18:50

Çarlz Bukowskiden pikirler

ÇARLZ BUKOWSKIDEN PIKIRLER

Ol ençeme zenanlar bilen başly-barat ýakyn gatnaşykda bolupdyr, kän içipdir, geplände iki sözüniň biri paýyş söz ekeni.
Ýene-de...
Ol ýazypdyr.
Ýiti.
Kinaýaly.
Çyn.
“Men jemgyýetiň özümi özüne görä gaýtadan kesip-biçmegine ýol bermerin” diýip ol, bir gepinde aýdypdyr.
Ömrünem şu ýörelgä eýerip ýaşapdyr.
Kakabaş.
Özdiýenli.
Hötjet.
Köp zat hakda özpikirli...
1920-nji ýylyň 16-njy awgustynda-ha doguldy.
1994-nji ýylyň 9-njy martynda-da aradan çykdy.
74 ýyl ömründe-de 45 kitap ýazdy – 6 roman, 7 hekaýalar ýygyndysy, 32 sanam goşgular ýygyndysy...

• Öz bahaňyzy biliň

Men bu dünýäni bütewiligine isledim ýa-da hiç zady.

Siz özüňiziň mynasyp bolan ýa-da isleýän zadyňyzdan az zada razy bolmaly dälsiňiz. Gowudan-gowusyna ymtylyň hem-de sizi doly bagtly edýän zatdan başga hiç bir zady kabul etmäň. Soň hemişe ökünip ýörmek üçin, diňe aralyk netijelere boýunalyk bolup, siziň öz maksatlaryňyzdan ýüz öwürmegiňiz hiç hili manysy ýokdur.

• Sapy çykýança ýaşaň

Ölümiň özi gorkuly däl-de, adamlaň öz ömürlerini ölýänçäler ýaşaýyşlary gorkunç.

Paraşýutly bökesiňiz gelýär-de, ýöne muňa hiç aýgyt edip bilmeýäňizmi? Diýmek bökmegiň pursaty ýetdi!
Sungatyň taryhy boýunça okuw möwsümini geçesiňiz gelip ölüp barýarsyňyz-da, ýöne onuň öz durmuşyňyzda size gerek boljagyny bilmeýärsiňizmi? Şu günüň özünde okuwlara ýazylyň!
Sizde diňe ony gönüden-göni şu wagtda ýaşamak mümkin bolan birje ömür bar. Çenden aşa giç bolýança garaşmak nämä gerek?

• Özüňizi söýüň

Men – özümde bolan ähli zatdan iň gowy güýmenje.

Hiç kes kämil däl, bu hakykat, ýöne şeýle-de muň üçin öz-özüňi gemirmekde-de hiç hili many ýok. Her bir owunjak etmiş üçin özüňizi köteklemäni bes ediň we öz gowşaklyklaryňyza azajygam bolsa eglişik ediň. Bu öz-özüňi kämilleşdirmegiň üstünde işmeli däldigini aňlatmaýar, ýöne her neneňsi ýagdaý bolanda-da, özüňiziň iň uly janköýeri hem hemaýatkäri boluň.

• Hasratdan heder etmäň, onsuz siz bagtyň nämedigini duýup bilmersiňiz

Siz hakykatdanam ýaşamaga başlamakdan öňünçäsi birnäçe gezek ölmelisiňiz.

Yza, gam, gahar, lapykeçlik, howsala – biziň durmuşymyzy zäherleýän we käbir ýagdaýlarda bizi gutarnykly betbagt edýän ýaramaz duýgular. Ýöne siz hiç haçan olaň gapma-garşylygyny bilmezden, durmuşyň bize hödürleýän ýagşy duýgularyna doly möçberde baha kesip bilmersiňiz. Şoň üçinem, haçan-da sizi göwnüçökgünlik eýelände, ýatda saklaň, bahym hemme zat üýtgär we iň garaňky pursatam atyp gelýän daňyň gözelligini has aýdyň görkezer.

Çeşmesi: https://tengrinews.kz/mixnews/prostyie-istinyi-ot-charlza-bukovski-300542/. 23.05.2022ý.
Категория: Sözler | Просмотров: 346 | Добавил: Bagabat | Теги: Çarlz Bukowski | Рейтинг: 5.0/4
Awtoryň başga makalalary

Sözler bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 5
0
1 Yusup  
50
Güýçli ýazyjy, rus dilini gowy bilsediň. Hezil edip kitaplaryny okasaň. Köçe dilinde gürleýän. Emma kitap okaňda gaharyňa beýläk oklap göýbereniňi duýman galýaň. Beýlede köp sözli dil bolar ekeni.

0
2 Yusup  
50
Serdar aga habarlaşalyla. e mailim hasabymda bardyr.

0
3 Bagabat  
43
E-mail-iň profiliňde görünmeýän ekeni.

0
4 Yusup  
50

0
5 Bagabat  
43
Ok.
?!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]