21:16 Geljek zaman işligi / esse | |
GELJEK ZAMAN IŞLIGI
Jyzlanyň sesi ýaly bir sese diň salyp, jyzlanyň ömri ýaly gysgajyk ynsan ömri barada oýlanyp otyryn. Uzakdan eşidilip başlan maşyn sesi ol sesi basmagy başarsa-da, meniň oýlarymy üýtgedip bilmedi. Maşyn öz sesini hem yzyna tirkäp ötüp gitdi. Oýlaryma indi jyzlanyň sesi ýaly ses kellämiň iç ýüzünden goşuldy... Dek düýn ýalydy, Täze ýyly garşylanymyz. Bu ýyl eýýäm ýaňky geçip giden maşynyň sesi bilen birlikde deňämizden geçip barýar. Hormat goýýan ýazyjylarymyň biri eseriň gahrymanyny suratlandyranda: «Onuň ýyl ýaly uzyn elleri...» diýen meňzetmäni ulanan eken. Ony ilkinji ýola okanymda munuň juda jüpüne düşen meňzetmedigi barada oýlanypdym (Ol, hakykatdanam, ýerine düşendi. Ýogsam, ol şunça wagtlap ýadymda-da galmazdy). Häzir welin meniň şu duran nokadymdan ötüp barýan ýyla garasaň, ol edil garsagaýakly jandarlaryň aýaklary ýaly keltejikdi. Şujagaz möhletiň içinde nämeleriň edilip-goýlandygyna ser salmak üçin, öýe girip, depderimi elime aldym... Eden belliklerime seredip otyryn. Bolup geçen zatlary aňladýanlary hem bar olaryň arasynda: tanyş oglanlarymyň biri ogluny öýeripdir, başga biri gyz çykarypdyr. Ony beýan edilenden soň, adaty ediläýmeli arzuw-dilegler ýazylypdyr. Başga bir bileje bir synpda okan oglanym «amanady tabşyrypdyr». Oňa-da bolup biläýjek ýagşy dilegler edilipdir. Öten zamandaky bolan zatlar gutarnykly, nokady goýlan. Emma bellikleriň arasynda geljek zamanda ýazylan etsem-goýsamlar hem bar. Meni oýlandyran ýagdaý — olaryň edilenleriniň az bolup, soňa goýlanlaryň artyk bolmagy. Ynha, «Geljek zaman işligi» diýen sözbaşyda makala ýazmagy maksat edinýändigim barada bellik. Baý-buw, ondan bäri geljek zaman gelerçe wagt bolupdyr. Tas bir ýyl ötüpdir üstünden. «Galan işe gar ýagar» diýlişi ýaly, ondan bäri garlar ýagdy. Ol garlardan bir bölejigi bolsa eremän, sakalymda hem saçymda galdy. «Indi muny ertelemäýin. Mundan aňyrda geljek zaman ýok» diýip, galamymy elime aldym (redaktoram gyssaýar). Geljege goýlan işleri sanap başladym. Häzir olary bu ýere ýazsam, ýene-de geljege galaýjak ýaly bolup dur. Sebäbi olaryň içinde indi hiç haçan ýerine ýetirip bolmaz derejede öten zamana öwrülenleri hem bardy... Sähel buýtar-suýtar etsem, şu ýazgy hem soňa goýlaýjak ýaly bolup dur. Başyna baran işiňi soňa goýmazlyk hakyndaky ýazgyny soňa goýsaň, birhili geňräk boljak. Muny-ha ýene bir sähetli gün dowam edip hem bolar-la welin, hälki «amanadyny tabşyran» oglan bilen-ä gaýdyp görşüp-gürleşip bilmejegiň hak. Onuň bilen diňe hakydaňda galan pursatlarda sataşaýmasaň, başga alaç ýok. Bellik edýän depderimi waraklaýarkam: «Zol-zol yzyňa garanjaklap dursaň, boýnuň agyrar» diýen jümlä gabat geldim. Geçen günlerki belliklere seredip oturyşyma gaňrylmakdan ýaňa boýnum agyrýan ýaly duýdum özümi. Şol bir wagtda-da, näme üçindir, oýlarymda öten zaman işligini köp ulanýandygym barada oýlandym... Aýazbabanyň geljekdigine ynanýan çagajyk bolsa diňe geljek zamanda gürleýär. Men muňa dek düýn şaýat boldum (ýene-de öten zamana gidäýdim). Täze ýyl baýramynda olaryň çagalar bagyna Aýazbaba geljekmişin. Sowgat hem berjekmişin. Çagajyk sowgat almak üçin goşgy hem öwrenjekdigini aýtdy. Aýazbabadan näme sowgat isleýändikleri barada birinji synpa gidip başlan dogany bilen hat hem ýazypdyrlar eken. Dile geldi — bile geldi. Şu ýerde başga bir çagajygyň Aýazbaba ýazan haty baradaky tymsaly hem getiräýeýin. Täze ýyl baýramçylygynyň bosagasynda mugallym zenan üçünji synp okuwçylaryna Aýazbabadan nähili sowgat isleýändiklerini ýazmagy ýumuş tabşyrypdyr. Öýüne dolanyp gelenden soň çagajyklaryň ýazan ýazgylaryny barlamaga oturypdyr. Ýazgylaryň biri mugallyma örän güýçli täsir edipdir. Ol okuwçynyň gudrat hakynda haýyş edip, yhlas bilen sünnäläp ýazan hatyny birnäçe öwre okapdyr. Mugallym harp ýalňyşyny tapmak üçin beýle etmändir. Onuň üçin harp ýalňyşlygynyň barlygy-ýoklugy indi ähmiýetini hem ýitiripdir. Otaga onuň ýanýoldaşy giripdir: — Enesi, näme boldy, ne beýle aladaly görünýäň? — diýip, ol aýalyndan sorapdyr. — Ynha, şuny okap gör — diýip, ol haty adamsyna uzadypdyr. «Aýazbaba, men senden köp zat haýyş etjek däl. Bary-ýogy ýekeje dilegimi bitir. Meni az wagtlyk hem bolsa, telewizora öwür. Öýümizde agşamlyk hemmeleriň üýşüp, sözümi kesmezden, meni diňlemeklerini isleýärin. Işden gelen kakamyň bu gün näme täzeligiň bolandygyny soramagyny isleýärin. Ejemiň bolsa gussa batan halatynda ýanyma gelmegini isleýärin. Maňa-da edil täze satyn alan ullakan telewizorymyz üçin begenişleri ýaly begenmeklerini isleýärin. Ol telewizor indi öýümiziň tutuş bir diwaryny tutup dur diýseňem boljak. Men arçajyga-da ýer galar ýaly, bir gyra süýşerdim. Az salym hem bolsa, telewizoryň ömrüni ýaşap göresim gelýär». — Neresse çagajyk, her hili ata-ene bar-aý — diýip, mugallym zenanyň adamsy gatyrganypdyr. Aýaly bolsa owasy ýaşdan dolan gözlerini balkyldadyp, şeýle diýipdir: — Bu haty biziň oglumyz ýazypdyr, kakasy. ...Sözümizi geljek zaman işligi bilen jemlejek bolup synanyşalyň. Gör, bu wagt näçe çaga: «Aýazbaba, gelsene...» diýip, bökjekleşip goşgy aýdýandyrlar. Olaryň aýak sesleri paýtuna goşulan ak atlara atlanyp gelýän Aýazbabanyň bedewleriniň toýnak sesi bilen sazlaşar gider! Olaryň arzuwy hasyl bolar... Orazmyrat MYRADOW. | |
|
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |