21:31 Dilgir men | |
DILGIR MEN Zalym dünýe, maňlaýma Ýazanlaňdan dilgir men. Goşgy diýip, bir ýazyp- pozanlamdan dilgir men. Bagtyň deňinden ötüp, Ýadadym şükür edip, Oýlanyp, pikir edip Gezenlemden dilgir men. Bir halalhon ynsandym, Azap berýär ynsabym... Ownap barýan ýylsaýyn, Gyş-ýazlamdan dilgir men. Arzuwlara aldanyp, Öňýetene dalanyp, Gözümi kän bagladyp, Süzenlemden dilgir men. Küýsäp goýnun melegiň, Dogry saýyp telegim, Deňzin boýlap pelegiň, Ýüzenlemden dilgir men. Bir biwepaň oduna, Sežde edip adyna, Deňäp meni nadana, Ezenlerden dilgir men. Ýitrip asyl görnüşim, (Adam ýüzi birmişin!) Kemin bilip durmuşyň, Syzanlamdan dilgir men. Utanjym ýok, haýam ýok, Hakykat ýok, aýan ýok, Wah, duýgymy aýamok, Ýazanlamdan dilgir men. Dostlarymdan aýryldym, (Belki, bähbit-haýyrdyr!) Çep gursagym jaýryldy... Ýüzsüzlerden dilgir men. Sapa HOMMADOW. | |
|
√ Голод / Goşgular - 14.01.2023 |
√ Февраль / Goşgular - 31.01.2023 |
√ Памяти С.Я.Надсона / Goşgular - 24.01.2023 |
√ Klasdaşlaryma / Goşgular - 01.01.2023 |
√ Астроном и агроном, в гастрономе «Метроном» / Goşgular - 06.02.2023 |
√ Söýginiň güýji / Goşgular - 07.01.2023 |
√ «Уж если кораллы на шее…» / Goşgular - 09.01.2023 |
√ Ot bilen oýun / Goşgular - 16.01.2023 |
√ «Как некий юноша, в скитаньях без возврата…» / Goşgular - 07.02.2023 |
√ Esgerlikden ýaňy geläýen günlem... / Goşgular - 06.01.2023 |