13:01

Bolarsyñ

BOLARSYÑ

Özüň öwseň ile “Belki?!” bolarsyň,
Has dogrusy köpräk gülki bolarsyň,
Aga gara, çyn garada ak diýseň,
Özüň deý kişileň mülki bolarsyň.

Päk sakla ýüregiň dörtden birini,
Başarsaň tämizle hemme ýerini,
Syla her wagt döken alyn deriňi,
Ýogsa sözde iň pes adam bolarsyň.

Adalaty ilki özüňde gözle,
Öläýjek bolsaň-da sen dogry sözle,
Ýagşyn görseň mydam ýamanyn gizle,
Dogryny gözleden biri bolarsyň.

Eýe çyk sen her bir dogry aýdana,
Namart diýler öz ýolundan gaýdana,
Erk etmegi başar asla ýaýdanma,
Başarsaň öz nebsiň piri bolarsyň.

Dünýäde namysly-arly ýaşasaň,
Panyda gowulyk başyn başlasaň,
Gowy bolup ýamanlygy taşlasaň,
Ölseňde elmydam diri bolarsyň.

Sylagyn sen ilki bilen özüňi,
Ejiz görseň sen çöwürme ýüzüňi,
Asla hor görmegin ýönekeý çöpi,
Düşse kör edýändir gören gözüňi.

Aýlara ATAJANOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 403 | Добавил: Мylayym | Теги: Aýlar Atajanowa | Рейтинг: 2.0/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Esgerlikden ýaňy geläýen günlem... / Goşgular - 06.01.2023
Астроном и агроном, в гастрономе «Метроном» / Goşgular - 06.02.2023
Алмаз / Goşgular - 09.02.2023
«Нисходит сумрак ночи бледной…» / Goşgular - 31.01.2023
Как должна рекомендоваться Марина / Goşgular - 19.01.2023
Musa Jelile / Goşgular - 15.02.2023
«Двух – жарче меха! рук – жарче пуха!..» / Goşgular - 07.01.2023
«Когда придётся как-нибудь…» / Goşgular - 15.02.2023
«А и простор у нас татарским стрелам!..» / Goşgular - 09.02.2023
«Тому, кто с верой и любовью…» / Goşgular - 04.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]