08:14

Dana sözler

Dana sözler

Çet ýurt dilini bilmek üçin alty ýyl ýetik,
Öz diliňi bilmek üçin bir ömür azlyk edýär.
Wolter, fransuz filosofy.

***
Kitaplar bilen diňe bir başga dünýälere däl, hatda öz dünýäme-de syýahat etdim.
Anna Kwindlen, amerikan ýazyjysy.

***
Geplemezden öň pikir et, pikirlenmezden öň hem oka!
Frank Lebowiç, amerikan ýazyjysy.

***

Dünýäniň ölmez-ýitmez diýlip atlandyrylýan kitaplary dünýäniň bar syryny açan kitaplardyr.
Oskar Uaýld, irland ýazyjysy.

***

Her gün bir kitap okadym, durmuşym düýpgöter üýtgedi.
Orhan Pamyk, türk ýazyjysy.

***

Okamagyň lezzetinden uly lezzet ýokdur. Özbaşyma mülküm bolanyndan, özbaşyma kitaphanam bolanyny has gowy görerdim.
Jeýn Osten, iňlis ýazyjysy.

***

Kitaphon adamlaryň arasynda bolmak, gör, nähili bagt!
Roýner Mariýa Rilke, çeh ýazyjysy.

***

Men hemişe-de behişdi kitaphana hökmünde göz öňüne getirýärin.
Hose Luis Borhes, argentin ýazyjysy.

***
Kitaplar kalbyň aýnasydyr.
Wirjiniýa Wulf, amerikan ýazyjysy.

***

Kitapsyz otag ruhsuz beden ýalydyr.
Siseron, rim syýahatçysy.

***

Ähli kitaplary okamak geçen asyrlaryň iň ajaýyp adamlary bilen söhbetdeş bolan ýalydyr.
Rene Dekart, fransuz filosofy.

Toplan Oraztäç ALLAÝAROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň uly mugallymy.
Категория: Sözler | Просмотров: 599 | Добавил: Raýdaş | Теги: Ogultäç Allaýarowa | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Sözler bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]