08:19

Çagalarda kitaba bolan höwesi ösdürmek

Çagalarda kitaba bolan höwesi ösdürmek

Türkmeniň Beýik şahyry Magtymguly Pyragy «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýip, juda jaýdar belläp geçýär. Kitap adamyň dosty, hemrasy we maslahatçysydyr. Eýsem biz çagalary kitap okamaga nähili ugrukdyryp bileris?
Hünärmenler çagalarda okamaga höwes döretmegiň üýtgeşik syrynyň ýokdugyny belleýärler. Iň esasy zat çaganyň ata-enesiniň kitap okamagy we kitapdaky okan zatlaryny çagalaryna gyzykly edip gürrüň bermegi başarmagydyr.
Soňra kitapda okan gahrymanlarynyň keşbine girip, kiçi ýaşly çagalaryň ünsüni özüňe çekmeli. Öz hossarlarynyň kitapdan täsirlenýändigini gören çagada hem kitaba bolan ymtylma döreýär. Çagada kitap okamaga bolan söýgi ilkinji nobatda maşgaladan başlaýar. Heniz kitap okap bilmeýän çagajyk hem kitaby eline alyp, sahypalaryny agdarar, suratlaryna seredişdirip, gören zatlary barada soramaga girişer. Şeýlelikde, çaga kitap bilen ulalmaga başlar.
Çagalaryň esasy ünsüni çekýän zat suratly, ertekili, gyzykly rowaýatly, tapmaçaly kitaplardyr. Olaryň gowy görýän kitabyny siz bilen bilelikde okamak onuň göwnünden turar. Siz çagalara kitap okap beren wagtyňyz sesiňizi gahrymanlaryň sesine görä üýtgedip okamaly. Şeýle etseňiz, çaganyň kitaba bolan gyzyklanmasy artar.
Kitaby bir adam şol bir äheňde okap dursa, çaga çalt ýadaýar. Käwagtlar çaga hem okamaly, hossarlary bolsa diňlemeli, sebäbi çaganyň ata-enesiniň okap berşi ýaly okap göresi gelýär. Ol okap berilýän kitabyň içinde gezip ýör. Çagany kitap sergilerine, kitap dükanlaryna aýlamaly, özüne kitap saýladyp, saýlan kitabyny alyp bermeli. Alan kitabyna uly baha berseňiz, bu has hem oňat bolar.
Çagalarda kitap okamaga bolan höwesi döretmekde çagalar baglarynyň we orta mekdepleriň üstüne aýratyn uly wezipeler düşýär. Bu ýerlerde ýörite kitap okamak wagty düzgünleşdirilip, şeýle hem ýörite kitap sergiler guralyp bilner. Çagalaryň mekdebe ilkinji gadam basan pursatlary olara tejribeli mugallymlaryň maslahatlary, şahsy göreldesi zerurdyr.
Ýaş çaganyň islendik zada höwesi, islegi bar. Ata-eneleriň we tejribeli mugallymlaryň öz çagalaryny kitaba imrindirmegi olara durmuşda dogry ýoly saýlamaga kömek etjekdigi ikuçsuzdyr. Mugallym çagalaryň kitap okamaga bolan höwesini artdyrmak üçin, olary kitaphanalara äkidip, şol ýerde gyzykly kitaplary okamagy maslahat bermeli. Olary täze çapdan çykan kitaplar bilen yzygiderli tanyşdyryp durmaly. Öz okan kitaplary barada täsirli gürrüň bermegini guramak peýdalydyr.
Häzir elektron kitaplarynyň hem biziň durmuşymyzda möhüm orny eýeleýändigini ýatdan çykarmaly däldiris. Häzirki zaman kämil el telefonlaryndan we kompýuterlerden hem islendik kitaby tapmak mümkin. Bular barada hem çagalara yzygiderli ýatlatmaly we olardan dogry peýdalanmagyň düzgünlerini düşündirmeli.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesliň kitap okamaga bolan höwesini artdyrmak her bir ata-enäniň möhüm wezipeleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň Atalyk kitaplary ýaşlarymyza islendik ugurda ýol görkeziji şamçyrag bolup biler. Taryhy maglumatlara baý bolan bu kitaplar mazmun taýdan hem okyjynyň aňyna ýiti täsir edýär. Bu eserler okyjylarda geçmişe buýsanç, geljege söýgi döredýär.

Gülnar HOJAÝEWA.

Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 583 | Добавил: Raýdaş | Теги: Gülnar Hojaýewa | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Pedagogika we edep-terbiýe bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Мylayym  
83
Dogry belläpsiňiz, Gülnar! Çaga kitap okamakda eje görgüli artistem bolaýýan eken. Birde guzy bolmaly, birdenem, möjege öwrülmeli smile Bir-iki gezek şeýdip okap berdim welin, gyzjagazym yzymdan galmasa näme?! Kitabam gujagynda. :))

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]