13:10

Çeýnäp başladyk

ÇEÝNÄP BAŞLADYK

Göroglydyk, kör boldukmy doganlar,
Haramy ynjaman çeýnäp başladyk.
Belent başymyzy gysyp eginler,
Ejizligi ýarag eýläp başladyk.

Artyk çekdirenok oýnaklap,näzin,
Hormatlap mukkaddes saçagyñ duzun.
şonda-da çañ gözläp üstünden buzuñ,
Bir töre, on aýal peýläp başladyk.

Toýlaryñ iñ süýji lezzetin döwüp,
Sadakadan soñam "mollasyn kowup",
Sogaplary ajy şeraba ýuwup,
Şeýtan bilen gülüp, oýnap başladyk.

Biz çyndanam Oguz handan öndükmi,
Ýa türkmençiligi agyr gördükmi?
Heý ýigrim bir ýaşda çaga boldukmy,
Boý:n almagam mertlik,
Ownap başladyk.

"Eýtdik, beýtdik" diýmekde ýok netije,
Eý türkmen, gursagñy diñläp gör birje.
Bagt, söýgi hakda ýazjakdym niçe,
Ahlak eýgertmedi, gaýnap başladyk.

Kerim HALLY.
Категория: Goşgular | Просмотров: 489 | Добавил: Мylayym | Теги: Kerim Hally | Рейтинг: 2.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Пересветы / Goşgular - 08.01.2023
Ýazylmady dile görä / Goşgular - 31.01.2023
"Men şeýle bir goşgy okasym geldi..." / Goşgular - 21.01.2023
Garry gyzyň yrlyşy / Goşgular - 23.01.2023
Sönmezek umyt / Goşgular - 21.01.2023
Лиле Эфрон / Goşgular - 29.01.2023
Geçdigiçe geň göremok / Goşgular - 24.01.2023
«День идёт…» / Goşgular - 08.01.2023
Saňa duşmazdan ozal / Goşgular - 27.01.2023
Göwün ýüwürtme / Goşgular - 06.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]