmeleri bolup geçýär. Süňk ýiligi aktiwleşýär, dil görnüşinde ketirdewügiň aşaky gatlaklaryna aralaşýar we şol ýerde ketirdewükde süňküň emele gelmegine getirýär. Ketirdewük bogun üstüniň merkezinde ölýärler, gyralarynda bolsa işjeňleşýär. Ketirdewügiň aşaky gatlaklarynda kistalar, boşluklar emele gelýär.
Käbir kistalar bogun boşlugyna açylýarlar, bu bolsa şol kistalaryň emele gelmegine bogun suwuklygynyň täsiri bolmagynyň mümkindigini aňladýar. Şol kistalaryň içinde süňk öýjükleri ölýärler, gyralarynda bolsa süňk ösýär.
Bogun (kapsulasy) haltajygy galňaýar, fibroz gatlak galňaýar we gataýar. Sinowial gatlak hem galňaýar, çişýär, giperemirlenýär we ˝seçeklenýär˝. Kapsulanyň düzümünde ketirdewük we süňk öýjükleri gabat gelýär.
Deformirleýji artrozyň alamatlary. Deformirleýji artrozyň alamatlary kem-kemden ýüze çykýar. Ilki bilen çalt ýadamaklyk ýüze çykýar, soňra bogunlarda agyry peýda bolýar.
Keseliň geçişi birnäçe ýagdaýlar bilen kesgitlenýär: bogna funksional agram düşüşi, adamyň öz agramy, konstitusiýasy, ýaşaýyş şerti, gormonlaryň täsiri, göwrelilik we çaga dogurmaklyk bilen.
Ýadawlylyk we agyry ilki bada köp wagt ýörese ýüze çykýar we dynç alsa derrew aýrylýar. Ýuwaş-ýuwaşdan ýadamaklyk we agyry tiz- -tizden duýulýar hem-de uzaga çekýär. Agyry köplenç dyz bognundan başlaýar. Adatça, agyry adam ýöräp ýörkä başlaýar we otursa kesilýär. Seýrek wagtlarda näsaglar gijeki agyrada arz edýärler.
Keseliň güýjemegi bilen bogunyň hereketi azalýar. Ilki bilen ahyry ýazmak, soňra - iç tarapa towlamak, egmek we daş tarapa gyşartmak kynalýar. Köplenç egilen we iç tarapa gyşaran kontraktura emele gelýär.
Ýuwaş-ýuwaşdan näsaglarda ýönekeýje adaty hereketleri hem ýerine ýetirmek kynçylyk döredýär: aýagyny galdyrmak, oturmak, turmak. Näsaglar howanyň, atmosferanyň basyşynyň üýtgemegine, çyglylyga duýgur bolýarlar.

Deformirleýji artrozyň bejerilişi

Deformirleýji artrozyň bejerlişini belli bir bogunyň - çüýjüklik bognunyň mysalynda alsak gowy bolarmyka diýýän. Sebäbi, birinjiden bu bognuň artrozy köp duş gelişine görä birinji ýerde durýar, ikinjiden näsaglar bu artrozlardan başga bogunlaryň artrozyna garanda has köp kynçylyk çekýärler, üçünjiden şu bognuň artrozynda ulanylýan bejergiler başga bogunlaryň artrozynda hem ulanylýar.
Bejerginiň esasy maksady-agyryny aýyrmak. Agsamaklyk, hereketiň doly däldigi näsaglary agyra görä az azar berýärler.
Konserwatiw bejerilişi. Bejergini hemişe konserwatiw bejergiden başlamaly. Kesel ilki başlanda konserwatiw bejergi bilen näsaglara kömek etse bolýar. Bognuň näsaz hereketi agyry döredýär, agyry muskullaryň (spazmyna), gysylmagyna getirýär, bu bolsa, öz gezeginde bognuň işini ýaramazlaşdyrýar, we keseliň güýjemegine getirýär.
Şeýlelikde, näsaz reflektor halka emele gelýär, agyryny aýyrmaklyk şol näsaz zynjyryň (üzülmegini) gazanýar. Şonuň üçin agyryny aýyrmaklyk muskullaryň işini gowulandyrýar, spazmyny, gysylmagyny aýyrýar, kontrakturalar azalýar, hereketiň göwrümi artýar. Şeýdip keseliň güýjemegini saklamak başardýar.

1). Bogna düşýän agramy doly aýyrmaly. Onuň üçin näsagy düşekde ýatyrmaly-turmaga, ýöremäge rugsat bermeli däl. Düşeginiň aşagy tekiz we gaty bolmaly (tagta-şit goýmaly). Aýagyna çekuw ulgamyny goýup, kiçiräk ýük bilen çekmeli. Skelet çeküwini uly injik süňküniň tümmejiginden ýa-da ökjeden (eger dyz hem agyrýan bolsa) çekse bolýar. Ýüki ilki azyrak agram bilen (2-3 kg), soňra ýuwaş-ýuwaşdan 8-10 kg ýetirmeli.

2). Bogna nowokain erginini goýbermek. Punksiýa üçin 0,5 %-li nowokain ergini ulanylýar. Bogna düşeniňden soň, artykmaç sinowial suwuklygy aýyrmaly, bogunyň içine nowokainiň 2 %-li er¬ginini (20-30 ml) goýbermeli. Bu agyryny aýyrmakda, näsaz halkany (üzmekde) uly orny oýnaýar.

3). Analgetikleri ulanmak. Analgetikler hem agyryny aýyrmakda gowy kömek berýär. Morfin ýa-da şoňa meňzeş narkotikler ulanmak bolmaýar. Ulanylýan dermanlar: analgin, dimedrol, spazmalgon, re¬opirin we ş.m.

4). Fizioterapiýa. Bejergi esasan gan aýlanşygy gowulandyrýar, ol bolsa, bognuň dokumalarynyň trofikasyny gowulandyryp keseliň güýjemegini saklaýar. UWÇ, ionoforez, ultrases, lazer bejergileri has ähmiýetlidir.

5). Şypahana bejergisi. Bu bejergi agyrylar gowşap, näsag ýöräp başlanyndan soň maslahat berilýär. Arçmanda kükrtli mineral suwuň kömegi bilen bejerýärler, Mollagarada - ýörite derman palçyk we ýokary konsentrasialy duzly suwuň kömegi bilen. Şypahanalarda fizioterepiýa, owkalama, bejergi giminastikasy hem ulanylýar.

Konserwatiw bejergi diňe keseliň güýjemegini saklaýar, ony doly bejerip bilmeýär. Eger-de bogundaky näsaz üýtgeşmeler gaty ötüşen bolsa, onda operatiw bejergini peýdalanmaly bolýar.
Deformirleýji artrozlaryň operasiýa bejergisi. Operatiw bejerginiň hem esasy maksady agyryny aýyrmak. Şondan soň birnäçe ýylyň dowamynda agyry duýulmaýar.

Eger agyry aýrylsa, hereket we agsamaklyk gowulaşmaýanda-da operasiýanyň netijesi oňat hasaplanýar. Kä operasiýalardan soň hatda agsamaklyk beterleşýär. Şonuň üçin operasiýadan öň näsaga keseliniň ýagdaýyny, operasiýadan soň nähiliräk netije boljakdygyny düşündirmeli. Haýsy bir operasiýa üçin görkezme bellenende şu zatlary hasaba almaly: ýaşy, käri, ýaşaýyş şertleri, bogunyň hereketi, rentgen üýtgeşmeler, keseliň bir ýa-da iki taraplaýyndygy.

1). Ýumşak dokumalarda Adduktorlaryň miotomiýasy, Fossanyň operasiýasy. But süňküniň deformirlenen kellejigine iki mehaniki fak¬torlar täsir edýärler: näsagyň bedeniniň agramy we dartylýan kontrak¬turadaky myşsalaryň basyşy. Birinji faktor diňe adam ýörände täsir etse, ikinji faktor hemişe täsir edip durýar. Şonuň üçin muskullaryň basyşyny gowşatmaklyk agyryny aýyrmaga kömek edýär. Bu operasiýalaryň iň köp ulanylýanlary:

Buduň adduktorlarynyň miotomiýasy we Fossanyň operasiýasy.

1). Fossanyň operasiýasynda adduktorlaryň miotomiýasyndan başga kiçi (wertel) aýlawaç we uly aýlawajyň ujyny goparýarlar, Şonda şol ýerlere birigýän muskullar gowşaýarlar, kellejige bolan basyş hem azalýar.

2). Korrigirleýji osteotomiýalar. Bu operasiýa hem bogna düşýän agramy azaltmaga gönükdirilendir, hem-de kontrakturalar kiçelýärler, ondan başga-da, bognuň trofikasy gowulaşýar. Osteotomiýalaryň içinde Mak-Marreýanyň osteotomiýasy has köp ulanylýar. Onda osteotomiýa çyzygy uly aýlawajyň aşagyndan, kiçi aýlawajyň üstünden geçýär. Osteotomiýadan soň aşaky süňk bölegi iç tarapa süýşirilýär we metal konstruksiýalaryň kömegi bilen osteosintez geçirilýär. Bu operasiýalar soň bognuň süňklerinde uly özgerişlikler bolup, ýumşak dokumalarda geçirilen ýa-da geçiriljek operasiýalar kömek bermese ulanylýarlar.

3). Artrodez. Bu operasiýa bogun emele getirýän süňkleriň epifiziniň üstündäki ketirdewügi aýyryp iki süňk bir-biri bilen biter ýaly şert döredýär we bogunda hereket bolmaýar. Deformirleýji artrozlarda agyry esasan, hereket wagty döreýär, artrodezden soň bolsa hereket bolmaýar we näsaglar agyrydan dynýarlar. Bogunda hereketiň ýoklugynyň öwezini agyrynyň aýrylmagy, näsagyň aýagyna doly agram salyp ýöräp bilmegi dolýar. Bu operasiýa beýleki bogunda oňuşarlyk hereket bar bolsa ulanylýar.

4). Artroplastika. Soňky döwürlerde artroplastika endoprotezleriň hasabyna geçirilýär. Eger iki çüýjiklik bogununda hem deformirleýji artroz bolan bolsa, onda birinde hökman endoprotez ulanýarlar, beýlekide artrodez etseň hem bolýar. Häzirki wagtda endoprotezleriň dürli görnüşleri bar.

Çeşmesi: Nyýazmyrat Batyrow, Bäşim Soltanow, Amanmuhammet Gurbanow, Akmuhammet Gurbanmämmedow, Rejep Poladow, Kakajan Taňryberdiýew, Orazsoltan Atadurdyýewa. Trawmotologiýa we ortopediýa. Lukmançylyk ýo¬kary okuw mekdebi üçin okuw kitaby. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2011. 252-257 sah.
Категория: Medisina | Просмотров: 163 | Добавил: Bagabat | Теги: Bäşim Soltanow, Rejep Poladow, Amanmuhammet Gurbanow, Kakajan Taňryberdiýew, Orazsoltan Atadurdyýewa, Akmuhammet Gurbanmämmedow, Nyýazmyrat Batyrow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Medisina bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]