23:23

Çilimi taşlamak üçin maslahatlar

ÇILIMI TAŞLAMAK ÜÇIN MASLAHATLAR

Halk arasynda “Çilimkeşiň hem içi ýanar, hem daşy” diýen aýtgynyň döremegi tötänden däl. Temmäki tüssesinde 4 müňden gowrak himiki madda (aglabasy zäherli) bolup, olar adamy hem içden, hem daşdan zäherleýär. Onuň adam bedenine daşky täsiri mese-mälim bildirýär: dişler saralýar, owralyp dökülýär, dodaklar jaýrylýar, deri solýar, saç öwüşginini ýitirýär, dyrnaklar döwülýär. Bu görnüş endamdan, saçdan eşikden gelýän ýakymsyz ys bilen utgaşyp, çilimkeşe ýigrenç döredýär, armanly “ýanyp” barýan ömre haýpyňy getirýär. Yzygiderli ulanylanda çilimiň içden edýän täsiri adama ölüm howpuny salmaga çenli baryp ýetýär. Dodaklarda, agyz boşlugynda ýaralaryň döremegi, iýmit siňdiriş hadysasynyň, maddalaryň alyş-çalşynyň bozulmagy, gandaky gemoglobin bilen birleşýän bogujy gazyň dokumalara kislorodyň barmagyna päsgel bermegi soňabaka ähli agzalaryň işjeňliginiň peselmegine we has agyr ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna getirýär. Netijede, bronhial demgysma, bronhit, iýmit siňdiriş, peşew çykaryş we dem alyş ýollarynyň, böwregiň, bagryň agyr keselleri, öýkeniň, gyzylödegiň, içegäniň, aşgazanyň, aýallarda jyns agzalarynyň howply çişleri döreýär. Howply täze döremelere ýolugan adamlaryň 1/3 bölegi çilimkeşdir. Şeýle keseller zyýanly endikli adamlarda sagdyn ýaşaýan adamlara seredilende 20 esse köp duşýar.

■ Çilimi taşlamak üçin maslahatlar

Muny her kim başarar. Dünýäde 1,3 milliarda golaý adam çilim çekýär. Olaryň arasynda zyýanly endiginden dynmagy arzuw etmeýäni ýok diýerlik. Aşakdaky maslahatlar çilimi taşlamagy isleýänlere maksadyna ýetmäge kömek eder diýip, umyt edýäris.
I Şeýle psihologik synag çilimi taşlamagyň zerurdygyna düşünmäge ýardam edýär. Çilim çekenden soň onuň galyndysyny içi suwly banka atyň. Birnäçe günden soň bulanan, garalan, ýürek bulaýjy görnüşe geçen suwuklyga seredip netije çykaryň: siziň öýkeniňiziň ýagdaýy şondan gowumyka?

II Çilimi taşlamagy berk ýüregiňize düwdüňizmi? Onda bu niýetiňizi amala aşyrmaga başlajak günüňizi belläň, şonda 3 günläp asuda ýagdaýda bolmalydygyňyzy, hiç kimiň siziň rahatlygyňyzy bozmaly däldigini göz öňünde tutuň.
III Galan-gaçan çilimleriňizi zibil atylýan bedrä oklaň. Küldany, otluçöpi görünmeýän ýerde goýuň.
IV Zyýanly endigiňiz bilen hoşlaşýandygyňyzy garyndaşlaryňyza, tanyşlaryňyza, dostlaryňyza aýdyň.
V Özüňizi çilim taşlamaga meýillendiren sebäpleri ( saglyga zyýanly täsiri, artykmaç çykdaýjylar, saçyňyzdan, eşigiňizden, agzyňyzdan ýaramaz ysyň gelmegi, dişleriňiziň saralmagy, deriňiziň solmagy we ş.m ) bir kagyza ýazyp goýuň. Çilim çekmäge isleg peýda bolan dessine şol kagyzy okaň.
VI “Bile tüsselemgi” teklip eden adama “ýok” diýmegi başaryň. Umuman çilim çekilýän ýerlere barmajak boluň.
VII Bedeniňize nikotinden saplanmaga kömek ediň: her gün azyndan 2 litr suw içiň, ter miweleri we gök önümleri iýiň.
VIII Bir aýlap çilimi küýsedýän içgileri – arak, kofe içmäň.
IX Juda çilim çekesiňiz gelende uludan dem alyp, demiňizi birnäçe sekuntlap goýbermän saklaň. Bu maşky birnäçe gezek gaýtalaň.
X Peýdaly güýmenjeler: kompýuter oýnamak, kitap okamak, sport bilen meşgullanmak, telewizora tomaşa etmek siziň ünsüňizi çilimden sowar. Teatra, muzeýe gidiň, tebigata gezelenje çykyň.

# M.Ilamanowa, I. Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk mekdebiniň mugallymy.
Категория: Medisina | Просмотров: 409 | Добавил: Mahperi | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Medisina bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]