12:05 Dil agyrysy / hekaýa | |
DIL AGYRYSY
....Sary don geýinen agras güýz paslynyň öz ornuny aňzakly gyşa boşadyp bermäge taýýarlanýan günleriniň biridi. Goja tebigat dolylygyna sowuklyga bürenmesede uzynly-gysgaly öwüsýän şemal sowuk dili bilen ýaňaklaryňdan ýalap, gulaklaryňa golaý gelip göýäki gyşyň golaýlap gelýänligi hakynda çawuş çakýan ýalydy. Bu günem Maral adatdakysy ýaly umumyýaşaýyş jaýyndan çykdy-da, özüniň okaýan ýokary okuw jaýyna gitmek üçin duralga geldi... -Inim öçürip bolýan zat bolsa, öçürsene şu radiony, öçürip bolmaýanlaryna zordan çydaýas-laý. Sürüji ýigit dessine radiony öçürdi. -Agam, goşgy-hekaýa bilen araň ýok öýtýän, diňleseň erbet zat däl how, şularam birhili düşinjäňi gowulandyrýar. Kitap okan ýaly zatda bi, agam. Atam pahyr kitap okasaň düşinjäň giňeýär diýýärdi. Bizä indi kitap okap otyranada duşamyzok, özümizem okamyzok. Aý soň men-ä şeýdip radiojyk diňläýýän how. Içimden “Radioň aýdyp durmasy gowy ekeni diýdirjek ýaly-la sen diýip” oýlandymda: -Aý hawa, kitap okaýan-a ýok indi- diýen boldum. -Agam, sen diş merkeze diýdiňmi, hol ýokardaky diş şekilindäki binadyr-da? -Hawa şodur-laý. -Aga diş heläk edýär öýtýän?... Gürleýşi soragyndan, soragy gürleýşinden ýakymsyz bolan ýoldaşymdan diş merkeze ýetip gutuldym. Her hili biderek adam bar-aý diýip, içimi hümledip gelşime, salym geçmän diş lukmanyň “Hassa halyny soraýan” otyrgyjynda peýda boldum. Aýaklarymy uzyn salyp ýatana berimsiz gyşardym. Şeýle bir rahat arkan gaýyşýan otyrgyç welin, lukman arkaýyn ýeňseden gelip agzyňy barlaşdyryp otyr. “Mundan-a tekiz bir ýerde ýatyraýmaly ekeni-da meni” diýip, samsyklaç pikir kellä gelýär şol arada. Lukman agzymy giň açdyryp, içine çyra tutup birzatlar-a edýär. -Agam diliňi bek saklaý!.. “Barlap başlaly bäri ýeke söz aýdamok, munusy näme bi doktaryň”. Onýança agzymy açdyrmak üçin gysdyran zadyny aýyrdy. -Agam, näme bolýar? -Dişim agyraýa. -Gowja pikirlen agam, başga ýeriň agyrýan bolaýmasyn?! Gijeki diş agyry, daň bilen diňlän hekaýam, soň sürijiň ejirli soraglary, indem bu lukmanyň içi güjükli bu sowallary... Gözümi ýumup, hemmesi üçin uludan bir dem aldym... -Inim, şu diş meniňki-da, men gije azap çekip ýatyp bilmedim. Men özüm hakynda aýtýan, kino gürriň beremok, ine seret. Men agzymy giň açyp, sag tarapdan, aşakdaky ýaňy çykyp gelýän dişi görkezdim. -Ine inim, şu diş heläk edýär, zat diýsem eýle-beýle gürlän wagtym dilime degýär-de, dili ýara edip barýar... -Hawa onsoň, diliňiz diňe bir oňa degen wagty däl-de, degenden soň aşaklary bilen umuman uzak wagt agyryp durýar, şeýle dälmi? -Hawa edil özi. -Onda siziň diliňiz agyrýar, dişiňiz agyranok. -O nähili? -Nähilisi şol, ine dişiňiz döwülipdir, soň bolsa gaýtadan çykyp otyr, ol kadaly ösüp gelýär. Emma entek ýaş, daşyny doly syrça tutmadyk, şonyň üçinem diliňiz oňa degýärde dil ejir çekýär, ýagny diş däl agam. Diş durşy bilen süňkden bolýar. Dil bolsa tersine durşy bilen et. Bular ikisi biri-birine ters zatlar. Gepiň gysgasy sen ýalňyş aýdaňokda ters aýtýaň. -Bolýa garaz şol kiçjikge dişi meň dilime degmez ýaly edip beräý onda doktar, gaýrat et. Doktar barmagyny burnunyň ýanyna eltip, iki ýana yralap, ulaldyp görkezýän äýnegiň aňyrsyndan kiçijek bolup görinip duran gözlerini çalaja ýumup başyny ýaýkady. -Ýok, ýok. Beýtsek bolmaz-a. Agam men diş doktary, diş jellady däl. Meniň maksadym dişleriň sagat we dogry ösmegi üçin göreşmek. Seň dişiň gyşygam-a ösenok. Başga zat etmeli... -Onda men ony ony özimjik elde ige bilen taçit etsem näder? Lukman ýene öňki hereketini gaýtalady -Ýok, ýok. Aslynda biziň jemgyýetde köpüsi şeýtýär, emma men düýbünden maslahat beremok. Heý bir sagat ösüp barýan zada, beýleki bir zadyň gelip degýänligi üçin zyýan berip bolarmy? Bolmaza... -Onda men diş doktara däl-de, dil doktara gitmelimi, bir zat etmelidirin-ä, ejir çekip ýaşabam-a bolmaz?! -Agam, “Dil doktary” diýip bir zat ýok, baram bolsa bu meselä seretmez. Ilki men maslahat bereýin, senem şoňa eýer. -Aha. -Birinjiden näme bolup geçýänini men saňa düşindireýin... -Ýo men düşinip, duýup düşünmez bolamsoň geldim seň ýanyňa... Lukman ýene şol hereketini gaýtalady: -Ýok ýok agam, diňläýda meni gaýrat et-de. Aslynda ýagdaý seniň düşünişiň ýaly däl. Meselede şonda. Ýagdaýlara dogry tarapda durup seretmegi başarmaly. Diş bolmalysy ýaly ösüp barýar, emma gijä galanlygy üçin oňa häzir dil degse dili zaýalaýar, bu diýmek dişi maýyp etmeklik talap edilýär diýildigi däl. Bärde dilem günäkär däl, sebäbi olam agyz boşlygynda erkin hereket edip endik eden agza. Biz onam ýazgaramyzok, emma biraz ätiýaçly bolmalydygyny aýtýas. Diş özüni tutyp gidensoň daşyny syrça örtýär we dil näçe degsede hiçisine zeper ýetmeýän hala gelýär. “Bir güniň içinde bu giden pelsepe birje bendäň üçin agyr dälmi jan Allam? Pelsepe diňlemäge-hä gelmändim dogrusy .” -Indi men näme etmeli bu dertden dynmak üçin? -Agam, diş ösüp normal ýagdaýa gelýänçä diliňizi kän gyşartmaly däl, umuman aýdanda diliňize berk gözegçilikde bolmaly. Meselem diňe göni hereket edip dursa şol dişe degmese, ol mesele çykaranoga, ony özüňizem bilýäňiz. Eger biz diňe şony eden ýagdaýymyzda doly we dogry netijäni gazanyp bileris. -Aý bi, birhili neme dämeý, men nädip endik edeýin ony, öz-özi degýär oň... -Agam öz-özinden degenok ol, eger biz kynçylykdan gaçyp dişi igeläp zaýalasak onda sen nädende dili dogry tutmalydygyny bilmersiňem, diliňem endik etmez oňa üstesine biz dişi zaýalarys. Şeýle bir zat bar-da agam, häzir seniň üçin hemme zat ejir beriji ýaly görünýändir, sebäbinem diş agyrydan görersiň. Ýok, aslynda sende diş agyram ýok dünýe-de ejir beriji däl-de lezzetli. Emma biz dogry ýerde durup, dogry seretmegi başarmaly. Seniň bar etmeli işiň, diliňi doly derejede dogry hereketlendirmek. Meselem kän gürlemeli däl, endik edilmedik sözlerini, del zatlary ilki içiňden kän gaýtalap görip, dişe degmejek bolsa, soň aýtmaly... -Eger birine aýtjak zadymy dişe degmesizden aýdyp bolmaýan bolsa näme? -Şony ilki pikirlenmeli agam, hökman bir alajy bardyr biz ýaltalyk edýäris. Şol diýjek zadyňy diliňi dişe degirmäni kösenmänem aýdyp bolýan ýoly bardyr. Maýda-çüýde zat bolsa, aýdybam otyrma agam. Hiç zat seniň jan saglygyňdan we ýaşaýyşy dowam etmegiňden möhüm däl-ä, şony ýatdan çykarma. Häzir men dermanlar ýazyp bererin, ýöne bu diliň ýarasy üçin däl-de dişiň sagat, ýiti we çalt ösmegine peýda eder. -Men haýsy sözlerden gaçmalykam onda, näme etmeli, birhilä boldy bi, ýa çörek iýeňde näme etmeli, belli bir gollanmasy bolýasa.. -Agam, ony öziň öwrenip gitýäň egerde dişe zyýan bermesek özi awundyryp zat edip dili bir kada salar. Esasy zat çörek iýeňde zadam diliňi göni saklajak bol, gyşartmajak bol. Bolmasa kyn bolar... -Dil tussaglygy diýýäňda garaz?.. -Agam, men-ä bir saňa lukman maslahatyny berýän, senem öziň bil, tussag diý gazamat diý, garaz näme diýseňem saglyk özüňe gerek!.. Maslahat ýüki ýeten kellämi egnim bilen çekip, ýola çykdym, yza awtobusly gaýtdym, taksi duşmady. Awtobus ugraýanda “Şu edara Diş merkezi, diýen bolýan welin, maňlaýyna näme diýip ýazgy barka” diýip seretdim. Gözüm kän alyp bilmedi, öňinde-hä üç harply söz bary anyk, ortanjysam “I” sebäbi ol dik çyzyk bolyp uzakdanam bildirip dur, “Diş”-dir, yzyndakam merkezi we şoňa meňzeş bir zatlardyr. Ähmiýetem ýok welin ýadow kellä bulam-bujur pikirler gelýär, “Dişe degmeýän zözleri dile getirmek” diýilýän kada nädip eýermeli, çigit çakmaly däl bolaýmasa soňam dişiň gädiginde galan etleri zady dil bilen aýyrjak bolmaly däl, soň näme etmeli. Bulara doktar aýtmady özim çak etýän, gürlände näme etmeli borka, kelle ýene samsyklaç pikirlere dolup başlady, meselem irdenki diňlän hekaýam kellä gelýar, ýatda galaýşyny diýsene al kakmyş. Çalajadan gaýtalabam gördüm, “....Sary don geýinen agras güýz paslynyň öz ornuny aňzakly gyşa boşadyp bermäge taýýarlanýan günleriniň biridi. Goja tebigat dolylygyna sowuklyga bürenmesede, uzynly-gysgaly öwüsýän şemal sowuk dili bilen ýaňaklaryňdan ýalap, gulaklaryňa golaý gelip, göýäki gyşyň golaýlap gelýänligi hakynda çawuş çakýan ýalydy. Bu günem Maral adatdakysy ýaly umumyýaşaýyş jaýyndan çykdy-da, özüniň okaýan ýokary okuw jaýyna gitmek üçin duralga geldi...” Hakykatdanam dilim şol nejis dişime degmeýän ýaly. Merdan BAÝAT. 31.05 2023 ý. | |
|
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||