01:13

Deñziñ kenaryndaky oglanjyk / hekaýa

DEÑZIÑ KENARYNDAKY OGLANJYK

Mele saçly, monjuk gözjagazlaram deñiz ýaly mawy däl-de, goyungözli oglanjyk. Babasy bilen her gün kenarda. Hudaý gün berse, nawlaryna atlanyp awa çykýarlar. Ak sakgal goja her gezek deñze tor oklanda
- Ýa Razzaky Âlemin - diýýär.
Oglanjyk güýji ýetse-ýetmese babasyna kömeķçi. Deñiz otlary çolaşan hem balyk ysly, höl torlary ýygnajak bolup, çepiksizje elleri awy-azar. Şonda-da ýylgyrýar. Oglanjygyñ ýylgyrşyndan dünýä gözelleşýän ýaly. Hiç bolmanda babasynyñ göwnüne-hä şeýle.
Daşyndan bigam görünse-de oglanjygyñ bir arzuwy bar. Ol arzuwlaryñ arzuwy. Onuñ şeýlebir şäheri göresi gelýär.

***

Gün deñziñ arkasyna gyşaryp ýaşmaga hyýallanýar. Asmanyñ gözýetim bilen birleşýän ýeri gyrmyzy reñke boýalyp, Sary Gün deñziñ añrysyna sary howlugýar. Oglanjyk hem ulalmaga, şäheri görmäge gyssanyar...
Ol daglaryñ üstünde lowurdap görünýän şäher yşyklaryna gözgidijilik bilen garap doýup bilenok. Nähili üýtgeşik. Jadyly ýaly. Şähere gidip gören deñ-duşlarynyñ gürrüñ beren zatlaryny onuñam göresi gelýär.
Köçelere tekiz daş düşlenmiş, belent jaýlar, haýatly howlular. Heýwere gowy. Adamlaram tap-täzeje eşik geýp köçlere çykýarmyşlar. Aýal-gyzlaryñ sepinýän atyrynyñ ysyny alsañ dagy bihuş bolup ýykylaymagyñam mümkinmiş.
Oglanjyk arzuwlarynyñ heserinden başy aylanan ýaly iki ýanyna garanjaklady.
Deñiz hem tolkunlary bilen kenara urlup, ala şowhun edip, birzat diýjek bolyan ýaly.

***

Oglanjygyñ deñiziñ suwundan gözleri çym-gyzyl. Şapak ýaly gyzaran gözleri bilen deñiz tolkunlaryny synlap uludan dem alýar. Soñky wagtlar oña barha kyn düşýäni bildirip dur. Babasy halys tapdan düşüp barýar. Awdan soñ deñiz otlary ýapyşyp ýatan torlaryñ çöşlemini açmak oña iş bolýar. Ýadawlygyndan ýaña depesinde gaýýan çarlaklaryñ sesinem ýigrenýär käte. Emma näçe ýadasa-da, oglanjyk bir arzuw bilen ýaşaýar. Onuñ şäheri göresi gelýär.
Gije oglanjyk ýatyp bilmän çykýar. Ayagynyñ agyrsyna çydaman iki-baka urunýar. Babasynyñ hem ýatyp mazasy bolanok. Ertir gotan ýagyny alyp, agtyjagynyñ aýaklaryny owkalap bermegi ýüregine düwüp, uklap bilmejegini bilse-de gyşarýar.

***

Bu gün aw ganly boldy. Oglanjygyñam keýpi kök, babasy hem göwnühoş ýylgyrýar. Dik depäñde gaýýan çarlaklaryñ sesi hem şadyýan ýañlanýar. Sebetler balykdan dop-doly. Babasy ak sakgalyny sypalap: arasynda şeýle hem bolup dursun-haw diýip, çöññelen gözlerini süzýär. Babasynyñ keýpikök çagyny peýläp oglanjyk:
- Baba, bir zat aýdaýyn-la - diýip dillendi.
Babasy baş atdy. Oglanjyk:
- Baba, biz haçan şähere gideris- diýip, ýalñyz hossarynyñ ýüzüne garady.
Babasynyñ birden keýpi gaçdy:
- Şäherde näme ýitiren zadyñ bamy?!
Oglanjyk gözlerini molerdip, babasyndan öýkeledi. Babasy oña ünsem bermän, deñziñ tolkunlaryna, bir näbelli tarapa seredip hüñürde-di:
- Ejeñ görgüli şähere gidip näme gördi?!
Deñziñ asman bilen birleşýän ýerinde Gün aşaklap barýar.

***

Babam göwnemese göwnemesin. Barybir bir gün şäheri görjegim anyk. Oglanjyk ýatmanka öz-özüne söz berip, gözjagazlaryny ýumdy.
Soñ ine ýene düýşünde müñ reñkli yşykly, ýalkymly şäher. Şowhun-şagalañly, aýdym-sazly. Köçelerinde gelşikli egin-eşikli hoşgylaw adamlar.
Oglanjyk iki gyrasy güllerden ýaña çala görünýän haýatly daş düşelen köçäni syryp barýar. Nirä barýanynam bilenok. Şol agzyny öweldipjik barşy.

***

Deñ-duş oglanlaryñ şäher hakdaky gürrüñlerini eşidip durmaga wagt ýok. Oglanjyk babasy bilen deñze çykmaly. Kenara gelip, nawlaryna ýönelende olary ýasawullar saklady:
- Bu gün erte deñze çykmak bolmaýa!
Babasy ýasawulyñ alkymyna dykylyp bardy:
- Näme deñze çykman biz daş çeýnemelimi?
Yasawul:
- Daş çeýne, çäge ýuwut, ony bilemok garry - diýip, biparh gürläp, aýlaga tarap goluny uzatdy. - Ho-ol elwan ýelkenleri görýäñmi?
Babasy aýlagyñ başlanýan ýerinde labyr taşlan äpet üç gämini gözüniñ gyýtagy bilen synlap, ýene ketjallyk etdi:
- Bar gören ekenim-de. Ol gämiler meñ üçin parhy ýok. Olar bilen meñ işim ýok. Men öz nesibämi çöplemeli.
Ýasawul gaharlandy:
- Gepe düşmez garry ekeniñ-eý sen. Adam dilinde aýdylyp dur saña, patyşahymyzyñ ýegenleri deñze seýle çykdylar. Şolar gidýänçäler suwa bir naw bir taýmyl sekmeli däl.
Lapykeç garry yzyna döndi. Oglanjyk kenarda galyp, suwuñ ýüzünde sessiz duran gyzyl elwan ýelkenli gämileri synlamaga durdy. Üç gämi hem birmeñzeş gözel, gelşikli, haýbat-saldamly.

***

Kenardan taýakatym bir belent ýerde çaýhana bar. Ýalñyz agajyñ goýry kolgesinde hütdük külbe. Garry-gurtular iş tapmasa şu ýerde jemlenýär. Oglanjygyñ babasy sakgaldaşlary bilen guşluk çaýyny içýärdi, töweregiñ gohy ýetik. Hemmesiniñ gürrüñi aýlagdaky gyzyl ýelkenli gämiler, patyşanyñ ýegenleri. Köseleç gawunkelle biri çiñrik ýaly ellerini kelemenledip hemmäni agzyna bakdyrýar:
- Keremli patyşahymyzyñ ýegenleri ýeriñ üstünde keýp-sapa etseler bolmaýamyka?! Olar keýp çekmeli diýip biz gazanjymyzdan galmalymy indi?!
Çayhanadakylar aýlagy bezäp duran gyzyl ýelkenleri synlap oturyşlaryna geplemsek arrygy diñleýärdiler. Ol bolsa dynman gürleýär:
- Gijesi bilen şowhunlary ýatmady bu pedernäletleriñ. Gämilerine jyn giren ýaly. Surnaý-kerneý çaldyrýarlarmy, deprek kakdyrýarlarmy?!
Oturanlardan oñ gepine goşulanlaram:
- Hä-ä, - diýip, baş atyp, ony tassyklaýar. - Raks oýnaýan loly gyzlardan hem getiripdirler. Aý garaz elpe-şelpelik. Keýp, sapa, eşret çydar ýaly däl.
Ýene bir köne deñizçi:
- Patyşahymyzyñ mirasdüşeri wepat edeli bäri, bu gurrumsaklaryñ güni geldi. Ha-aý, dünýe!
Oglanjyk ol gepleriñ birinem eşidenok. Kenarda. Ýalñyz özi otyr. Gyzyl ýelkenli gämilere seredip doýup bilenok. Onsañ birden ony tukatlyk basýar.
Birden gämiden düşüp, kenarda seýl edip ýören zenanlara gözi düşdi. Eginlerinde zer çaýylan lybaslar, ellerinde gyrmyzy saýawanlar bar. Olar özara gürleşip, bir zada jak-jaklap gülýärdiler. Asyl ýöräp gelişleri hem ýeñiljek raks oýnaýan ýaly. Olaryñ arasynda saýlanyp duran bir gözel zenan oglanjygyñ ýanyna golaýlady. Gözleri gülüp dur, owadan ýylgyrýar. Ol hiç zat diýmän oglanjygyñ meleje saçlaryny sypalayar. Soñra özüne bakyp, lal-jim duran oglanjygyñ eline bir alýañak alma tutdurýar. Oglanjyk özünden daşlaşyp barýan zenanyñ yzyndan garap, henizem gepläp bilmän dur.

***

Oglanjyk daşardan eşidilýän goh-galmagala oýandy. Olaryñ külbesi kenara golaýjykda. "Näm bolduka - diýip oglanjyk biygtyýar oýlandy. - Üýtgeşik düýş görüp ýatan ekenim, wah".
Oýaly-ukuly daşary çykan oglanjyk, babasyny görüp özüne geldi. Gojanyñ beýle howatyrly bolan wagtyny görmedik oglanjyk hakykatdanam näme bolduka diýip oýlandy. Babasy bolsa hiç zat diýmän kenara seredip dur. Kenar adamdan doly. Nätanyş adamlar. Erewde-berewlik. Bu gaýda-gaýmalaşygyñ täsin ýeri kenarda ýörenleriñ köpüsi bir meñzeş eşikde, ellerem ýaragly.
Babasy ahyr dillende:
- Patyşahyñ o perdernälet ýegenleriniñ biri, öz janyna kast etjek bolupdyr. Hanjary bilen elinimi aýagynymy ýaralapdyr.
Oglanjyk gozjagazlaryny tegeläp:
- Näme üçin - diýip babasyna ýüzlendi. - Olar şazadalar bolasalar, janlaryna kast eder ýaly näme bar?
Babasy eginlerini gysyp goýberdi. Ol uly adam bilen gepleşýän ýaly:
- Mesligine çydap bilenoklar - diýip, agtygynyñ ýüzüne garady. - Duñýäde hemme keýp edip gördüm, indi öläýmesem diýýärmiş ol meý-şerapdan sañsar bolan perdernälet.
Oglanjyk assa basyp kenara tarap gitdi. Ýolda hem Patyşahyñ ýegeni hakda oýlandy. " Aý ýok beýle däldir, ol şazada biziñ kenarlaryñ tukatlygyna çydap bilmän öz janyna kast eden bolmaly".
Kenarda esgerler doly eken. Ellerinden naýzlary bar, billeri kesgir gylyçly. Käbirleriniñ ellerinde bäş aýakly kaknus guşuñ suraty çyzylan gyrmyzy baýdaklary pasyrdaýar. Olar Patyşahyñ ýaraly ýegenini emaý bilen hangöter edip paýtuna mündürdiler-de, köşge tarap ýola düşdüler. Köşk bolsa ýokarda - dagyñ üstündäki müñ öwüşginli şaherde.
Ýuwaş-ýuwaş çolaryp barýan kanarda ýekesiräp duran oglanjygyñ gözi ol günki özüne alma hödürläp, başyndan sypan gözel zenana düşdi. Oglanjyk " Nämüçin esgerler bilen gitmedikä " diýip içinden oýlanyp zenana seretdi.
Mymyk elleriñ ýakymy ýene oglanjygy meýmiretdi. Ol zenanyñ mähir doly gözlerine bakyp:
- Men seni düýşümde gördüm - diýdi. - Düýşümde siz meniñ ejem bolýañyz.

Sylapberdi MUHAMOW.

21.04.23 ý.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 301 | Добавил: sylapberdimuhamov | Теги: Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 4.0/4
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Surat / nowella - 14.03.2024
Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024
Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024
Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024
Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024
Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024
Köprüler / hekaýa - 15.01.2024
Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024
Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024
Шер аминь / рассказ - 20.01.2024

Teswirleriň ählisi: 9
0
1 nuryagdy0105  
1506
Nahili hekaya dúşünmedim. Konflikt ÿok. Birhili

0
2 Bagabat  
43
Telpek goýdum-aý, Sylapberdi.
"Bäh" diýdirdi.
Şeýlebir sazlaşykly simwolizm, şeýlebir gowy real-fentezi bar welin, hekaýaň lezzeti başga bolupdyr.
Sylapberdi, meniň pikirimç-ä "Stil-Kaknusynyň guýrugyndan" gaty mäkäm aslyşypsyň. Indiki eserleriňi şu stiliňi ýitirmän, gaýta ösdürip, dowam etseň, owadanlan bolup: "galamyň ujundan" diýäýin, ýogsa, telefonyň sensor düwmesinde tekstiňi ýygýansyňam welin, iňňän üýtgeşik zatlar çykarmyka diýip hasaplaýan.
Simwollar:
Deňiz;
Goja hem agtygy;
Onuň şähere gidip, "nä gün gören", nämälim, syrly ejesi;
Elwan ýelkenler (Grem Griniň "Gülgüne ýelkenlerinem" ýatladýar);
Şäher;
Güllerden ýaňa zordan görünýän haýatlar;
Daş düşelen köçeleriň ajaýyplygy (Gurbannazar diýýär-ä: "Görmedik baglaryň gözel ýalydyr");
Iň soňunda-da mesliginemi ýa-da deňziň (biziň) kenarlarymyzyň tukatlygynamy çydaman, özüne hanjar uran şazada (bu ýerde iki garaýyş: garry (konserwatiw, pragmatizme ýugrulan nukdaýnazar) hem-de ýaş, oglanjyk (romantizme, azajygam gumanizme eýlenen bakyş));
Ahyrynda bolsa, alma beren nätanyş zenan bilen oňa: "siz meniň ejem bolýaňyz" diýip, ejesiz ösýän, deňziň kenarynda, içinde şäheri küýseýän oglanjygyň tekrarlamasy. Özem ol soramaýar: "siz meniň ejem bolýaňyzmy?".
Ýok. Ol tekrarlaýar. Sebäbi ol şol zenany "düýşünde gördi", şonuň üçinem ol onuň ejesi.
Haýran galdyryjy täze tapyndylardan, özüneçekijilikden doly, şedewral hekaýa diýip hasaplaýaryn.
Özem, ýokarda-da ýazdym, ýene gaýtalaýan, Sylapberdi, seniň döredijiligiňde, täze tapgyryň birinji buşlukçysy - ilkinji garlawajy bu.
Berekella.
"Stil-Kaknusyny" sypdyrma.
Ýene-de bir zat, munyňda ýaman latynamerikan mistiki, magiki (jadyly) realizminiň äheňleri örän ýiti duýulýar. Bir tarapdan Hemingueýem bar. Gabriýel Garsia Markesem, Wargas Lýosa-da, Paulo Koelýo-da. Esasanam Beýik Gabo bilen Beýik Hemiň sintezi ýaly bolupdyr. Jebran Halyl Jebranyň "Pygamberiniň" täsirem çalaja bildirip gidýär. Oglanjygyň "şäheri" bolsa, Najib Mahfuzyň "Jebelewiniň haýatyny" ýadyňa salýar.
Üstünlik.
Begendimem.
Guwandymam.

0
3 Bagabat  
43
Käbir harp ýalňyşlyklary bar eken:

1.goyungözli - goýungözli;
2.höl - hol;
3.perdernälet - pedernälet;
4.kanarda - kenarda;
5.naýzlary - naýzalary we ş.m.

0
8 nuryagdy0105  
1506
Salamaleÿkum Bagabat aga. Höl-ÿagny öl, yzgar, suwdan ezilmek manysyndaky söz bolup käbir türkmen şibelerinde ulanylÿar. Ol ÿerde- höl edil -öl bolmak sözine manydaş ulanylan bolmaly. Sözlügi baÿlaşdyrmak gaty gowy zat, Sylapberdi aganyñ şu ÿerde höl sözini ulanyna men begendim. Sag bolsun

0
4 sylapberdimuhamov  
1428
Sag bol agasy!
Ýöne dogrusy birden geldi bu zat, ýazmasamam bolmady. Işimem ýarpy-ýalta edip, şol gün gözden düşdüm öýdýän.
Hâzir-hä näme edip ýöreniñe düşünip bolanok, şeyle wagt içiñden gelýan iki setir eserem seniñ niçik stilleri özüñe siñireniñi -ugruñy görkezýän bolmaly. Yöne ony men bilip bilemok, haýyp.
Ine, şonuñ üçinem, siz maña gerek agasy!

0
5 sylapberdimuhamov  
1428
Stil barada. Magiceski realizm barada gowy bellediñiz.

0
6 Елена_Прекрасная  
462
like goýdum

0
7 Gurgencli  
324
Şäherde-de gujak açyp garşy alýan ýok:).
Menem çagakam ullakan şäheri arzuw edýärdim, samsyk bolan ekenim.
Indi bolsa her gün obamy küýseýän.
Adamoglynyň ýaradylyşy şeýle öýdýän, ilki bir zada ýetmek isleýär, ýetensoň yza dolanmak isleýär.
Çagakaň çaltyrak ulalmak isleýäň, ulalaňsoň çagalygyňa şadyýan günleriňe dolanmak isleýäň.

0
9 bbaygeldiyew  
770
Şu hekaýa hakykatdanam telpek goýdurýar, ömrüñ bolsun Sylapberdi kaka.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]