06:44

“Deger ýokdy etsem-petsemlerimde...”

“Geçmişimi iýdim çörege çalyp,
Göwnüm ajyja zat küýsän mahaly.”
Mukam Muhamow


Äht-kasamym ýokdy kimsäň öňünde,
Andam däldi, bar içýänim meýdi meň.
Düýrläp zyňdym ýazjak bolanlarymy,
Zyňşym ýaly arzuwlarmyň meýdinem.

Deger ýokdy etsem-petsemlerimde,
Kör-köpükdi olaryň bar bahasy.
Gülkülermi ýanap iýdim nahara,
Göwnüm ajyja zat küýsän mahaly.

Doglan günüm püre-pürläp bulgury,
Orslar ýaly matam baglap, ýas tutdum.
Gatnaýanym diskoteka bolsa-da,
Diňläp-diňläp, “Keçpelegi” ýat tutdum.

Goh-jenjelden gaça durdum
(Gursagyň
gowgasyndan tapmasamam çykalga),
Assa-ýuwaş öwrenişip bar zada,
Ömri külterledim ýykma-ýykylma.

Güýze, gyşa höwür bolup soň-soňlar,
Küýsemämi goýdum tomus, bahary.
Gussalarmy garyp içdim çaýyma
Göwnüm süýjüje zat küýsän mahaly.

Sapa HOMMADOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 408 | Добавил: Pegas | Теги: Sapa Hommadоw | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Soltan / Goşgular - 27.03.2024
Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024
Göreş / Goşgular - 11.02.2024
Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024
"Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024
Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024
Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024
Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024
Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024
Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024

Teswirleriň ählisi: 7
1
1 Hyýalkeş  
752
Sapa awtor, gussalaryñyz süýji bolsa, şatlygyñyz nähilikä diýdirdiñiz :)
Goşgy umuman alanyñda gowy. Ýöne kimdir biriniñ setirini epigraf alanyñda ýazjak goşguñy şonuñ pikrinden başgaçarak ýere eltmeli. Şol setirden esaslanyp seniñem bir açyşyñ bolmaly. Bu goşguda görýänim siz Mukam şahyryñ aýdanlaryndan daşa gidip bilmän şol töwereklerde aýlanypsyñyz. Jemlemäñizem ýene şoña ýanalan.
Barybir goşgy gowy. Üstünlik!

0
2 permanh2206  
960
Ustinlik hemraň bolsun awtor

0
3 mango  
651
Mukam Muham gowy diýipdir.
Ajyja zat küýseseň geçmişiňi çörege çal.
Dowam edip süýjije zat isleseň geljegiňi ballandyryp agzyňa çal….
Ah, göwünjigim, göwünjigim. Aldanmakdan keýp alýan göwünjigim…

0
4 agza101  
1066
Ajy gülki, süýji gussa. Manylaryň ýer çalyşmagy. Goşgyň ady "Orta ýaş sendromyna giriş" bolup bilerdi. (Hoş gördük, Sapa!)

0
5 Gumlygelin  
8
Tüweleme Sapa!
Hemme gülkiñ süýji bolmaýanyny,hemme gussañ ajy bolmaýanyny gowy beýan edipsiñ.Goý,ajy gülki adamlardan daşda bolsun!Dowamly bolsun!

0
6 Yusup  
50
Sapa kyn görmeseň habarlaşalyla. Sizden kiçijek haýyş bar!

0
7 Yusup  
50

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]