10:55

Buzdag ýörelgesi (aýsberg prinsipi)

BUZDAG ÝÖRELGESI (AÝSBERG PRINSIPI)

Buzdag ýörelgesi (aýsberg prinsipi) – iňlisçe: “iceberg theory – aýberg nazaryýeti” diýen adalgadan (terminden) gelip çykyp, bu çeper eseriň her bir ýönekeý okyja-da düşnükli, üstki gatlagynda awtoryň aýtmakçy, okyjynyň dykgatynaa ýetirmekçi bolan maglumatynyň (pikiriniň, ideýasynyň, duýgusynyň we ş.m.) azajyk bölegi aç-açan beýan edilip, şol maglumatyň galan ägirt uly böleginiň bolsa düýbünden agzalman geçilmeginden ybarat bolan çeperçilik usulydyr.
Bu çeperçilik usulynyň ady, tebigatda aýsbergiň (buzdagyň) görünýän böleginden onuň suwuň astyndaky görünmeýän böleginiň, ýagny görünýän bölegi buzdagyň 10%-i, görünmeýän bölegi 90%-i bolan, birnäçe esse uludygyndan gelip çykýar.

Bu çeperçilik usulynyň üç sany özüne mahsus alamaty bardyr:

1. Awtoryň çeper beýan edýän maglumaty (ideýasy, baş pikiri) gysby, anyk, düşnükli bolup, ol hökmany ýagdaýda awtoryň beýan etmedik, ýöne göz öňünde tutan göwrümli maglumatyna (ideýasyna, baş pikirine) düşünmegiň we onuň mazmunyna oýlanyp, logikanyň (mantygyň) ýa-da bilimleriň kömegi bilen ýetmek mümkinçiliginiň açary bolup hyzmat etmeli;

2. Awtoryň beýan etmedik maglumatynyň göwrümi näçe uly bolsa-da, ýeterlik wagt hem ukyp siňdirilen halatynda, onuň mazmunyna düşünmek mümkinçiligi bolmaly;

3. Awtoryň ulanan bu “buzdag ýörelgesi” çeperçilik usuly, çeper eseri tukat, bimanylyga öwürmän, tersine ony juda gyzykdyrmaly.

Bu çeperçilik usulyny nazary taýdan esaslandyran, oňa şu ady beren hem-de soňky döwrüň çeper edebiýatynda ilkinji bolup ulanyp başlan awtor, amerikan ýazyjysy Ernest Hemingueýdir (“Beýik Hem”). Bu çeperçilik usuly we edebi beýan ediş ýörelgesi E.Hemingueýiň döredijiliginiň dürli ýyllarynda, dürli eserlerinde ulanan beýan ediş serişdesi bolmak bilen birlikde, onuň durmuşynda we döredijiliginde gollanýan gözellik/nepislik (estetiki) garaýyşy hem bolupdyr.
E.Hemingueýden başga bu çeperçilik usulyny Jerom Selinjer, Jon Apdaýk, Uliýam Folkner, Jon Steýnbek ýaly daşary ýurtly ýazyjylaryň ençemesi ulanypdyr.
Bu usulda çeper eserleriň ideýalaryny, wakalaryny, düzüm böleklerini (detallaryny) beýan etmek diňe bir çeper edebiýata däl-de, eýsem nakgaşlyk, heýkeltaraşlyk, fotografiýa, kinematografiýa, dramaturgiýa ýaly sungatyň we edebiýatyň ugurlaryna, şeýle hem psihologiýa, žurnalistika ýaly jemgyýetçilik işjeňliginiň käbir görnüşlerine-de mahsusdyr.
Buzdag ýörelgesi (aýsberg prinsipi) usulynda, edebiýat ýa-da sungat eseri, eseriň baş pikirini çala ýaňzydyp, ony tapmaçaň açarsözüne (iňlisçe: keýword) öwürýär-de, tapmaçanyň özüni çözmegi bolsa, okyjyň (tomaşaçyň, diňleýjiň) özüne galdyrýar.
Buzdag beýan ediş usulynda çeper eseri ýazmak bir tarapdan-a awtor üçin aňsat, beýleki tarapdanam juda kyn.

Aňsatlygy – eger-de awtor, özüniň çeper edýän wakasyny, çeper gahrymanlaryny, baş pikirini köp ýyllaryň dowamynda, şol atmosferada ýaşap, şol durmuşy, pikirleri özüne siňdiren bolsa, ýagny, daýhan çagasynyň ýörjen-ýörjen çagalykdan ekin-tikine werziş bolup gidişi ýaly, özleşdiren bolsa, onda oňa wakanyň iň zerur bölegini çeper beýan edip, galan bölegini jikme-jikleşdirip, hetjiklemän “ýaşyrmak, duwlamak” aňsat bolýar. Şonda-da awtoryň şol wakanyň köp sanly düzüm böleklerini nygtap suratlandyrmak üçin wagt hem setir, söz sarp etmek zerurlygy aradan aýrylýar. Şeýlelikde, awtor özüniň ilik-düwme belet, ähli jygba-jyg duýgularydyr-pikirlerini öz içinden eriş-argaç geçiren durmuşyny şekillendirende, çeper eseri gereginden artyk süýndürmän, wagtyny we zähmetini tygşytlaýar;

Kynçylygy – awtor, özüniň maglumatyň haýsy bölegini beýan edip, haýsy bölegini bolsa, setirleriň arasynda agzaman, ýöne şolaryň bardygyny okyjy duýar, düşüner ýa-da has dogrusy, şolara düşünesi, şolary duýasy geler ýaly edip galdyrylmadygyny, ýagny buzdagyň “görkezilmeli” on göterimi bilen “görkezilmeli däl” togsan göterimini iňňän inçelik bilen kesgitlemeli bolýar. Bu inçe döredijilik zähmeti bolsa hemme awtorlara başardybam barmaýar. Şol sebäpdenem awtor tejribe topladygysaýy oňa ýazmak kyn düşýär. Sebäbi, onuň ýaş döwürlerindäki ýaly, ol kellesine gelenini “taraşlap şaglatmak” duýgusynyň “jylawyny başyna atyp”, “çüw janawer, nirä gitseň ýoluň açyk” diýip, “ylham atyny” öz erkine goýbermäge, oňa tejribesi, goýazylaşan dünýägaraýyşy, başyndan geçiren ajy-süýji günlerinden alyp çykan “ömür sapagy” ýol bermeýär. Gurbannazar Ezizow, meşhur: “Razy” şygrynda ýazypdyr-a:

“Her goşgymda kämil bolmana derek,
Onuň barha kyn düşýänne razy men.”.

(G.Ezizow. Saýlanan eserler. Aşgabat: Bereket-Bina, 1995. 39 sah.).

Bu çeperçilik usulynyň esasy özüneçekijiligi, ol, çeper eseriň her bir owunjak ol-bi zatjagazlarynyňam, sakgyç çeýnän ýaly “çeýnelip, ýuwdaýmaly” edilip berilmegini halamaýan, okyjylyk “stažy” juda köp, intellektual okyjylaryň, özlerine eseriň “görünmeýän” bölegine isleýişleriçe akyl ýetirmäge we şonuň netijesinde-de eseriň mazmunyndaky çala “gyrasy görkezilen” mataly çözmäge mümkinçilik berýär. Akylly-başly okyjylaryň bilesigelijilik duýgusyny we syr anyklamaga bolan höwesini gyjyklaýar. Şeýlelikde, hemme zady aý-aýdyň, dynnym ýalyjagam gümürtiklik we sorag ýok eserlerden, şeýle usulda ýazylan eserler, okyjylar köpçüligi üçin has özüneçekiji hem gyzykly bolýar.
Elbetde, beýle eserleriň “şiresini, datlylygyny” doly möçberde duýmak üçin, okyjylar, ýeterlik derejede bilimli, üşügi ösen, bilesigeliji, awtoryň ulanýan ýazgasty (podtekst) ýazgylaryny “okamagy” we allýuziýalaryny (latynça: “allusio – ýaňzytmak, henek”, eserde haýsydyr bir köplere mälim bolan, ýörgünli jümläni, maglumaty ýa-da şekili ýerlikli ulanyp, onuň ilkibaşky aňladýan manysyndan başga manyny aňlatmagyny gazanmak) “ýormagy” başarýan bolmaly. Ý.Lotman şeýle eserleriň okyjylarynyň: “awtora kongenial (ruhdaş, ynamdaş) bolmalydygyny” nygtaýar.
Elbetde, “buzdag ýörelgesi” çeperçilik usulynyň geçen asyryň birinji ýarymynda E.Hemingueý tarapyndan atlandyrylyp, edebiýat dolanyşygyna girizilendigine garamazdan, “Hemme täze zat, oňatja undulan köne zat” diýlişi ýaly, bu çeperçilik usuly gaty ir döwürlerden bäri adamzadyň döredijiligine mahsusdyr. Mysal üçin, gadymy hekaýatlaryň, rowaýatlaryň, ertekileriň, tymsallaryň, henekleriň,ýomaklaryň haýsyny alanyňda-da olarda şu usulyň örän ezberlik bilen ulanylýandygyna ünsi çekmek bolar. Halk döredijiliginiň ähli eserlerine diýen ýaly, “buzdag usulyna” mahsus gysbylyk, ýarym ýa-da çärýek aýdylanlyk, azak-tenek matallylyk, aýdylan zatdan aýdylmadyk zadyň ymgyrlygy, baş pikire okyjynyň özi aň ýetirer ýaly edilýändigi häsiýetlidir.
Türkmen awtorlaryndan hem bu çeperçilik usulyny ezber ulanýanlary sanardan köpdür. Diňe bir Berdi Kerbabaýewiň “Japbaklar” eseriniň mazmunyndaky aýdylmadyk pikirleriň, maglumatlaryň, çeti ýaňzydylan durmuşy danalyklaryň hetdi bar-da hasaby ýokdur. Ýa-da Nurmyrat Saryhanowwyň “Kitap”, “Şükür bagşy” eserleriniň baş pikirlerem hut şol “buzdag ýörelgesiniň” çeper edebiýatda ulanylmagynyň nusgawy mysalydyr.
Edil şonuň ýaly, häzirki zaman türkmen ýazyjylaryndanam, bu usuly özleriň kyssa (proza) eserlerinde inçelik bilen ulanmagy başarýanlar hökmünde, ýaşuly ýazyjylardan Kömek Kulyýewi, Agageldi Allanazarowy, Kakamyrat Ataýewi, Hydyr Amangeldini, Ylýas Amangeldini, Ahmet Halmyrady, Öwezmyrat Ýerbendini, ýaş ýazyjylardan, Maksat Bäşimowy, Umyt Küläni, Sylapberdi Muhamowy, Nejep Baýady, Merdan Baýady, Seýran Otuzowy, Bägül Ataýewany, Ahmet Meläni agzaman geçmek bolmaz. Bu ýazyjylaryň her biriniňem, özüne mahsus çeper beýan ediş usulam, eserlerinde güberçekledilip öňe çykarylýan ýa-da çeper sahnalaryň, ýarym ýaňzydylan jümleleriň “arasynda gizlenilýän” ideýalaram bar.
Şu agzalan we beýleki milli awtorlaryň eserlerini dünýäniň okyjylar köpçüligine ýetirjek bolsaň, esasy mesele dil meselesi bolup durýar. Iňlis, rus, fransuz, nemes, hytaý, arap dilleri gerek. Özem biziň ýazyjylarymyzyň, şahyrlarymyzyň ýazan zatlaryny, dilçi-terjimeçiler däl-de, şol dili ene dili ýaly suwara bilýän ýazyjylar, hatda terjime-de etmeli däl-de, hut öz içlerinden eriş-argaç geçirip, täzeden şol dilde ýazmaly.
Biziň edebiýatymyzda şeýlebir şedewral, dünýä dillerine mynasyp geçirilse, daşary ýurt okyjylarynyň göwnüni «gapana» düşürjek eserler bar. Diňe şu wagt ýadyma düşýänlerini agzasam:
Kömek Kuly: «Ýetimleriň baýramy»;
Kömek Kuly: «Garlawajyň gaýy»;
Agageldi Allanazar: «Iner ýüki»;
Sylapberdi Muhamow: «Deňziň kenaryndaky oglanjyk»;
Maksat Bäşimowyň käbir hekaýalary;
Umyt Küläniň käbir hekaýalary we ş.m..
Категория: Edebiýaty öwreniş | Просмотров: 216 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/3
Awtoryň başga makalalary

Edebiýaty öwreniş bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]