20:06

Dag etekleri

DAG ETEKLERI

Juda üýteşik ýer dag etekleri,
Jülgesi, çeşmesi, ýaşyl sarç bagy.
Uly bie ansaml
Uly bir dünýä,
Uly bir gözellik, bularyñ bary.

Dagy-daşy böwsüp çykan çeşmeler
Gudratlañ gudratyn göz öñne getir.
Asmanda görünýän älemgoşarlar
Çeşmeleñ astynda gizlenip ýatar.

Dana şahyrlaryñ wasp edişi deý,
Täsin jülgeleri - jennetiñ özi.
Gözlese bir nadan başga jenneti,
Ynanmañ siz oña,
Gapykdyr gözi.

Baglary müñ gülden jemlenen bir bag,
Daglary müñ daşdan jemlenen bir dag,
Şoñ üçin beýikdir dagda ýörenler,
Göwni daga deñdir dagy görenleñ.

Gözellik elmydam göwnüñiz açsyn,
Daşa urmañ kelläñ kütek ýerini.
Gözellik görmäge uzaga gitmäñ,
Geziñ daglarmyzyñ eteklerini!

Abdyreşit TAŞOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 384 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Abdyreşit Taşow | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024
«Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024
Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024
Alabahar / Goşgular - 21.03.2024
Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024
Şert / Goşgular - 09.02.2024
Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024
Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024
Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024
Erjellik / Goşgular - 05.01.2024

Teswirleriň ählisi: 6
0
1 Selena  
313
Gözellik görmäge uzaga gitmäñ,
Geziñ daglarmyzyñ eteklerini!
Bor bor giderin

0
2 Akjemal  
243
Dag eteginde duran yaly boldym. smile tasirli.

0
3 Hаwеrаn  
245
Baranyñyzda maña-da aýdyñ )

0
4 Selena  
313
Bor)

0
5 Мylayym  
83
Juda üýteşik ýer dag etekleri,
Jülgesi, çeşmesi, ýaşyl sarç bagy.
Uly bie ansaml
Uly bir dünýä,
Uly bir gözellik, bularyñ bary...

Ýaz pasly gül-gülälekli meýdana bürenen, böwürlenli, düýbi daşlyklardan ybarat, jaýrykda ýerleşýän, akyp duran beýik şarlawuklar ýadyma düşüp gitdi. smile

0
6 jumagylyjovao  
88
Owadan goşgy. Men diňe Kawkaz daglaryny gördüm. Öz daglarymyzy görmegem nesibämde bar bolaýady.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]