19:35

Bu - biziñ mekdebimiz / hekaýa

BU – BIZIŇ MEKDEBIMIZ

Aslynda meniň-ä multifilimden gowy zadyň barlygyna ynanmaýan döwrümiň üýtgemegine mekdebe gitmegim sebäp boldy. Meňem okuwçy boldum diýip begenip baran mekdebim iki-üç günden soň: irden ukyňdan alyp galýan, dört sagatlap oýnap bolmaýan, öýe berlen ýumuşlary ýerine ýetirmeseň ejeň-kakaň urmadyk şarpygyny urýan ýere öwrüldi. Soň-soňlaram men düşünmän geçdim: näme üçin mugallym dört bilen dördi goşup dokuz çykarýan okuwçyny halamaýarka. Hemmeler diňe bäşlik alsa onda kim yzky partada oturyp sag-aman sapak gutaryp jaň kakylmagyny dileg etsin?
Başda hatymyň owadan bolmagy sebäpli, höweslenip azajyk dil ugrundan gowy okabam başladym. Ýöne dil edebiýaty sapagy bilenem uzak oňuşmadym. Aýyrgyçlara ýetenimizde mugallym meni hem gowşaklygym sebäpli gowy hasaplaýan okuwçylarynyň arasyndan aýyrdy.
Kitaby, kitap okamagy gowy görýän kakamyňam meniň ýazyjy bolmagymy isleýän umydyny hem, alyp beren döwüli kitabynyň sahypasyndan samalýot ýasap uçuran günüm puç etdim.
Ýöne taryh dersini hemme zatdan gowy görýän. Hiç zat goşmaly däl, ýazmaly däl diňe gürrüň beribermeli. Mugallymyñ ünüsli diňlemeýän pursadynda taryha özüňçe düzediş girizseňem bolýar. Barybir taryhyñ içinden Spartak ýa-da Kannibal çykyp «Biz-ä beýle zatlary etmändik» diýjek gumany ýok. Geldi mugallymam «Taryhyň atasy Geredotdyr» diýen bolup, geçmiş-taryhyda ataly edip, zorow şol. Bir gezek dagy Sentýabrda täze okuw ýylyna baranmyzda, senenama kalendar barada täsin zat gürrüň berdi.
– Awgust aýy oň 30 gün ekeni, ýöne rim şasy Awgust öz ady dakylan aýyň daýysy Sezaryň ady dakylan iýulyndan bir gün kemligi sebäpli sentýabrdan awgusta bir gün geçiripdir. Şondan bärem awgust aýy 31gün…
Bäh, şonda bir begenip, bir gynandym. Gör ol patyşa sebäpli biz bir gün köp tomus rugsadyna eýe bolupdyrys. Wah, aljakmy, alda bir gün däl-de on gün, näme biri käýýäp durmy diýsene?!..
Özümiň-ä halamaýanym hasapdy. Mugallymyň «Matematika ylymlaryň şasydyr» diýmegine garamazdan, hiç şol «ylymyň şasy» bilen jynym jyňkyryşman geçdi. Alt-a sekizi köpeltsem, illeň tersine hökman meniň jogabym elli çykýar ýa-da kyrk dört. Beýlekiler bolsa ýüzi nola köpeldibem jemi nola deňlän bolup otyrlar. Meniň-ä gündeligimde-de hasapdan iň ýokary baham dörtlük. Olam kä wagt ýetdirýän bagt.
Sag-aman jaň kakylyp hasapdana sypdym diýip begenersiň welin, öňüňde «dowzahyň gapysam şeýle gorkunç däldir» diýdirýän fizika otagyň gapysy awanyp durandyr. Enemiň «sag aýagyň bilen gapydan girseň işiň şowly bolýar» diýenini ýatlap ilki-ilkiler fizika otagyna sag aýagym bilen girýädim. Iki-üç gezekden soň-a, sapak bilmeýän okuwça, fizika otagyna emedekläp girsede şowlulyk ýokdugyny bildim.
Jaň kakylar welin, geler ine, Anna mugallym «fizika algebraň doganydyr, bärde-de matematika badyr, hasap badyr» diýip. Özem şeýlebir talapkär, gaharjaň. Içiñden geçip gelýän gözlerem birki gije ýatman basyrganyp geçer ýaly etjek. Erbet ýerem sapagy bilýänden soramaz. «Işiň aňsadyny ýalta tapar» diýilşi ýaly, okuwçyň gowşagynam Anna mugallym tapardy. Gözleýänem men ýaly «maňa degjekden Hudaý saklasyn» diýip, dileg edip oturanlardyr.
Bir gezek sapakda öňündäki tejribe stola öz aýdyşy ýaly «elektirik geçirjili zynjyr» diýişdirip birtopar zat çykardy, iş edibem düzdi. Menem dürli-dümen satylýan bazardaky enjamlar ýaly eken-aý diýip, boýnumy süýndürip, geň galyp otyryn.
Öz aýdyşy ýaly «zynjyry» düzüşdürip bolan mugallym:
– Kim zynjyrda elektirik togunyň üýtgeşini görkezjek?! – diýdi. Yzda oturan ýerimden, elini galdyrar diýip çaklaýanjalarym «men görkezjek mollum-da, men mollum» bolşup, el galdyryp, gygyryp başladylar.
Mugallym welin, olara barmysyňyzam diýenok. Derrew aňdym, diýmek bilmeýänlerden sorajak bolýar. Şol pursat gysgajyk bolsa-da ýaşanja ömrümde iň uly ýalňyşyma sebäp bolan bir pikir kelläme geldi duryberdi. Menem bilýänden bolup elimi galdyraýyn-da, sapaga jogap bermekden sypaýyn diýdim. Soňam özüm aşagyrak egilip, hamana dünýäň bar agaramy asylan ýaly galmasy kyn bolan elimi ýuwaşlyk bilen galdyrdym. Wah, şo gezek «Meni Hudaý tutdy» diýleni boldy. Öň etmedik töwekgelligňi edip näme etjek, oturda gömülde, senden Amper boljak barmy diýsene.
Anna mugallymyñ:
– Gullyýew el galdyrýar welin, ýa gözüme görünýämik-ä? Gel hany, gel Gullyýew… – diýmesi, hamana biri gulagyma «gündeligiňde ýene bir ikilige ýer bardyr-a» diýip, pyşdyrdan ýaly bolup eşidildi.
Yzky partadan tejribe stola barýançam iki gezek derläp, üç gezek sowadym öýdýän. Gaýtarmyş atadan başlap, gyssanjyma demiriň piri Dawut pygambere çenli kömege çagyrdym.
– Tüweleme Gullyýew, gel hany… Sen bara, şu çynyňy etseñ bilýäň weli, özüň ýöne ýygralyk etýäňdä.
«Ýygralyk näme işlesin diýsene mollum, men mekirlik etjek boldum. Wah, näbileýin şunça okuwçynyñ içinden saýlap meni görjegiňi».
– Hany nädip üýtgetmeli toguň güýjüni, görkez Gullyýew.
«Wah, tejribe görkezip bilýän bolsam, men bu wagta çenli Galileý bolaýmajakmy mollum». Durun agaç ýuwdan ýaly bolup. Mugallym özümden bilib-ä bir zatlar etmejegimi aňdy öýdýän:
– Gullyýew hany ilki togy bir utgaşdyr-a – diýdi.
Men gorka-gorka iki sany simi rozetka birikdirdim. Bagtyma minus-plýusy dogry gelipdir. Ullakanja çyrajyk dymgyzyl bolup ýandy.
– Berekella, hany indi rezostat bilen tok güýjüni peselit.
«Rezostat diýeni şudyrda Alla jan» diýip, süýnmek zadyň çykyp duran nurbatjygyny süýşürip goýberdim. Bir-a «gümp» bolany bilýän, biram gulagymyň düýbüne «şarp» bolany. Peselitmän gaýta güýçlendiren bolsam nätjek. Okuwa gelip eşitmedik käýinjim bilen, mekdep taryhynda adam ogluna goýlan däldir diýdirýän semiz ullakan ikilik alyp, geçdim ýerime. Içimdenem hüňürdeýän, ýene özümde günä goýamokda. «Fiziklar eýle, fiziklar beýle diýip öwenem bolýalar. Sähel zady ýalňyşsaň «gümp» boljak bolsa ondanam bir sapak bolarmy. Aslynda fizika diýilýän idili ylym bolsa, alymlary kellesine alma gaçsa dartyş güýjümi, nämemi, şony açdym diýip öwünüp ýörmezdiler. Düşünjeli adam kelläňe alma gaçsa bagyň miwesiniň ýetişendigini aňmazmy».
Şeýdip menem mekdebimizde «Fizika otagynda lampa ýaran okuwçy» ady bilen uludan-kiçä belli adam boldum. «Saman otla, at gazan» boldy meňkem.
Ýöne dogrusy bir zada anyk göz ýetirdim. Hiç haçan bilmeýän zadyňy bilýänden bolmaly däl ekeni. Şol pursat bolsun ýa-da soň bolsun barybir ýalanyñ aýan bolýandygyna akyl ýetirmelidigine düşündim. Ilki basjak ýoluňa seretmeli ekeni. Fizika sapakdaky ýalňyşlygym maňa ullakan sapak berdi.

Allanur ÇARYÝEW.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 447 | Добавил: Нawеran | Теги: Allanur Çaryýеw | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Jan / hekaýa - 08.03.2024
Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024
Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024
Surat / nowella - 14.03.2024
Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024
Kitap / nowella - 16.03.2024
Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024
Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024
Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024
Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]