21:57 Derhab | |
DERHAB
Dagystanda Her hiliräk söz bilen Alkyşlap bilýärler, Bilýärler gargap. Ýöne bilgin, işiň mydam oň bolar - Dargylaň dilinde diýilse - "Derhab"! Bu söze şeýle bir köp many sygýar, Giň ol hat-da meý guýulýan meşikden. Derhab! - Dostum, hasyl bolsun arzuwyň, Döwletli içeriň dolsun yşykdan! Derhab! Ertiriňiz haýyrly bolsun! Eziz myhman size döwlet getirsin. Ýigitler ýürekden söýen ýaryny Ynjatmasyn - Bal gününe batyrsyn, Derhab! Uzak bolsun oglanyň ýaöy! Potology deşsin atan okuňyz. Eger-de gyz inen bolsa jahana - Ine, meý içmäge - ajap bahana! Atyňy aldyryp uzak ýollara, Eger indi galan bolsaň pyýada, Derhab! - Gamgyn bolma, gyýylma, gardaş Atyň bolar - Öňküňdenem zyýada. Gözüň aýdyň, duşan bolsaň dostuňa, Ejizleme - Sataşsaň-da duşmana. Derhab! - Ýan bermesin egri gylyjyň, Ak pata bereýin ýola düşmäge! Derhab! - Gorky-ürki ýat bolsun size, Dergab! - Mydam awun alsyn guşuňyz. Geýen telpegiňiz haýbatly bolsun Derhab! - Mydam aman bolsun başyňyz! Goý, hergiz dünýäde uruş bolmasyn, Hiç haçan Şer Haýry ýeňmesin - Derhab! - Hergiz ynjytmasyn goňşy goňşysyn, Dost dostyň göwnüen degmesin - Derhab! Ömrüm boýy aýdym aýdyp gelýärin - Watana wepaly bolmagy sargap. Ýekeje söz bilen Müň ajap arzuw - Edýärin men size, adamlar - Derhab! Resul GAMZATOW. Terjime eden Berdinazar HUDAÝNAZAROW. | |
|
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |