17:35

Çymda biten benewşe

ÇYMDA BITEN BENEWŞE

Hakykatdan-da ol çymda – sähranyň gyrtyçly, sonar ýaýlasynda biten benewşä – elwan reň lälä çalym edýärdi. Ol türkmen teatr sungatynyň ömür-ömür reňki solmajak benewşesidi. Gör, näçe göwünler şol gülüň nuranalygyna bendi bolandyr. Gör, näçe dideler şol gülüň didaryndan mährini gandyrandyr. Teatr benewşeleriniň nurly, Taňrynyň münewweri siňip, röwşenlenen şol benewşä bendiwanlyk, gözügidijilik bilen bakandyr.
Ol daglarda biten gök öwsüp oturan arça ýalydy. Gündogar sähralarynda gögerýän ýapragy gyşyn-ýazyn ýaşyl öwsüp oturan şemşat agajyna meňzeşdi.
Ol Aşgabatdan uzakda türkmeniň gadymy obalarynyň biri – Köpetdagy etekläp oturan Bamy obasynda doglupdy. Ol entek agy-garany saýgarmaýarka, durmuşyň şarpygyny dadypdy. Ejesi biçäre ýaş üstünden ýogalypdy. Kakalary çekik ýaly iki gyzy bilen ýetim galypdy. Durmuş diýlen zat bir ebşitläp ýakaňdan tutansoň, goýbermäni bilmeýär. Täleý iki sany agzy sary gyzjagaza, şunam rowa görmeýän ýaly, olary kakalaryndan jyda kyldy. Ykbalyň bimahal uran urgularyndan usurgan neresse çaga öýde ýakar ýaly, höwürtgedäki etene guşjagazlara çalym edýän balalarynyň süňňüni ýyladar ýaly odun alyp gelýärdi. Äpet ýylan oňa garaşyp duran ýaly eken. Ol emgeginiň, ajalynyň üstüne özi baran eken.
Men bu zatlary nireden bilýän! Bu zatlaryň baryny maňa Sabyr ejäniň özi gürrüň beripdi. Nirede, haçan diýip sorarsyňyz. Şol wagtlar Türkmenistan komsomolynyň Merkezi Komiteti “Agitotly” gurardy. Şonda biz Sabyr Ataýewa bilen Täjigistanyň Gürgendepe welaýatynyň etraplarynda türkmenleriň ýaşaýan Ýylyköl etrabynyň kolhozlarynda çykyş etdik. Brigadanyň düzüminde ýurdumyza belli ansambllar, žurnalistler, GDA-nyň çar tarapyndan gelen dürli hünärli ýaşlar bardylar. Şonda men Sabyr Ataýewanyň – türkmeniň artisti bolup çüwen bagtynyň merdana zenanyň nähili ajaýyp artistdigine göz ýetirdim. Ol usullyk bilen märekäniň öňüne çykýar. Goh-galmagala suw sepilen ýaly tapba kesilýär. Ene gürläp başlaýar. Ýürekler gyýym-gyýym bolýar. Hiç kimden ses-seda çykanok. Sebäbi geplemek bolanokdy. Ene gürleýär. Bagryny paralap, uruşdan ölmän gelip, şu günüň ýaramaz adamlarynyň derdinden ýüreginden tutup ölen ogluny ýat edýän ene bozlaýar. Adamlaryň ýüregi däl, tutuş on iki süňňi sarsyp gidýär. Märeke durşy bilen gulaga öwrülýär. Hatda adaja şemalyň şuwwuldysy hem eşidilýär. Bu tolgundyryjy parça Annaberdi Agabaýewiň “Bir gören tanyş” dramasyndandy.
Sabyr eje geplemesini bes edýär. Şonda-da hiç kim geplänok. Aktrisanyň zehini bilen jadylanan, dideleri ýaşly märeke dymýar. Dymyşlygy Sabyr ejäniň özi bozar:
– Indi bolsa size Gurbandurdy Gurbansähedowyň ýazan dramalarynyň birinden bir parça oýnap bereýin. Waka otuzynjy ýyllarda bolup geçýär.
Soňra ol bir türkmen zenanyň taburetkanyň üstünde nähili oturmalydygyny bilmän, elewreýşini oýnaýar. Ýap-ýaňja-da gözüni ýaşlap, delmuryp duran adamlaryň ýüzlerine ýagty ýylgyryş çaýylyp gider. Soňra tutuş mähelle hezil edinip güler. Sungat diýibem şuňa diýäýseň!
Soňam köp gezek Sabyr eje bilen duz-emek bolduk, döredijilik komandirowkalaryna bile gitdik. On günläp Gyzylarbat etrabynyň obalarynda çykyş etdik. Şonda türkmen eneleriniň nurana hem mähriban, geçirimli hem päkize keşbini döreden gujurly zenany, sözüň doly manysynda halk artistini iliň-günüň nä derejede söýýändiginiň şaýady boldum. Ýaşynyň ýetmişden agandygyna garamazdan, ol ýadamany, ýorulmany bilmezdi. Men oňa degşip: “Sabyr eje, tüweleme sen, ýaş esgerleri yzyňa düşürip, ýetmiş ýaşly Alp dagyny zabyt eden Suworowa meňzeýärsiň” diýerdim. Ol:
– Burnuňy Şükür agaň burny ýaly edip ýok zatlary tapýarsyň – diýip, degişmä degişme bilen jogap bererdi.
– Ol deňeşdirmäni gaty görseňiz başgasyny aýdyberäýerin Sabyr eje. Siz sährada biten benewşä meňzeýärsiňiz – diýenimde, ol monça bolardy. Onuň agras, jepa baryny gören ýüzünde, kütelişen didelerinde öz zehinine, öz ömrüne bolan çäksiz buýsanjyň uçguny janlanan ýaly bolardy. Gürrüňçildi. Öz halypalary, teatrda, kinoda bile oýnamaly bolan artistleri barada, olaryň ömründäki gülküli pursatlar dogrusynda gürrüň bererdi. Ol öz hünäriniň ezberidi. Ol sözüň doly manysynda intellektual, professional artistdi. Bir gezek bir türkmen diline düşünmeýän köpçüligiň öňünde çykyş etmeli bolduk. Sabyr eje şonda Puşkiniň:
Pogaslo dnewnoýe swetilo!
Na more sineýe weçerniý pal tuman.
– diýip başlanýan goşgusyny okap, oturanlary aňk etdi.
Sabyr eje aramyzda ýok. Ýöne onuň ýüreklerde, türkmeniň ömür-ömür öçmejek hakydasynda ekip giden benewşeleri weli solanok. Ýyl geçdigiçe şol benewşeler nurlanar, terlener, reň alar. Müňläp-müňläp sungat söýüjilere ylham berer.

Gurbandurdy ORAZOW.

# 9-njy makala.
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 373 | Добавил: Gurgencli | Теги: Gurbandurdy Orazow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]