18:44

Dogaýy sazyñ owazy

DOGAÝY SAZYÑ OWAZY

Häzirki döwürde çalynýan halk sazlarynyñ köpüsini döredenler öz döwrüniñ Babagammary, halypa-sazanda Amangeldi Göni hem-de onuñ şägirdi, Kel bagşy, ýagny, Allaberdi Aýdogdy ogly bolmaly. Kel bagşynyñ ilkinji döreden sazy "Ussadym" bolmaly. Kel bagşa halypasy Amangeldi Göni ak pata berende, şägirt halypasyna şol sazy bagyş edýär.

"Ilki bilen geldi Syçmaz tarapdan,
Amangeldi Göni öldi Arapdan,
Baýly batyr diýler Goñur tarapdan,
Alla kuwwat bersin, geliñ ýigitler!"

Mätäji şahyryñ goşgy setirlerinden görnüşi ýaly, sazandalaryñ läheñi Amangeldi Göni 1879-njy ýylda Gökdepäniñ ilkinji urşunda gahrymançylyk bilen, şehit bolýar.
Nurberdi hanyñ ogly Berdimyrat hanam şol söweşde wepat bolýar. Nurberdi han oglunyñ gahrymanlarça ölenine buýsanypdyr. Ýöne ol Amangeldiniñ gubrunyñ ýanynda çöke düşüp bozulypdyr. "Indi Amangeldi Göni ýaly sazanda bu golaýda döremez. Amangeldini hemişelik ýitirdik" diýipdir.

* * *

1957-nji ýylda uniwersitetiñ mugallymlarynyñ ýaşajak jaýyny suwaýardyk. Ol jaý halypa sazanda Mylly Täçmyradowyñ howlusynyñ günbatar tarapyndady. Aradan bir pyýada geçäýer ýaly ýer bardy. Mylly aga her gün irden işe geçerdi. Ilkinji gezek işe geçip barýarka, Mylly aga añyrdan gelşine, "Essalamun aleýkum" diýip, bize salam berdi, meniñ ýanymdaky işdeş ýoldaşym hem "Mylly aga salawmaleýkim" diýip ýüzlendi, ýoldaşym 40 ýaşlaryndady. Şonda Mylly aga: "Añyrdan gelen adam salam berse, siz "Waleýkim essalam" diýmeli, onsoñ ýaşyña görä saglyk-amanlyk soraşmaly" diýip, saglyk-amanlygyñ tertibini düşündirip başlady. - Bi hem musulmana ilkinji gerek edep-tertip. Adam dünýä gelenden soñ, kesbini gözlemek bilen. Kim tapýar, kim tapanok. Kesbiñ düýbüñ-damaryñdyr.
Özüñe bagyş etseñ - diliñ uzar,
Iliñe bagyş etseñ - ömrüñ...

* * *

Ol döwürlerde ir bilen radioda 6-dan 7-ä çenli berilýän sazlary radionyñ sazandalarynyñ özleri gelip, göni efirde çalardylar.
Mylly aganyñ nobaty gelende, sagat 7-de efir gutaryp, Moskwa alsa-da, sazyny Mylly aga gutarýança çalar eken. Şondw radionyñ diktory Geldi Döwlet: "Mylly aga, häli 7-de efiri Moskwa aldy, siz bolsa saz gutarýança çalýarsyñyz" diýýär. Şonda Mylly aga: "Geldi jan, sazam doga ýaly zat, soñlaman goýmak günä. Onsoñam, efiri Moskwa aldy diýip, sazyñ ýaryny çalyp goýsañ, soñky ýaşlar onam çalmazlar, şeýdibem, saz dargamak bilen bolar" diýipdir.

* * *

1972-nji ýylyñ Oraza aýynda Bamy obasynda myhmançylykda bolmak miýesser etdi. Öý eýesi 70 ýaşlaryndaky Ata aga şol agşam oba ýaşulularyny çagyryp agyz açdyrdy. Çaý-nahardan soñ özara mesaýy gürrüñ başlandy. Meniñ bolsa Sary bagşy bilen baglanyşykly wakalary eşidesim, bilesim gelýärdi. Şonda ýaşulular maña Sary bagşyñ Gürgene toýa gidip-gelşi barada gürrüñ berdiler. Gürgende baý dul aýal özüniñ ýeke oglunyñ durmuş toýuna arkaçly Sary bagşy bilen Gürgeniñ halypa bagşylarynyñ birini çagyrýar. Çaý-nahardan, hezzet-hormatdan soñ, bagşylaryñ her haýsyny aýratyn otagda oturdyp, aýdym aýtdyrýardylar. Sary bagşy aýdym aýdanda giç gyzýan eken. Türkmeniñ: "Çaman ördek ir uçar" diýen bir sözi bar. Gürgenli bagşy ilkinji aýdymdan gyzyşyp başlaýar. Märekäniñ köpüsi gürgenli bagşynyñ töweregine ýygnanyşýar. Arkaçly bagşy şindi-şindi gyzar ýaly däldi, onuñ ýanynda çaýçysy bilen sazanda ogly, Pürlüden başga adam galmandyr. Şonda Pürli: "Toýa gelip gaty ýalñyşypdyrys, gelmeli däl ekenik" diýipdir. Sary bagşy: "Oglum, howlukma-da, çalyber", "Sabyrly gul dura-bara şat bolar" diýenleridir. Ýene bir salymdan märekäniñ bary gelip, Sary bagşa maýyl bolarlar, gürgenli bagşy bolsa, halkyñ beren bar peşgeşini öz eli bilen getirip berer" diýipdir. Sary bagşy "Gyzyl Aý" dogan wagty gyzyp, ýetjek derejesine ýetipdir. Gürgenli bagşy, Sary bagşyñ hawuny berip, bar ýygnan puluny, peşgeşini arkaçly bagşa bagyş edipdir, bagyş etmez ýaly hem bolmandyr. Sary bagşy: "Meni diñlejek bolsañyz, pully jübiñizi çatyp geliñ" diýer eken. Onuñ aýdym-sazyndan toýa gelen märeke, toý eýeleri razy bolupdyrlar. Toý sowlandan soñ, öýlenen oglan ejesine, arkaçly Sary bagşyny alyp galyp, agşam diñläýseler gowy boljagyny, düýn işliräk bolup diñläp bilmändigini aýdanda, ejesi: "Ejeñden geçmejek bolsañ, arkaçly bagşyny tiziräk ugrat" diýipdir. Sary bagşy aýdym-sazyñ ussady bolmak bilen, görmegeý, nurana, daýaw adam bolupdyr.

* * *

Daşoguzdan bir goly ýuka özüniñ üç aýdan ogul öýerip, toý tutjakdygyny, Magtymguly bagşa-da aýdym aýdyp bermegini haýyş edýär, bagşy hem bu haýyşu kabul edýär.
Goly ýukanyñ toý sähedi bilen, şo töweregiñ diýeni bolýan baý adamynyñ toý sähedi gabat gelýär. Diýeni bolýan baý: "Berim - gökden ýol ýasar" edip, toýuna bagşyny äkitjek bolýar, emma Magtymguly bagşy hemmäni deñ nazarda tutup, ilki haýyş edeniñ toýuny sowýar.

* * *

Sahy bagşy aýdym aýdanda, aýdymynyñ many-mazmunyna añry ýany bilen düşünip, düýrmegi bilen şoña laýyk hereket ederdi. Şol sebäpli onuñ aýdymlary janlanardy. Diñleýjini durky bilen özüne maýyl ederdi. Eger-de, Tahyr sandyk bilen derýa atylsa, daglara "Ýol ber başyndan" diýip ýalbarsa ýa-da Tahyra başga bir sütem edilse, Sahy bagşy şol wakalaryñ süññüne girerdi. Şonuñ üçin hem aýdym hakyky aýdym bolýardy.

* * *

Ir döwürde bir toýda Sahy bagşy bilen tabakdaş bolmak miýesser etdi. Şonda bagşylaryñ biri oña ýüzlenip: "Gämi obasyndaky çykyşyny telewizorda görüp: "Biz dagy bagşam däl, aýdymam aýdyp ýörmeli däl diýen netijä geldim" diýeninde, Sahy bagşy: "Oglanlar, siziñ hemmäñiz hem bagşy. Bagşy kemiñiz ýok, ýöne aýdym aýdan mahalyñyz dagyñ aşagynda durup, ýokarsyna gygyrman, dagyñ depesine çykyp, aşak gygyrmalydyr, ýagny, aýdymy onki süññüñ bilen aýtmaly" diýdi. Şu aýdylan sözler ŞU GÜNKI GÜNÜÑ BAGŞY-SAZANDALARYNA HEM DEGIŞLI.

Nurmuhammet AGABAÝEW.
Категория: Aýdym-saz sungaty | Просмотров: 420 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Nurmuhammet Agabaýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Aýdym-saz sungaty bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]