12:39

Çardagly Türkmen

ÇARDAGLY TÜRKMEN

Şu ýerde irki eserlerde simwoliki mana, pelsepä aşa agram berlendigine okyjylaryň ünsüni çekesim gelýär. Mysal üçin, Oguz hanyň alty oglunyň atlarynyň aňladýan manysy dogrusynda birnäçe pelsepewi garaýyş öňe sürüldi. Bu babatda menem öz garaýşymy beýan edip, hemişelik Bitaraplyk hakyndaky makalamda: «Agzybir, parahat ýaşaýyş baradaky pikirler Oguz hanyň öwüt-nesihatlarynyň özeninden hem eriş-argaç bolup geçýär. Ol pikiri Oguz hanyň ogullarynyň adyndan okamak hem mümkin. Elbetde, Oguz hanyň Gün han, Aý han, Ýyldyz han, Gök han, Dag han, Deňiz han atly alty oglunyň atlarynyň manysyny her kim özüçe düşündirýär. Ol düşündirişler dürli-dürli bolsa-da, ählisi pelsepewi mana eýedir. Hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy kökleri, parahat durmuşda ýaşamagyň ir döwürlerden bäri halkymyzyň baş arzuwy bolandygy hakynda pikir öwrüp oturyşyma, men Oguz hanyň ogullarynyň atlarynyň ýurduň çägini hem-de şol çäkde asuda durmuşy aňladýan bolaýmagynyň mümkinligi hakda oýlandym. Şu keremli toprakda ýaşap geçen Oguz han, megerem, zemini ogullary bolan Dag hanyň hem-de Deňiz hanyň atlary arkaly öz nebereleriniň ýaşajak ýurdunyň çägini aňladan bolmaly. Ol çäk Köýtendagdan Hazar deňzine, Köpetdagdan Sarygamyş kölüne uzap gidýär. Gök hanyň ady bolsa, şol aralykdaky topragyň elmydama gök öwsüp durmagynyň simwoliki aňladylmasydyr.
Oguz hanyň beýleki üç oglunyň, ýagny Gün hanyň, Aý hanyň we Ýyldyz hanyň atlary-da çuňňur pelsepä ýugrulandyr. Bu atlar arkaly Oguz han öz neberesiniň ýurt tutunan Watanynyň Asmanynyň elmydama açyk, asuda bolmagyny, gündizine Günüň, gijesine Aýdyr ýyldyzlaryň şugla saçyp durmagyny arzuwlapdyr. Diýmek, halkymyzyň şu topragy gülzarlyga öwrüp, parahat durmuşda ýaşamak baradaky arzuwy, baryp, Oguz hanyň ogullarynyň adynda-da öz beýanyny tapypdyr» diýip ýazypdym.
Şeýlelikde, şu ýerde Oguz han düýp neberesiniň ýaşamaly çäklerini ogullarynyň ady bilen aňladan bolsa, «Görogly» şadessanynda türkmen iliniň ýazylyp-ýaýrap ýaşaýan çägi «Çardagly Çandybil» diýen jümle arkaly aňladylypdyr diýen pikiri öňe süresim gelýär. Bu pikiri öňe sürmegime, birinjiden, ady äleme dolan Görogly soltanyň höküminiň ýörän ýeriniň, ýagny Çardagly Çandybiliň käbir edebiýatçy alymlaryň ýazyşy ýaly, çar tarapy dag gerişleri bilen gurşalan dar çygyr bolman, eýsem, häzirki Türkmenistanyň tutýan tutuş çägidigi hakynda gelen netijäm sebäp boldy.
Munuň üçin, ilki bilen, «Çardagly Çandybil» adynyň birinji bölegine üns bereliň. Ol «çar» we «dag» sözleriniň yzyna at ýasaýjy -ly goşulmasynyň goşulmagyndan hasyl bolan goşma atdyr. Onuň birinji bölegi biziň dilimizde «çar» görnüşinde aýdylýan «dört» manysyndaky parslaryň «çehar» sözünden bolup, ikinji bölegi bilen bilelikde «dört dagly» diýen manyny berýär.
Hormatly Prezidentimiziň umumy redaksiýasy bilen Türkmen döwlet neşirýat gullugytarapyndan 2016-njy ýylda çap edilen «Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi» kitabynyň 1-nji jildinde «dag» sözüne «Daş-töwerekden saýlanyp duran daş jynsly beýiklikler» diýlip düşündiriş berilýär. Diýmek, dag birgiden daş jynsly beýiklikleriň ulgamy bolýan bolsa, käbir alymlaryň Göroglynyň soltanlyk eden Çardagly Çandybili diýip çaklaýan Çandybiliniň daşyny gurşap alan belentlikler hem dört (çar) dagyň däl-de, şol bir dagyň gerişleri bolmaly. Şol pursat Çandybil çar tarapyny bir dagyň belent gerişleri gurşan jülgedäki kent hökmünde göz öňünde dikelýär. Hakykatda bolsa, Çandybil dört sany dag gerşiniň (gaýasynyň) arasynda ýerleşmän, dört sany dagyň arasynda ýerleşýär. Şonuň üçin-de, Çandybile «Çargerişli ýa Çargaýaly» diýilmän, «Çardagly» diýlipdir.
«Çandybil» hem goşma at bolup, onuň manysy barada filologiýa ylymlarynyň kandidaty Rejep Pirjanow ady agzalan makalasynda «Çandybil» («çänd» — parsça «birnäçe») sözüniň birnäçe taýpadan durýan il manysyny aňladýandygyny ýazýar. Diýmek, Çardagly Çandybil töweregini dört sany belent dag gerşi däl-de, dört dag gurşap alan, birnäçe ili (ýagny, türkmen taýpalaryny) özüne birleşdirýän örän uly çäk bolýar. Eýsem, onda «birnäçe iliň» ýaşaýan ýeri bolan Çardagly Çandybil nirekä?
Biziň çuňňur ynanjymyza görä, Görogly beg «Çardagly Çandybil» diýende, dört dagyň — gündogarda Köýtendagyň, günortada Köpetdagyň, günbatarda Balkan dagynyň, demirgazykda Bötendagyň aralygyny göz öňüne tutýan bolmaly. Ikinjidenem, ol bir bölek türkmene däl-de, külli türkmene adyl soltan bolupdyr diýsek, hakykata laýyk bolar. Bu pikirimize «Çandybil» sözüniň manysyndan başga-da, Jygalybegiň agtygy Görogla ýüzlenip aýdýan: «...Oglum, indi biz Çandybile gideli, öz ýurdumyza baraly, il-ulsuňa baş bol, oglum. Eger sen Çandybile baryp, kyrk müň öýli türkmen iliňe serdar bolsaň, başga alys daş-töwerekdäki ýüz müň, elli müň öýli türkmen illerem saňa ýaran bolup, seni goldar, oglum» diýmegi-de, şadessanyň 1941-nji ýylda neşir edilen nusgasynda Göroglynyň: «Külli türkmen balasyny, // Men söýer men ili bilen» diýmesi-de ynandyryjy delil bolup biler. Onsoňam, şadessanda agzalýan Balkan dagy (Balkan welaýaty), Şähribossan, Aşyk Aýdyň piriň mekany (Daşoguz welaýaty), Jeýhun derýasy (Daşoguz, Lebap welaýatlary), Weýeňňam şäheri (Ahal welaýatynyň Sarahs etraby) ýaly ýer-ýurt atlary hem Göroglynyň häzirki Türkmenistanyň çäkleriniň ähli ýerine hökümini ýöreden beýik soltandygyna şaýatlyk etse gerek.
Göroglynyň agyr iliň soltany bolandygyna onuň bilen ýa-da Gyrat bilen bagly ýer atlarynyň häzirki Watanymyzyň bütin çäginde duş gelýändigi hem güwä geçýär. Mysal üçin, professor Mäti Kösäýew il içindäki gürrüňlere salgylanyp: «...häzirki Etrek sebitlerinde ýerleşýän Dehistan düzündäki gadymy şäher Maşady-Misserianda Göroglynyň Gyratynyň suraty bar, onuň gabry hem şol töwerekde diýip rowaýat aýdylýar» diýse, A.Gylyçdurdyýew bu rowaýat hakynda rus we özbek alymlarynyň: «Şunuň bilen baglanyşykly Türkmenistanda, Balkan dagynyň sebitlerinde halkyň keramatly öwlüýäsi hökmünde zyýarat edilip, düýnelip ýörlen legendar Göroglynyň guburynyň bardygyny bellemek gyzyklydyr» diýýän pikirlerine ünsi çekýär.
Köýtendaglylar bu ýerdäki «Göroglynyň gowagy» atly dag gowagynda ömrüniň ahyrynda Göroglynyň ýaşandygy hakynda rowaýat edýärler (S.Atanyýazow, «Türkmenistanyň geografik atlarynyň düşündirişli sözlügi», Ylym, 1980ý.). Elbetde, rowaýat rowaýatdyr, ýöne olam howaýy ýerden döräýmän, esasynda bir hakykaty saklaýar ahyryn. Şol hakykat bolsa, bu ýerleriň hem Çandybiliň çägine girendigi, Göroglynyň soltanlyk höküminiň bu töwereklere hem ýörändigi baradaky pikirimizi berkidýär.
Göroglynyň soltanlyk hökümini ýöreden ýeri — daşyny ýokarda agzan dört dagymyzyň gurşan giňişligi, ýagny häzirki Watanymyzyň çägi bolsa-da, ýurt soran esasy galasynyň Balkan daglarynda («Balkan degresi mekanym») bolan bolmagy mümkin. Ony XVIII asyr nusgawy şahyry Şeýdaýynyň «Türkmeniň ahwaly» şygrynda:
Kör han ogly Ugurjyk alp,
Gezdi türk ilin at salyp,
Körogly oňa at galyp,
Paç alyp geçdi sagy-soly —
diýip, Ugurjyk alpy Görogly atlandyrmasy, Ugurjyk alpyň bolsa, taryhçylaryň ýazyşyna görä, XII-XIII asyrlaryň sepgidinde öz ilaty bilen Balkan daglarynyň golaýynda ýaşandygy hem subut edýär. Olar Amyderýadan gözbaş alyp gaýdýan Uzboýyň Hazar deňzine guýýan ýerinde şäher bina edip, oňa Ogurja (başda Ugurja atlandyrylyp, soň ses üýtgemesine sezewar bolan bolmagy mümkin — D.A.) diýip at beripdirler. Häzir Hazar deňzindäki ini 1-1,5 kilometre, uzynlygy 42 kilometre golaý bolup, 45 inedördül kilometr meýdany tutýan ada Ogurjaly diýilýär.
Makalamyzyň jemlemesinde ýene esasy gürrüňimize dolanasym gelýär. Hormatly Prezidentimiziň edebi miraslarymyzy hertaraplaýyn öwrenmek üçin giň mümkinçilikleri döreden döwründe Çardagly Çandybil hakynda, onuň nirede ýerleşýändigi dogrusynda geljekde-de kän gürrüň ediler.

Döwrangeldi AGALYÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.

"ESGER" gazeti, 2020 ý.
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 337 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Döwran Agaly | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]