17:29 "Diýýärler agydyr ölüm bezegi..." | |
"DIÝÝÄRLER AGYDYR ÖLÜM BEZEGI..."
Diýýärler agydyr ölüm bezegi, Emma, ajal mañ ýeten gezegi. Aglamañ adamlar, şatlanyñ, gülüñ, Ruhum razy bolar, hatyrjem boluñ. Seçiñ göwräm üzre nogul-nabady, Sazandalar sazyn belentden çalsyn. Meni alyp barýan adamlañ ady, Gölegçiler däl-de, gelnaljy bolsun. Sebäp men babamyñ ýanyna barýan, Sebäp men atamyñ ýanyna barýan. Meniñ dünýä gelmegime gatnaşan, Ählije ötenleñ ýanyna barýan. Özümi çaga deý duýaryn şol wagt, Babam gelip sypalasa başymy. Howsalaly göwnüm ynjalyk tapar, Ata-babam üýşüp alsa daşymy. Emma, men el üzmek islämok mundan, Men ýene gelerin Huda halasa. Sora meni säher sergin şemaldan, Gözle memi bahar täze pyntykdan, Garaş maña bu tebigat aglasa... • "AJAL ALYP BARÝAR ADAM JESEDIN..." Ajal alyp barýar adam jesedin, Adam glaýar adamlaryñ añynda. Şonuñ üçin aglamañyz bes ediñ, Halk atly şu dowamatyñ barynda. Göräýmäge meñzeş ýaly hemme-de, Bar ýollaram gabrystana sowulýar. Tükel adam ölýär-ýitýär dünýeden, Üýtgeşikler ölen wagty dogulýar. Ajal kesgitlänok ömrüñ çägini, Akyl berip ýaşap ýörä Eflatun. Ýaşyñy uzaldar ýagşy gylygyñ, Paýhasyñ hem gowulyga yhlasyñ. Halk atly dowamat şeýle adalat, Ýagşy bolsañ ýaşadyp ýör öteni. Ýamanlygñy welin ýatlap ýörenok, Ýagşylyk edýär-de unudýar seni. • "Mertlik hada, dostluk hakda, gaýta-gaýta dursak-da..." Mertlik hada, dostluk hakda gaýta-gaýta dursak-da. Watan hakda, ene hakda gykylyklap ýörsek-de, Söýgi hakda, hormat hakda warsakylar ursak-da, Çyn duýgular dilde däldir, däl hatda bokurdakda. Bu duýgular añyrrakda, gusakdadyr, gursakda. Mertlik baýdagyn parladyp, gowga güni ýatan bar, Çyn dostuny entiredip, pul dostuny tapan bar, Watanyny aýdym edip, soñ emgenmän satan bar, Enesini ýola garadyp, pata güni ýiten bar, Söýgiden ýangyn döredip, özün suwa atan bar, Gözlerine sylap, seredip, ýeñsesinden atan bar, Şonuñ üçin bu duýgular dile gelen pursatda, Ynanmagyn, çynmy olar, ýatybersin gursakda. Gursak sorag, dil keşp gorag, tiz ynanmak howupdyr, Gyssanma sen, adam bar-a, aýby gadym towukdyr. Durmuş sülçi, bir çatrykda, bir öwrümli pursatda, Sözleñ bary wulkan ýaly atylarlar gursakdan. Baýram AKATOW. | |
|
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||