13:57

Dihýetül Kelbi

DIHÝETÜL KELBI (r.a)

■ Dihýetül Kelbi (r.a) kim bolupdyr?

Dihýetül Kelbi (r.a) sahabalaryñ iñ görnüklileriniñ biridir. Ol juda syratly, görmegeý adam bolupdyr. Dihýetül Kelbi Bedir söweşinden öñ musulman bolanam bolsa, Bedire gatnaşmandyr, emma Uhuda we beýleki söweşlere gatnaşypdyr. Pygamberimiz (s.a.w):  “Jebraýyly (a.s.) gördüm. Dihýe Jebraýyla juda meñzeýär” diýer ekeni. Aýtmaklaryna görä, sahabalar Dihýe bilen elleşenlerinde usullyk bilen onuñ goşaryndan gysyp görüpdirler (sebäbi Dihýäniñ keşbine girip gelen Jebraýyl bolsa, onda onuñ goşar damary ýok bolarmyşyn).
Hezreti Aýşa (r.a) enemiz: "Dihýäniñ sakgaly, dişleri we ýüzi Jebraýyla meñzäp durardy" diýipdir. Bu meñzeşlikleri sebäpli Jebraýyl perişde (a.s.) adam keşbine girip wahyý getirmekçi bolanynda Hezreti Dihýäniñ (r.a) keşbine girip Resulallanyñ ýanyna gelermişin.
"Jebraýyl hadysy" ("Jibril hadysy") diýip meşhur bolan hadysda Jebraýyl (a.s.) imany, yslamy we kyýamat alamatlaryny Hezreti Dihýäniñ keşbine girip geleninde sorapdyr.
Hezreti Dihýe Siriýa giden söwda kerweninden dolanyp gelende Hezreti Pygamberimize (s.a.w) dürli sowgatlary getirerdi. 
Dihýetül Kelbi şeýle gürrüñ berýär:

"Bir gezek Pygamberimize (s.a.w) bir yüñ don we bir jübüt mesi sowgat edipdim. Resulalla olary könelip sandan çykýança geýdi.
Bir gün Şamdan gelenimde Resulallany görmäge bardym. Oña pisse, badam ýaly zatlary alyp bardym we peksimet (suharik, has takygy uzak sapara ýa-da söweşe çykylanda iýmäge niýetlenip taýýarlanylýan çöregiñ /gatadylan/ bir görnüşi) sowgat etdim.

Resulla (s.a.w) şol wagt: “Allahym! Ýakynlarymdan seniñ üçin iñ gowy görünen birini maña ugrat, olam meniñ bilen bile şundan iýsin" diýip dileg etdi.
Şol wagtam Hezreti Abbas (r.a) geldi. Pygamberimiz (s.a.w): “Gel, agamjan! Men Allatagaladan hossarlarymdan özüñ üçin iñ golaý adamy ýanyma ugrat we bulary onuñ bilen bile iýeli" diýip dileg etdim welin, sen geldiñ" diýdi. Soñra Hezreti Abbas (r.a) bilen bile getirenlerimi iýdiler.
Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) Wizantiýanyñ hökümdary Gerakla yslama çagyryş hatyny Hezreti Dihýeden (r.a) ugradypdy. Hezreti Dihýe (r.a) hijretiñ 7-nji ýylynda muharrem aýynda Humsda Gerakl bilen duşuşýar we haty oña gowşurýar. Gerakl musulman bolmagy niýetine düwenem bolsa, wizantiýalylaryñ garşy çykmagy bilen niýetinden dänýär we Pygamberimize (s.a.w) dürli sowgatlar bilen jogap haty ugradýar.
Hezreti Dihýetül Kelbi Pygamberimizden (s.a.w) soñra  (r.a) Şamyñ Müzze obasynda ýaşamaga başlaýar we ol ýerde Hezreti Mugawyýanyñ (r.a) halyflyk eden döwrüne çenli ýaşapdyr.

■ Sahabalaryň dilinden Dihýetül Kelbiniň hekaýaty           

Ebu Bekir Syddyk Hezretleri (r.a.) bu barada şeýle diýýär:       

Dihýetül Kelbi arap patyşalaryndan biridi. Şol bir bir wagtyň özünde küfür içindedi. Resulalla (s.a.w) bu beýik şahsyýetiň musulman bolmagyny örän arzuw edýärdi.  Çünki Dihýetül Kelbiniň tabynlygynda ýedi ýüz adam bardy. Olaryň hemmesi hem baştutanlaryna bagly bolupdyr. Ol musulman bolsa, tabynlygyndakylar hem derhal musulmanlygy kabul etjekdi. Günleriň bir güni Dihýetül Kelbi musulman bolmak isledi. Jenaby Allah (j.j) ertir namazyndan soňra munuň buşlugyny Resulla Serwerimize (s.a.w) ýetirdi:

“Ýa, Muhammet! Dihýäniň kalbyna iman nuruny atdym. Az salymdan ol seniň ýanyňa geler”.

Hakykatdanam şeýle boldy. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) metjitde durka, Dihýe içeri girdi. Resulalla (s.a.w) donuny çykaryp ýere ýazdy we Dihýetül Kelbä donuň üstünde oturmagy buýurdy.  
Dihýetül Kelbi Pygamberimiziň bu mylakatlylygyny görüp haýran galdy we egilip mübärek dony ýerden galdyrdy-da gözlerine sürdi, başynyň üstünde goýdy. Derhal şahadat getirdi. Soňra gözýaşlara bogulyp arzyny aýtmaga durdy. Hezreti Resulalla (s.a.w) oňa “Bu ne aglamak, ýa Dihýe?” diýdi. Dihýetül Kelbi şu jogaby berdi:

“Ýa Resulalla! Men birnäçe uly günäler etdim. Alladan sora, bularyň kefareti näme? Eger özümi öldürmegi emretseň derhal özüme kast edeýin. Malymdan bir zat sadaka bermegimi isleseň ony hem edeýin”.

Mundan soňa Resulalla (s.a.w) sorady: “Seniň nähili günäleriň bar?”

Dihýetül Kelbi şu jogaby berdi:

“Bilşiňiz ýaly men arap patyşalaryndan biridim. Gyz perzendimiň bolmagyny hiç haçan islemedim. Olaryň birine aýal boljagyny göz öňüne getirmek meniň üçin iň agyr zatdy. Şonuň üçin ýaňy doglan gyz perzentlerimden ýetmiş sanysyny öldürdim. Elbetde, bu jenaýatlary hut öz elim bilen etdim.”

Onuň bu sözlerine Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) haýran galmakdan ýaňa doňup galdy. Az salymdan soň Jebraýyl (a.s) perişde geldi we şeýle emretdi:

“Ýa, Muhammet! Dihýä aýt, Rebbim buýurýar: “Yzzat we jelalyma ant bolsun, “La ilaha illalah Muhammedün Resulullah” diýen wagtyňda altmyş ýyllyk günälerini bagyşladym. Nädip men gyzlaryny öldürip eden günälerini bagyşlamaýyn?!. ” diýdi.

Elbetde, Jenaby Allah (j.j) “Meni ýatlaň menem sizi ýatlaýyn” diýmeýär. Ýagny, "Siz meni tagat we ybadat bilen ýatlaň, menem sizi sogap bilen ýatlaýyn" diýýär. Allanyň sizi ýatlamagy, siziň Ony ýatlamagyňyzdan has beýikdir we örän ýokardadyr.

Aýaty şeýle manyda düşündirmeli bolýar:      

- Siz toba bilen meni ýatlasaňyz, menem sizi magfyret bilen ýatlaryn. Siz meni doga bilen ýatlasaňyz, men siziň dogaňyzy kabul etmek üçin ýatlaryn. Siz yhlas bilen meni ýatlasaňyz, menem sizi halas etmek üçin ýatlaryn. Siz meni öýüňizde ýatlasaňyz, men sizi gabryňyzda ýatlaryn. Siz meni ýalňyz wagtyňyz ýatlasaňyz, men sizi aýgytly pursatlarda ýatlaryn.   
Siz meni hylwatlarda ýatlasaňyz, men sizi sähralarda ýatlaryn. 

Категория: Taryhy şahslar | Просмотров: 387 | Добавил: Нawеran | Теги: Sahabalar | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy şahslar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]