DARKAŞ
Men senden meýletin boýun towladym,
Bu bir içki garaşsyzlyk darkaşy.
Şondan bärem aýdym aýdýan zowladyp,
Eýmendirip Wasy,
Ýañlandyryp Arkajy.
Onuň her çümmügin der bilen ýugrup,
Ruhumyñ heýkelin döretjekdim men.
Gursagym guranda ýüregmi sogrup,
Nebir arzuwlarma böwet çekdim men.
Elde dogry taýak,
Ýanym çolukly
Çopanlardan geçip, çöle giderdim.
Ýeri, beýle bela nirden ýolukdy
Ýazmaklyk azary, ýanmaklyk derdi?
Bärde köçeler giñ, öýlerem kaşañ,
Adamlar tüpeñ dek gurşanypdyrlar.
Bazara gidende süýji sargasam,
Deregne, ýalñyşyp, burç alypdyrlar.
Şondan ötri dilim ýanyp topulýan
Teý, alaç tapmamsoñ derdi gozgara.
Ümsümligiñ kölgesinde bukulýan
Kör-köpük getirip bilmän rozgäre.
Bärik gelen bolsañ, ýöne ýer-ä däl,
Hökman bähbit gözläp gelensiñ – diýip.
Bähbit bilen ýatyp-örýän kişiler
Gownüme degdiler – geleňsiz – diýip.
Olar başga dilde gepleýärdiler,
Men bolsa ol dilden ýaňa gömükdim.
Hoşanyň gymmatyn çöpleýän biler,
Gara basan öli kimin demikdim.
Depä çykdym.
Degre-daşym çolardy,
Her söz üçin golda barym berdim men.
Eýsem, aýdyñ, heý, gutulyp bolarmy
Ýanman ýazmak, ýazman ýanmak derdinden?!
Sungat GURBANGELDIÝEW.
|