20:49 "Diwany Kebirden" gazallar | |
MÄHRIBAN HEM REHIM-ŞEPAGATLY BEÝIK ALLANYŇ ADY BILEN
Eý, bagtyň asmanyna uçanlara bat beren, Seniň söýgi halkaňdan hadyma hallar kerem. «Batanlary söýmerin» sözüňde saplanma bar, Syry gören gözlere senden surat görünýär. Köňüller başy egik, Ýer bölüp gan deňzine, Eý, aý-ýyllardan üstün, Aý diýmerin meňziňe. Gamyňdan dag ýarylyp, ol içine çökendir, Keremler katra ganyň alan – kämil çykandyr. Eý, beýikler daýanjy, saýgyn bizem olardan, Guýruklaryň başlara uýgunlygyn biler sen. Serwer düzseň toprakdan, görip oňa melekler, Seniň nagt puluň ýerne hatda jan – biderekdir. Kime gol-ganat bolsaň, juda belende ýeter, Ýüzünde bardyr meňler, keşbi bagt bilen biter. Goý, bir tiken diýseňem, gül bilen bir ýerdedir, Altyn satýan ölçese, arpa hem ölçegdedir. Amal pikire laýyk, zatlar toprakdan dörär, Söz – ýagdaýa yşarat aýdyňdyr söze görä. Älem başy bir gohdyr, uly bir sarsgyn soňy, Yşk-şükür, arz-şikaýat biledir, baksaň siňe. Şapak-Günüň permany Hak-yşk döwlet tugrasy, Duşuşykda yşk ýordy bu ýorgudy, dogrusy. «Äleme rehmetliniň» ýoksula paýyn gör, ki, Hyrkalar Aý dek aýdyň, şallar gul ýaly barkly. Yşk bir kenarsyz umman, bir damjasy biz bolsak, Delili bar ýüzlerçe, onda hakykat - bilsek. Gök bilen yşk sazlaşýar, yşksyz ýyldyz hem sönýär, Yşkdan «dal» «elip» bolýar, ol yşksyz «dala» dönýär. Söz dirilik suwudyr, yşgyndadyr ol ylmyň, Yşgy jandan tem etme, bol miwe berer, bilgin. Nany alsaň, az söz hem köp ýaly has uzalýar, Emma surat ähline köp sözler hem az bolýar. Şygryň dür söz bolmagy gowy, elbet, diňleseň, Lezzeti bilen şygryň patanaklar düe hem. * * * Ol hojanyň aýagy batga batyp galanda, «Ýazgyt gelse - gözler kör» diýilýäni bolandyr. Ýere degmesin diýip, galdyrardy syýyny, Aşyklyk oýun diýsek, açdy ol öz syryny. Nijeme guşlar uçar, uzak bolup duzakdan, Ýöne, täleýiň oky uçup geler uzakdan. Ol hoja hem serhoşdy, meslikden hetden aşyp, Ululyga aldanyp, Hak bilen güýç synanyşyp. Ýazgydyndan bihabar, burnuny göge tutdy, Jübi tylladan doly, gulagy öwgi gapdy. Aýagna ýykylmakdan, halkynyň aşa söýüp, Şahyrlar ýalan öwdi, saýdy bolşundan beýik. Keremde hem apat bar, döredýär ulumsylyk, Ýaranjaňlar wehme eltýär, duçar bolup hassalyk. Haýyr-yhsan eden bor gazanmadyk pullaryn, Amanatdan yhsany, sogap saýyp bilmerin. Ol bir Pyrgun, bir Şetdat, tulum-howadan doldy, Garynjady, ýylan çykdy, soňra aždarha boldy. Yşk mübärek syr bilen Musa hasasy göýä. Bukudan bir ok atdy, egreldi ýaýa görä. Ýüzin ýykdy hojany, saldy-da agyr ýara, Jan alyjy ses edip, togalandy ol ýere. Masgara boldy, hatda duşman aglap halyna, Dogan-gardaş ýas tutup, perýat bolup iline. Ol «Men Alla!» diýerdi, Pyrgun, Nemrut ýalydy, Boýny omruldy welin, «Rebbim!» diýip nalady. Ýüzi - zagpyran sary, şirin söz, şeker dodakly, Gözel açdy ýarany, gaýry ýarasy ýokdy. Gözel oky geňmidir ýa-da ýaýy geňmidir? Aňka guşa ýa ýalança bu dünýäge deňmidir? Jan syrymy aýdaýyn, aşykdan alyp mysal, Gulak as, gizlin gulpdan hem zynjyrdan halas bol. Özüni bilmeýände diňläre gulak barmy? Başga halasgär ýokdur, bilmeseň Taňryň zorny. Bu goh edýän hojanyň, ýoluk siňek ganaty, Aýşaň yşky gözüne ak düşüren halaty. Heläk bolduk biz sizden, rehim ediň siz bize, Ýoklugyňyzda ölümdir ýaşaýyş, dönüň bize. Akyl size girew berlen, derdimize ýok doga, Köňli dowzah içinde synagy gördüň rowa. El-aýagy sag goja! Ýazgyt aýagyň döwdi, Syndyrdyň köp köňli sen, jeza aýagyňa degdi. Enaýat bil muny Hakdan, yşga goňşyň keşbidir, Taşla wagtlaýyn yşgy, haky - Allaň yşgydyr. Öwrenişsin, kämil çyksyn diýip ogluň eline, Gazy tagtadan gylyç berýändir ilki diňe. Ynsana aşyk bolmak, ol hem tagta gylyç dek, Sowulansoň belalar, yşk eýesi bolar Hak. Züleýha mubtelady, Ýusup ilki, öňürti, Soň Haky aşyk, magşuk hem oňa köňül berdi. Gaçdy Ýusup – yzynda, köýnegine urdy el, Soň tersine, Ýusubyň köýneginden tutdy ol. Diýdi ol: «Köýnegimiň aryn alyp men bu gün», Allanyň yşky içre barysyn duýdy göwün. Bolar ondan isläniň, pesdemiň - üste elter, Kereminden dileseň, dilegiň kybla ýeter, Söz inçeldi, bu ýerde dem agza sygmaz haldyr, Indi galat söz aýtjak, emma rowa däldir. Ol «men-kimdirin?» diýýär, toprakdan surat düzýär, Guma pal atýan bolsa, dogry-ýalňyş zat çyzýar. Bu sözi hoja goý-da, gel, gör, seret maňa sen, Diýdi: «Yşky sakgalyn otlana bak siňe sen». Keremli hoja, gitdim, ýöne şu kyýamatda, Halyňy dünýä ýaýmaga geldim, elbetde! Akmak näme aýdarka? Diňe bir zerre - Günden, Beýan eýlän bilermi, katra Gulzum deňzinden? Bir damjany görkezse, baryna göz ýetir sen, Degirmen aýlananda, uny synlar otyr sen. Sen bir köne ammarsyň, ol bir owuç bugdaýy, Degirmene äkit-de, görgün soňky ýagdaýy. Ol älem bir degirmen, bu älem bolsa harman, Munda-bugdaý, noýbamyň? Onda şolsuň biarman. Kejirligi taşla, ýör, gör, ol hoja garaşýar, Ýarym etmek işini oňa örän ýaraşýar. Eý, hoja, sen, bilýärmiň, pitnäge ulaşypsyň, Bir çäresiz dert içre topraga bulaşypsyz. Hoja aýdýar: «Musulman meniň ýaly bolmasyn, Dökülen ganym olaň başyna bir gelmesin!». Aşyklaryň azabyn görüp men kän ýazgardym, Aýtdym erbet köňülden çykan erbet sözlerden. «Ähli gybatçylaryň halyna waý» aýaty, Olar hakda – özleriniň töhmet otda halaty. Ol ynsanyň agzymy, hinimi ýa içýanyň, Palçyk bilen suwaň siz, görmäýin men açýany. Yşga düş, ady terk et, duzakdanam uzak bol, Diýgin daşa-altyn sen, jepa-jebri şeker bil! * * * Eý, Isa demli toty, eý, şirin sesli bilbil, Zöhräni ýakyn getir, özüni beýhuş bilsin. Bir gözellik dawasyna dost-duşman keseki, Ýaşly gözde şaýat bolsun, çekýän ýaly keseli. Gam agladar barçany, aýal-erkek dat eder, Gutar indi gussadan, zulmundan perýat eder. Mylaýym nagmaň bilen deş gussanyň garnyny, Eý, dilber, adalatda, gör et ýokluk ornuny. Tulum howadan dolsun, sakymyzy sen ýat et, Dilberiň yşgy bilen ruhlary Perhat et. Köňlüň göýä Ysrapyl, ynsanlary direlden, Taňrynyň demin üfle, gulaga-girelgeden. Biz biz däne harmany, saman bilen dürüşde, Jan ýelinden şemal ber, samandan aýryşdyr-da. Gitsin gam - gam ýanyna, şatlar - şat ýana geçsin, Gül gitsin – gülüstana, köňül asmana uçsun. Şu gözel däneleriň gulagy hem rehmetde, Umytlar ýer ýüzünde bendisidir, elbetde. Jan şum altyn bolup, gözeli gujaklasyn, Aýaklary baş bolsun, saman - altyn çaklansyn. Eger rugsat berilse, dymsaň, saklaman derdim, Doganyň hem aýtmadyk bir syryny aýdardym. * * * Eý, dynç bilmeýän şemal, güle habar ýetir, aýt, Şeker bilen garylan gül, nädip gitdiň pytrap? Wah, asly şeker gül sen, şekerde laýyksyň, Şeker hem hoş, gül hem hoş, wepa, ondan beýik sen! Ýaňagyň goý ýaňaga, tagamyň al, ber ysyň, Saýasynda halas bol, çekme ýolçyň jepasyn. Indi bägül baly sen, köňle-azyk, göze-nur, Indi gülden ýüzüň çek, bu-nire, ol-nirde dur?! Tiken bilen ýaşaýardyň jana ýolbaş akyl deý, Ýerden göge göteril, dur duşuşyk çakyňda. Gidýäň halk arasyna, ýörär sen gizlin ýoldan, Tä ornuňy alýançaň suratda aýdyň haldan. Eý, gül, sen bir taýsyz guş, guşlardan ters uçar sen, Habar gelýär ol ýandan, gol-ganatdan geçer sen. Eý, gül, bulary görüp, gülýäň dünýäň üstünden, Eý, gyzyl don hilegär, sen güýçli, hiç asgyn däl. Janyn bela atsyn diýip, bir merdiwan isläne, Ýagýar günler asmandan al güllerden bossana. Özüňe gel, şu gapdan – çüýşä salnan gülapdan, Alaç tapyp bir iç-de, ruh bolup çyk ol gapdan. Siz nähili bagtyýar, meňziňiz hem gül ýaly. Bizem şeýledik, sizem ruha öwrüliň doly. Gülüň balyndan maksat, barlygmyz kereminden, Alla keremi bilen göýäki demir indem. Aýna kimin akyla zyýan ussaň uçguny, Islemeýär ol bizi, isleýär bizsiz bizi. Gel, eý, sözi müşki-anbar, ýokdur sözüň paýany, Hiç kime dil ýarmaryn, seniň aýdanlaryňy. Eý, Töwrizli Şems, şa syryň biharp, biseda bolsun, Gün bolmasa daň-säher, guşluk nädip ýagtalsyn. * * * Eý, beden patyşasy, janlaryň şasy, sensiň, Gözlermizi sürmelän, göz totyýasy sensiň. Aý utançly görküňden, yşgyňdan hem gan halal, Seni görsem, köňlüme ýazgyt gelendir şu hal. Çowganyňa top bolduň, başyn aýlan öňünde, Kä şatlyga çagyrýaň, biz kä gussa jeňinde. Käte uka batýarsyň, çowgan taýak goluňda, Kä togalap barlykda, käte ýokluk çölünde. Käte eýä şükürde, käte çeker perýatlar, Käte Leýlä hyzmatda, käte Taňryny ýatlar. Jana jepalar berip, öwürdiň sen Mejnuna, Ýalňyzlygy söýdürdiň, duçar edip mejbura. Altyn isläp, kä tutup, başyny gumy serpe, Käte Kaýsara öwürdiň käte geýdirip hyrka. Geň açardyr, kä alma, käte-de kädi berer, Kä zäher, käte şeker, kä derman, derdi berer. Niçiksi täsin derýa, käte suw, kä gan akar, Kä lagyl reňkli şerap, kä süýt bolup, şan akar. Kä köňülde bilim dokap, kä onda bilim söker, Kä üstünlik ýar edip, käte belaly bakar. Kä Muhammet beg bolar, kä gaplaň, kä it bolar, Käte bir erbet duşman, kä özün hossar biler. Käte tiken, käte gül, kä sirke, kä şerapdyr, Kä, dowulçy, kä – dowuldyr, urlup, haly harapdyr. Käte bäş -alty bilen, kä gözel janlar islär, Düe deý herýan urnup, käte ýatak höweslär. Kä Karun dek çümer-de, baýlygynda gizlener, Kä Mesih deý täzelener, ýoly asman çözlener. Keremiň ýol berse eger, halasdyr dürli haldan, Guşluk güneşi ýaly bir reňk tapar pälden. Deňze çümer balyk deý, deňiz bolar mekany, Mazary hem deňizdir, ölüm oňa bu pany. Isanyň küýzesinde görner «Allanyň reňki», Erbetlikden halasdyr, düzeler agan eňki. Gapyňyzy açdyk biz, yrak tutmaň siz dosty, Soňky nesli size goşduk, budur söýginiň muzdy. Biliňi berk guşadyk-da, sapladyk biz günäden, Bary - Haka şükürden, kanagata – senadan. * * * Eý, aşyklar, aşyklar, bu gün biz, siz barsyňyz, Gark edýän suwa düşdük, nähili ýüzýärsiňiz? Dünýäni sil alsa-da gomlar, düýä barabar, Suw guşlary gökde guşlaň iýmitinden bihabar. Ýüzümizde şükür bar arasynda gomlaryň, Balyk biz, tutan saklar balyklaryň janlaryn. Eý, şyh, bize gaýyk ber! Musa, ur sen hasaňy, Maňa sakyň şeraby bes! Sizde-galan hasaby. Saky düýn ýolda alypdy serhoşlaryň başgaplaryn, Hyrkamyzy soýmak üçin guýýar bu gün şeraplaryň. Eý, Aýyň, Müşteriniň gözi gidýän gözel sensiň – Nirä äkidýäniň aýtman, sen gizlin biz bilen bilesiň. Wah, men bilen bilesiň, goşa didämiň nury, Isle meýhana äkit, ýa ýokluk makam sary. Dünýäni Tur dagy bil, biz Musa deý nur islän, Hakyň nury gelip dur, dagy parçalap kesýän. Bir görseň ýaşyl bolup, bir görseň oňdan ak, Bir görseň dür bolup, bir görseň lagyldyr päk. Eý, ony görmek islän, sen Hak nurly daga bak, Eý, dag, içen şerabyň nä, geliň, serhoş çaga bak! Eý, bag eýesi bagban, gujaklap, goýbermän bizi, Iýlen üzüm bedeniňe aldyň ahyr sellämizi. * * * Eý, nury-yşka söýgüli senden köňülde ýaz biter, Ýaz möwsüm köňül girýan bizi gülüstana ýetir. Eý, jan gözne totyýa, nirä gitdiň beýle sen, Gel, sen, tamdyrymyzda rehmet suwlary gaýnasyn. Gel, ýeri şordan sapla, mazarlar bag-bakja dolsun, Turşy üzümler süýjesin, saçak çörekden dolsun! Eý, köňül, jan güneşi görküňden Gün uýalandyr, Gel, gör palçyk kepbäni, bizi goýbermez bolandyr. Ýüzüň gudrat-kereminden tikenler bakja döndi, Ynam-iman etdik, ýüz-müň ykrar bagyş et indi. Eý, baky yşk, janymyzy halas et şu zyndandan, Biribara ýetmäge hoş söz bolmazmy senden? Eý, yşyklar saçan säher, gam çagy şatlyk ýarat, Gijäniň içinde gündiz, deň-taýsyz gündiz döret. Göwhere öwren sadaby, ýaryp Zöhräň ödüni, Ýoklugy soltan eden, öwgi edýärin adyňy. Nirde gözler, yzyň tozuň görer ýaly biz bakyp, Delil eşitjek gulak hem akyl ýetirjek akyl?! Köňül şekerçiňrik görüp, haýyr-yhsan sanalar, Dat, lezzet her diş düýbünden başlar atyp naralar. Bölek bitin bilen gidýär, gul hem gowuşýar güle, Bar zat tiken tussagyn azat diýen ses gele. * * * Eý, ýagyş möwsümimiz, aýralyk bilen aglaýan, Gamly aşyk dostlara ýagmagyňa bil baglaýan. Eý, buludyň gözleri, gözýaş tulumyňy boşat sen, Gabanýaň Aý ýüzlüleri, päliň ondan daş et sen. Synla bulut agysyny, bakjanyň gülşüne bak, Atalar agysyndan hassalarmyz halas bu çak. Dodagy guran dostlara ýagyş eçilen bulut – Bedreläp suw paýlaýan hem gudratdyr Alla bolup. Mekir gözler sebäpli azyksyz ýer syr açýar – Halas eýlemek islegde asman göwherler seçýär. Şu bulut Ýakup bolsa, bossandaky gul Ýusupdyr, Gözýaş döken bulutlardan Ýusuplar nur susupdyr. Bir damjasy dür bolsa, kim birini nergiz biler, Täleýde biten otlardan oňsak, nygmat ýar bolar. Şeraplar berýän bossan düýn güller bilen bezeldi, Sebäp, şeraba meýillä, biwagt şerap hezildi. Ýum agzyňy sadap deý, serhoş çykman sap öňüne, Akly ýerinde gerçekler gaýypdan gelsin ýene. * * * Ah, köňül, kemçilikden ýat boldy-la sapalar, Ondan wepalar gelýär, senden munça jepalar. Ondan-munça keremler, senden bolsa ters işler, Ondan-munça nygmatlar, senden-hata-hars işler. Senden munça göriplik, munça erbet oý-pikir, Ondan munça yhsana sowgat-serpaýa şükür. Ajy janyň süýjesin diýip berlendir yhsan, Ne üçin munça keýp-sapa! Erene duşsun ynsan. Erbetligi terk edip, puşman edip başlar sen, Halas bolup beladan, Haka ýetip başlar sen. Baglasa-da gözüňi, elinde, bir halkasyň, Kä-te seni togalar, güýmenjesi belki sen. Altyn, aýal... söwdasy tebigy bolşuň açar, Kä janyňa Mustapanyň hyýal nuruny saçar, Bir ýan çekse – ýagşydyr, bir ýan çekse – ýamana, Bir girdaba duş gelen gämisiň sen hamana. Gizlinlikde dileg et, gije köp agla, iňle, Ol ýedi gat asmandan gelen sedany diňle. Şugaýp pygamber dady – däne-däne göz ýaşlar, Säher wagty gulaga owazy gelip başlar. «Günäň bolsa geçdim men, ýalkadym men, ýalkadym, Jennet dileýän bolsaň, kes dilegi ilki sen». Ol diýdi: «Isleýänim diňe jemaly Hakyň, Oňa gowuşmak üçin böwserin böwet behin». Eger-de han jemalyn görmejek bolsam munda, Jennet maňa ne derkar, goýuň siz dowzahynda. Onda: «Az agla, gözüň batyl bolmasyn» diýip, Maslahatlar berdiler uly hormatlar goýup. «Näme üçin gam çekeýin görjek bolsa soňundan, Ähli agza göz bolar» diýdi şonda gözüm hem. Ony görmekden mahrum boljak bolsa gözlerim, Dosta laýyk däl bolsa, men körlüge dözerin. Eger kim söýgi üçin bu dünýäde berse jan, Biriniňki - nurdandyr, ýene biriniňki - gan, Eger-de kim ýagşy-ýaman söýgüli saýlan bolsa, Özün ýok etmek üçin ýazykly dälmi bilse? Baýezit erbet kişä diýdi: «Näme mübtela?» «Eşegime hyzmatkär, öwrüldim men bir gula». Baýezit bolsa oňa: «Ýöre, basym bol!» diýdi – «Biribaryň öňünde bolarsyň sen gul» diýdi. * * * Eý, ady gözel Ýusup, üçekde ýöräp gidýän, Eý, käse döwen söýgi, gural bozma erk edýän. Eý, yşygmyz, toýumyz, ýeňiş hemraly döwlet, Ajy suwumyz joşdur, üzüm gaýnat-da öwret. Ah, dilbermiz, dilegmiz, kyblamyz, Hudaýymyz, Ataşa atdyň udy, tüsse-duman paýymyz. Ah, hilegär söýgüli, serhoşa duzak guran, Sellämizi girew al, köňli palçykda duran. Köňlüňde barmy ýeri, men oňa jan berýärin, Düşen yşk-derdi üçin, soňsuz iman berýärin. * * * Eý janlary süýjeden, huşly gider huşundan, Ony özüne getir, bir zatlar ber ýoksula. Aşyklara haýr et, daň ýagtylsyn güýjüňden, Derman zähere dönsün, bir zatlar ber ýoksula. Aý dek ýüzüň bilen bak, ýoksullaryň daşyndan, Bizi ýanyňa al-da, bir zatlar ber ýoksula. Aý ýaly bir parlasaň, janlar bolar yşgyňdan, Bizi nä hemra etdiň? Bir zatlar ber ýoksula. Derwüşde alamat nä? Dillerden dür saçandan, Ýüz ýamaly hyrka däl, bir zatlar ber ýoksula. Hem Adam, hem Isa sen, Merúem bolmasak hem hiçden, Hem syr, hem syra mährem, bir zatlar ber ýoksula. Ajy sen bilen süýjär, küpür - sen bilen dindar, Tiken - tomus gülüdir, bir zatlar ber ýoksula. Ah, maňa jan, söýgülim, küpürim hem imanym, Sen şalara şahynşa, bir zatlar ber ýoksula. Eý, gama batan bende, ybadatkär bende, Bedene iş salyşman, bir zatlar ber ýoksula. Ah, ah meniň nur-yşygym, bu gün bir iş ederin, Men nura bir perwana, bir zatlar ber ýoksula. Sen aýybymyz agtaran, ýylanmyň ýa balykmyň, Sen näme sen, sen näme, bir zatlar ber ýoksula. Gözelim sen bolgunyň, hem ol bil – bu gelişmez. At bu jany ýokluga, bir zatlar ber ýoksula. * * * Eý, Ýusup, şu gözleri görmeýän Ýakuba gel, Eý, gizlenen Isa gel, sen asmandan nazar sal. Aýralykdan gün gara, köňlüm ýaý dek, boldy gyl, Misgin Ýakup gojaldy, eý, ýaşajyk Ýusup, gel! Eý, Ymran ogly Musa, köňlümde Tur göründi. Öküz Hudaý bolup dur, Tur, Sinadan gel indi! Meňzim dagpyran sary, boýnum hem döndi çeňke, Bedenim gabra döndi, gel, eý, ýaşat, gel, giňde. Muhammet idän gözüm, gam içre muşdak saňa. «Rehmet üçin iberlen», bir ýüzüň görkez maňa. Eý, agşamyň şapagy, şadan sylag alan, gel, Alla bilen gören göz, ähli zady bilen, gel! Barça jan saňa beden, sen ol bedene jansyň, Jansyz beden ne derkar, gel, seniňki bu jan hem. Köňlüm alan günüňden jan bedenim oruldy, Sen dertsiň-git, ýöne, gel – senden derman berildi. Eý, söýgüli dermanym, ýüz para köňlüm nury, Gel, köňlümde diňe sen, bar bolsa – gitdi bary. Seniň gadryň bilmedim, pelek şeýle diýdi bil; Ok bilen köňlüň urup, ur başy-daşlara, gel! Gel, eý, «kaby-köwseýn» derejä eýe bolan, Gel, eý, soltan, «ew-edna» makamy Hakdan alan! Eý, Aý ýaly gözel şa, ýüzläp gözelden gözel, Gel, eý, suw, ot, dur, deňiz, gel, sen baryndan ozal! Hyzmatkäri boldugym, Ruhul-emin Şemseddin, Gel, metjidi Aksadan, ýerdäki arş Töwrizden. * * * Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden, Eý, bag-bakja güldüren habar ber söýgülimden. Eý, ýakymly şemallar, aşyk badyna ýeten, Gel, sen, nirede bolduň, ezeli tämiz öten? Eý, Rumuň, Hebeşiň pitnesi geň hoş ysy, Ýusup köýnegindenmi, ýa Mustapa hyrkasy? Eý, dogrulyk derýasy, akýaň söýgim ýabyňdan, Köňle Tury Sina dag, Sen - janlaryň janyndan. Eý, sözi, özi gözel, ähli ähli hoş dilber. Eý, ýyl-aýyň gul dosty, aýyň, ýylyň hoş bilner. * * * Birden gopan kyýamat, eý, soňsuz rehmet kylan, Eý, pikirler jeňňelin doly dolan ot bilen. Bu gün gülüp geldiň sen, zyndana açar bolup, Mätäçlere Taňrynyň keremin açan bolup. Güne perdegär sensiň, umyt ediljek är sen, Başlangyçda hem soňda, ähli zatda sen bar, sen! Köňüllerde orunly, duýgulary bezän sen, Öz dilegiň beren sen, öz-özüňden dilän sen. Eý, deň-taýy bolmadyk jan bagyşlan permanly, Sen başga, ähli zat kesel, sensiň onuň dermany. Ol al-hilä aldanyp, bigünä kinä düşdük, Hüýr gyzlardan serhoşduk, nan, çorbadan serhoşduk. Serhoşlyga syn et sen, oýna seret, goý, oýny, Bir döwüm çörek iýmek bu hadysa golaýmy? Göze görünmez ussa, düşürer ýüz-müň meýle, Tümlük ýagtylyk duşar – jende ýeňersiň şeýle. Eý, beýik är, «Repbim, halas et» tap, pursat, Ant içýän bulaň bary-asylsyz zatlar, görsek. Dym indi, men howlukmaç - tuguň teýinde biliň, Galamy döw, kagyzy zyň, saky göründi, geliň! * * * Gökden jana «Yzyňa dolan!» diýen ses geldi, Jan hem oňa «Merhaba, gelýän!» diýip seslendi. Diýdi: «Eşitdim, salam bolsun heran-haçanam, Ýene bir gezek çagyr, «hel etä» çen uçaýyn. Eý, taýsyz myhmanymyz, ýokdur sabyr, karar-da, Diýdi: «Mekandan üstün, jandan aýry bir ýerde». Zynjyrlary üzeýin bendiler aýagyndan, Bir merdiwan guraýyn, jan göge çyksyn ondan. Jana jan goşan gözel, sen biziň şäherdensiň, Köňlüňem bigänede, sen kime wepa berdiň? Sergezdanlyk – şerbedi içip, barýarsyň öe tarap, Ol jadygöý Kabylda, jadylap içgi berip. Gonup-göçýän kerwenler geçip eýläk-beýläge, Başyň nädip aýlanok, munuň sebäbi näme? Kerwenbaşyň janlaryn eşdeňokmy her demde, Bize garaşyp durlar, ýoldaşlarmyz, hemdemler. Garaşýar bir bölek halk, özün undup gaýgydan, «Eý, ýoksul, şa ýanyna gel!» ses bar – aýbygadym. * * * Şu gözellige seret, şu boý-syrat, göz-gaşa, Şu reňke seret sen, özüni bezäpdir aşa, Serwiden söz açaýynmy ýa ýasemin läleden, Söz aç diýseň açaýyn mum, legendir ýa ýelden. Ataş münberi dek yşk, keşbe girip üçekde, Köňül kerwenin baglap ýigit, dem ber bu çakda. Gije gündize deňiç ataş içre köýýärin, Guşluk güneşi sebäp, bagtymy duýýaryn. Aý dek ýüze esedip, sessiz salam aýdýaryn, Ol «Gel bäri» diýmänkä, özüm ýere atýaryn. Dünýäniň gül bakjasy, gözgi-yşksyň äleme, Dünýäniň dert-jepasy, sen azar dälmi näme? «Azar berme!» diýersiň, gelsem jan pida, bolup, Yza dönsem, «Samsyk gel!» eşdiler seda bolup. Ataşly aşyklar bilen gezip ýör hyýalyň, Ýüzüň bir dem gözünden gitmez islegim mälim. Ah, köňül, näme boldy, bu nämäniň derdikä? Säher-agşam ukyny kim nirä giderdikä? Köňül-ýüzüň beýany, jady gözi wasp eder, Sünbül saçyň, gaşlaryň söhbetini kesp eder. Eý, yşk hemmäň ýanynda bar sende birnäçe at, Bu gün men bir at dakdym: «Dermany bolmadyk dert». Eý, gözel jan nury sen, pelek ýaly aýlanýan, Bugdaý iber, degirmen, durmasyn-a aýňalman. Indi ondan açman, dymjak diýip şu sözi: «Jan şu höwesde ýandy, Rebbim hoş tut Sen bizi». * * * Eý, ady gözel Ýusup, üçege çykýaň çakgan, Ine, gapyny açdyk, gir düşde tiz üçekden. Eý, merjen doly deňzim, karar-sabrym tüketdim, Degirmen aýlanşyndan başyma misil tutdum. Kerwenbaşy, hatyrama, sen kerweni göçürme, Düeleri çöker-de, gonalgadan ötürme. Ýok, ýok, ýöre, eý, däli, gan içre ýör hoş halda, Sebäbini sorama, jana ýer ýok bu ýolda. Teniň topraga girse, janyň asmana galar, Hyrkaň ýyrtyk-gam çekme, jan saňa ýokluk bolar. Köňül syrna ýat däl sen, aýnasyň-görkez ýüzüň, Sen yşga düşen bolsaň, pitnä özüňi dözgün. «Nirä ylgaýaň?»– sorap, menden jogap gaýdanok, Üns et özüň gan içre ylgap ýörsüň, aýdaňok. Aýdaly gidýän ýeriň, otdan geçip barýarsyň, «Alla islänin eder» deňzine çenli dursuň. Her wagt bir ilçi gelýär, elindedir jan ýakaň, Her wagt köýde bir hyýal, çekýär özüne bakan. Köňül şeýle reňkde, şu ys älemin açýar, «Nirde?» diýip, nagra çekip, lybasy ýyrtyp gaçýar. * * * Bu gün gördüm söýgülini, men aýdyňlyk bedeni, Mustapanyň ruhy deý göge galyp durany. Gün ýüzünden uýalyp, asman köňli ýarylan, Suwdur toprak otdan aýdyň, açyk bolup görünen. «Görkez» – diýdim – merdiwany, asman çykaýyn sary, Diýdi: «Merdiwan – başyň, aýak asta al seri». Aýagy ser üste goý, ýyldyzlara çykyp al, Haýu-höwesi ýeňseň – paý howada, hany, gel! Gök, howada ýüzlerçe ýollara duş bolarsyň, Her säherde dileg deý asman sary galarsyň. * * * Eý, dostumyz, söýgülimiz, aýan syrlaryň bary, Eý, biziň Ýusubymyz, bazaryň röwşen nury. Geçen ýyl biz şu ýylyň günlerne köňül berdik, Biz - utuldyk, sen baýlyk, hazynalygyň gördük. Biz bir ýalta – hepbesiz, hajymyz sen ýüzlerçe, Biz gitdik bejit uka. Oýa döwlet ýok sizçe. Biz bir dünýäň hassasy, sen ýüzlerçe melhem sen, Biz bir ýykylan şäher, sen ussasy ylham sen. Men düýn yşga şeý diýdim: «Eý, mekir şalar şasy, Sellämizi sen aldyň, etme inkär höwesi». Jogap berdi, diýdi ol: «Işimiz senden geler, Sebäbi daga aýtsaň, ol ses saňa ýaňlanar». Hawa – diýdim: - Dag biz, ses bolsa biziň sesimiz, Ýöne amal elde däl, kän bolup höwesimiz. * * * Toý-baýram dabaramyz dünýäge gutly bolsun! Toýy Allaň mata dek bize ölçänin bil sen. Zöhre Aýa ýar boldy totyguş hem şekere, Her gije söýgülimiz bir toý tutýar bakara. Şamyzyň döwletiniň saýasynda şat kalplar, Kynçylyklar ýok boldy, dost-dogan boldy halklar. Eý, şähere görk beren, bu gün toýa ýene sen, Gözellere ýar ýigit, seni her kim tanasyn. Ýöreýşiň ne ajaýyp, hoş sallanyp gelýärsiň, Eý, derýamyz, dereden biz sary sowulýarsyň. Dilegimize laýyk, aýak bagymyz çözüp, Eý, dünýäniň Ýusuby biziň ýüregimiz üzüp. Jepa etmek ýaraşýar, hata – wepa garaşmak, Janymyz gan içinde, köp bolansoň şer açmak. Eý, bu jana janana söýgi - ylaha göter, Bu süňk bölegiň bolsa, Anka sowgada ýetir. Aryplar! Dünýä şasynyň janyna jan goşan, Şamyzyň saýasynda raks ediň, oýnaşyň. Nesrin gül gerdeginde deprek boýnumdan asdym, Bu gije depdir deprek iň bir gözel lybasdan. Dym, Zöhre sen bu gije saky bol, meý hödür et, Gülgüli ak ten söýgi, goý, görkezsin gudrat! Dilegimize duş bolduk, derwüşler joş şu mahal, Billerinde gaýrat kemer, başladylar semaga. Bir bölek halk deňiz deý tolkun atýar seždede, Bir bölegi gylyç deý kesýär, goýman derdeser. Dym, bu gije nurly şa, şatdy aşhana girdi, Süýji halwany onuň, özi bişirip durdy. * * * Eý, ajal perişdesi gaç, gaç biziň jeňmizden, Biziň keşbe girmersiň, seň özüň reňkimizden. Eger-de söweş etseň, aman çykman jeňmizden, Ýeke damar sag galmaz mertleriň hüjüminden. Öňürti şerap süzüp, sen şeýle bir serhoş bol, Huşdan gidýänçäň içip, soň bize goşul, gel! Şerap isleseň, ilki daral, göýä bir çüýşe, Çüýşä döneňden soňra urul sen biziň daşa. Kim ol şeraby içse, maksady myrat tutar, Daralan köňlümizden oňa şatlyklar ýeter. Hüthütlermiz derýada alty tar berbat çalar, Soltanlar bilen gezýär, bilseň, bizde hüthütler. Hanjar uruşly zaman Myrryh ýyldyzy aýal, Ser örtülmez bu jeňde, baş ýalaň – gelner aýan. Günden ok islän bolsaň, dolan Aý bolsun galkan, Kaýsarsyň sen, ýöre, geç, yşgymyz görsün halkam. Özüňi gurban edip, Yshak bol sen, deňze çüm, Güýjümiz, kuwwatymyz, gämini döwmesin dym! * * * Wepa, mürewwet joşup, belki, işik açar sen, «Tur, gel!» diýersiň öýdüp, goýberä-ýä içeri sen. Eý, gözel sen, jan gözel, ýüzde mähriň nur salyp, Janym seniň gapyňda, müşk ysyňa gark bolup. Biz serhoş, baş aýlanar, ýok özge-de söwdamyz, Yşgyň ebedi bolsun, biz, ugruňda şeýda biz. Yşgyň çarpyp ellerin, başga älem ýaradýar, Gökden başga boş ýerde, ýüzläp asyr döredýär. Eý, gün ýaly gülen yşk, «külli akyl» bakyşly, Eý, «hel etä» meýdanda çapyksuwar çekişli. Biz bu gün saňa myhman, güler ýüzüň serhoşy, Ýüzüňi ýada salsam, alyp gaçar bu başy. Başga üçek üçekden, adyňdan – at nirede, Eý, gözel, datly saky, käse-de şat nirede? Bir seresan jan görsem, ondan hümmet sorajak, Ah, käşgi uklasadym, düýşde ýüzňe garajak. Eý, gapa gullar ýygnan, merdana är, bir daş çyk, Serhoş göz köňlüm aldy, men bir huşsuz serhoş dek. Derdiň bilen ýyrtylan, ýüzlerçe perýady duý, Boýnum, ýüzüme ýokan meniň bagrym gany-heý. Ýüzüň gezer illerde, Mejnun bolar çöllerde, Gargynaýyn ne sebäp, dürler saçan dillerde?! Eý, ynsanlaryň şasy eltme mundan beterne, Seni görüp bilmejek ýowuz hala ýetirme. Jan deňzine - kenara ganlar sil bolup akýar, Deňiz bilen tanyşýar, başgalar ýatdan çykýar. Bir sil – haýranda akýar, bir sil – ýoly ýitiren, Ol Alla öwgi aýdyp «lä hawlesin» ýetiren. Eý, bir Güneş dek dogup, ýoksula aşyk bolan, Yhsan eýle guluňa, yhsan et kerem bilen. Gül duýdansyz görende, ol geçipdir janyndan, Çeňk çeňkiňi eşidip, uýalypdyr sazyndan. Zöhrede nagma barmy seniňkiden has gowy?! Senden öwrenmek üçin dodagyňda – dodagy. Ähli gamyş, gargylar bu umyda baglanan, Sen isleseň beýgeldýäň, olar – şoňa çaglanan. Sensiz çeňke hal erbet, naý özün gamly duýýar, Birini öp, dep hem çal, «Ur, ýüzüme ur!» diýýär. Bölek köňli serhoş et, dagasyn, pytrap gitsin, Düýnki ýitirenine edil şu pursat ýetsin. Eý, beýik şa, mundan soň ýalňyşdyr, özüň bilmek, Indi gizlin wasp etmen, kyn söhbet açjak bolman. Ýa şerap ber, bolmasa, ýa-da tur-da aýt maňa, Keremiňden seni tapan alkyşlar sopulaňa. * * * Näme bolar öýdýärsiň, bu gün gelse eger ajal? «Hoş gelipsiň, merhaba» diýerin men heran-haçan. Oýnaş, asmana çykaryp, ol ýerde hem gaýtmagyl, Sabyr-kararymy aldyň, öý eýesi, diýerin, gel. Aýdan ýyldyzy alýaň, parçalap alyp gidýärsiň, Kä süýt emýän çagany, enäni heläk edýärsiň. Dünýä ýaly köňlüm bar, äpet dagy çekip barýar, Men dag çekýän bir pälwan, çöp göterse aýyp görýär. Her tüýüm bir arslandyr, emma ölüm höwesim ýok, Men un ýa bir bugdaý däl, degirmen hem sowuranok. Degirmene bugdaý gider, sebäp sümmülden döräp, Aý ogly men, işim ýok degirmende şoňa görä. Ýok, Aý yşgy penjireden degirmene düşer durar, Düşer, soňra Aýa gider, duýma, nan dükana barar. Aklym bilen ýar bolsam, aýdyljak zat aýdardym, Emma ýeter, şemal, dym, bu hekaýat – öz derdim. * * * Seni jandan söýýärin, meniň başga günäm ýok, Zagpyran sary ýüzün gizlär ýaly penam ýok. Ýüz öwürme, gan ýuwdan bu köňlümi hoşnut et, «Alla islänin eder» sabyrly makama elt. Ýöräp, çatryga ýetdik, sabry gözden salmaryn, Ýüzüň nury solmasa, iki ýoly bilmerin. Eger-de ýüz öwürseň, akýan aryklar akmaz, Guşluk güneş bolmasa, zerreler ünsi çekmez. Bolmasady şerabyň, ne üçin aýlansyn serler? «Lä hawleden» şeýtanlar sensiz gaçyp bilmezler. Duşmana eliň bilen heliläni goşmasaň, Dermandan-derman bolmaz, hem ýugrulyp bişmezem. Bulduň esräp joşmasa, Gün Esede girermi?! Sensiz zahyt elinde ýeke damar durarmy? Ölümde aň gizleýäň, ukyda-da – oýalyk, Daşdan suwy çykarýaň, ýyldyrymdan – wepalyk. Gije gara sil nirede, pikiri alyp gider, «Hel etä» müşdersinden gaýry kim bilip gider. Eý, ownuga jan beren, şonuň ýaly irä-de, «Gel» diýip deprek çalýar, baksaň, baglar niräňe. Her kes hüşür almaga, aldan, maňa gel diýýär, Ýöne, pesdir düşünjäm, düşünmen, muny duýýan. Düşünişmek nirede – şol ýana gitmek gerek, Ömrüň uzaýan bolsa – dilegin etmek gerek. Seni güle öwürýän köňlüňi daraldýandyr, Dilege mejbur edip, ony kabul edýändir. «Ri» üstüne «bini», «nun» bilen «elip» goşar, «Rebbenä» ýetmek üçin agzyňa demi başlar. Lepbeýk, lepbeýk, eý, kerem, söwdaň bardyr başymda, Suwuň bilen aýlanýar degirmeniň daşy deý. Degirmen daş aýlanýar, ýöne, onda azygym, Bilmez muny degirmen, bilmez ol öz ýazygyn. Ony aýlaýan suwdur, aýlanar durar ol hem, Ýöne Hak suwy kesse, gymyldysy ýok, bilseň. Sözler syrly dünýäden uçup gelýär, dym indi, Sözlesin sözde taýmaz, açyp bilýän, dym indi! | |
|
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |