00:54

Bürgüt

BÜRGÜT

Uç, bürgüdim,
Uç erkana ganat ger,
Ýöne belent dagdan örküň üzme sen.
Darkaş gurup şagallaryň läşin ser,
Hemem goşa gumryň günün bozma sen.
Ganat kakyp salam berip daglaňa,
Ejiz düşseň,
güýçden gaçsaň aglama,
Gezibersin duşmanyňam awlama,
Ýöne mydam töweregňe gözle sen.
Kämahal duýjak bol guşlaň agysyn,
Çekip gören bolsaň bagyr awusyn,
Sen daglaryň, daglar seniň namysyň,
Buýsançly bak bu daglaryň ýüzne sen.
Sen bir erkana guş, daglar mekanyň,
Saňa erki ýetmez soltanyň-hanyň,
Bu daglar içinde sag bolsa janyň,
Balaňdan aw tama edip gezme sen.
Beýik daglar daşjagazdan bina bor,
Beýik daglar ejizleseň pena bor,
Bu daglarda namart bolsaň günä bor,
Namart bolup gök asmanda ýüzme sen.
Категория: Goşgular | Просмотров: 148 | Добавил: Haweran | Теги: Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

«Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024
Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024
Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024
Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024
Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024
Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024
Siziñki / Goşgular - 30.01.2024
Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024
Alabahar / Goşgular - 21.03.2024
Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]