02:16 Bu kiçijek şäher | |
BU KIÇIJEK ŞÄHER...
Bu kiçijek şäher ýüregme düşse, Giñ ýollaram dar görünse öñküden... Hemmelere gurbat berýän ak günem, Ýowuzlugy bilen alsa eñkimi... Gijeler ýanmasa hiç hili yşyk, Garañky dünýeden basylsam çensiz... Hic kimem tutmasa betbagt adymy, Hem ýaşasam... ýalñyz gelen-geçensiz... Leýlisaça meñzäp saddylla galan, Ýüzüme bakara adam bolmasa... Ýatdan çyksam, hat-da ýaşap ýörenim Hak Hudaýam, adamlaram bilmese... Al-arwahlar öý edinse tenimi, Diwarlaram has gysylsa tünekde... Öz etime agyz urup gan gussam, Läşimde toý tutsa açgöz siñekler... Gözüm saýgarmasa dünýäñ reñkini, Göwnüm ýaly goñur bolsa gözýetim... Şularyñ baryndan has agyr geler- - Maña sensiz ýaşamaklyk ezýeti. Laçyn ÖWEZOWA. | |
|
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||