01:11

Dogry karar - üstünligiñ açary

DOGRY KARAR — ÜSTÜNLIGIŇ AÇARY

■ Özüñ bol!

Adam­zat äh­li dö­wür­ler­de ada­ty däl düşün­mek uky­by­na eýe bol­ma­gyň, kä­mil­leşme­giň, ös­me­giň, ýo­ka­ry we­zi­pä ýet­me­giň, ma­li­ýe taý­dan azat bol­ma­gyň, ba­ýa­ma­gyň, şah­sy dur­muş­da we iş­de üs­tün­lik ga­zanma­gyň ýol­la­ry­ny göz­läp­dir. Mark Aw­reliý bu ba­ra­da: «Sen gel­jek­de nä­hi­li dur­muş­da ýa­şa­mak is­le­ýän bol­saň, şu gün­den şol durmuş­da ýa­şa­ma­ga baş­la­ma­ly» di­ýip bel­le­ýär. Aý­da­ly, siz özü­ňi­zi has uly üs­tün­li­ge ýetmä­ge ukyp­ly gör­ýär­si­ňiz. Bu ba­ra­da ar­zuw ed­ýär­si­ňiz, em­ma gün­de­lik ala­da­lar we dür­li ýag­daýlar bi­len ba­şa­gaý­lyk ýa-da köp ýag­daý­lar­da baş­lap, ba­şa bar­ma­dyk işi­ňiz üçin sus­su­pes­li­ge uç­ra­ýar­sy­ňyz. Şeý­le ýag­daý­lar­da nä­hi­li he­re­ket et­me­li?! Ýaş­lar il­ki bi­len üs­tün­li­giň we bag­tyň for­mu­la­sy­ny tap­mak is­leýär­ler. Em­ma bu­lar ýa­ly for­mu­la ýok. Soň­ra bol­sa gün­de­lik ga­bat gel­ýän mese­le­le­ri çöz­me­giň ýol­la­ry­ny göz­le­ýär­ler. Ýö­ne bu ge­ze­gem ýaş­la­ryň ta­ma­sy çyk­maýar. Çyl­şy­rym­ly me­se­le­le­ri çöz­mä­ge de­rek üs­tün­lik ga­za­nan­la­ryň we ýe­ňi­ji­le­riň ka­nu­nyny, ola­ryň pi­kir­le­niş usu­ly­ny hem-de ola­ryň öw­re­nen we amal eden tär­le­ri­ni öw­ren­me­li.

Ýe­ňi­ji­le­riň öz ka­nun­la­ry, dur­muş pel­sepe­le­ri ola­ryň dur­mu­şy­ny do­lan­dyr­ýar. Bu ýö­rel­ge­le­ri ka­bul eden ýag­da­ýy­ňyz­da siz öz dur­mu­şy­ňy­zy kä­mil­leş­di­rip bi­ler­si­ňiz. Elbet­de, he­mi­şe ýe­ňi­ji­le­riň dur­muş ýö­rel­ge­le­ri bi­len ýa­şa­mak aň­sat däl­dir. Ýö­ne siz ola­ry amal et­mä­ge ýe­ter­lik de­re­je­de güýç­lü­di­gi­ňi­zi bi­liň. Siz is­len­dik wagt öz dur­mu­şy­ňy­zy üýtge­dip bi­ler­si­ňiz. Üs­tün­lik si­ziň pi­kir edi­şi­ňiz ýa­ly şow­lu­ly­ga bag­ly däl­dir. Ol si­ziň anyk pel­se­pe­ler­de eme­le gel­ýän dur­mu­şy­ňy­zyň ýa­şa­ýyş gör­nü­şi­niň ne­ti­je­si­dir. Köpler özü­ni «ejir çek­di­ri­len» saý­ýar­lar. Ha­ky­kat­da bolsa, bu bi­ziň özü­mi­ze bagly. Çün­ki äh­li zat bi­ziň şu wagt­ky ýag­daý­la­ry nä­hi­li peý­da­lan­ýan­dygy­my­za bag­ly­dyr. Biziň her bi­ri­mi­ziň üstün­lik ga­zan­ma­ga we ýe­ňi­ji bol­ma­ga müm­kin­çi­li­gi­miz bar. Eger is­le­sek bu til­sim­le­ri öz dur­mu­şy­myz­da şu gün­den or­naşdy­ryp bi­le­ris. Bu usul­lar bi­zi ýe­ňişle­re ruh­lan­dy­rar. Ge­liň, öz mak­sat­la­ry­my­zy ha­ky­ka­ta öw­re­liň! Özü­mi­ziň ada­ty dur­muşy­my­zy ýag­ty wa­ka­lar bi­len be­zä­liň! Ge­liň özü­miz bo­la­lyň!

■ Karar al!

Adam­la­ra is­len­dik zat bo­ýun­ça ka­rar almak aň­sat däl. Tö­wek­gel­çi­lik bar bol­sa has hem kyn. Bi­zi nä­bel­li­lik gor­ku­sy sak­la­ýar. Köp za­dy üýt­get­me­li bol­ma­gy­myz müm­kin, ada­ty dur­mu­şy, dost­la­ry­my­zy, ta­nyş­la­ry­my­zy. Esa­sy üýt­geş­me bol­sa bi­ziň öz içi­miz­de,ru­humyz­da bo­lup geç­ýär. Ýat­da sak­laň! Is­len­dik ösüş, is­len­dik üýt­geş­me karar çykarmak­dan baş­lan­ýar. Nä­dog­ry ka­rar çy­kar­mak äh­ti­mal­ly­gy­myz köp­dür. Yn­san uý­gun­la­şan ýe­ri­ni taş­lap, nä­bel­li­lik bi­len gar­şy­laş­mak­dan gork­ýar. Ýö­ne şol ädim ösüş ga­zan­ma­gy­myza müm­kin­çi­lik be­rip bi­ler. Bu bi­ziň iň uly müm­kin­çi­li­gi­miz­dir. Is­len­dik çöz­güt al­nan­da bel­li bir ne­ti­je saý­la­ny­lyp, beý­le­ki äh­li mümkin­çi­lik­ler­den ýüz dön­dü­ril­ýär, ýag­ny siz bil­kast­la­ýyn is­len­dik baş­ga müm­kin­çi­lik­den bo­ýun ga­çyr­ýar­sy­ňyz. Siz hä­zir­ki wagt­da bar bo­lan za­da ýa­pyş­ma­gy dog­ry ha­sap­la­ma­gy­ňyz müm­kin. Em­ma siz äh­li tä­ze müm­kin­çi­likler­den ýüz öwür­ýär­si­ňiz. Bu bol­sa si­ziň has go­wy dur­muş ba­ra­da­ky ar­zuw­la­ry­ňyz­dan uzak­laş­ýan­dy­gy­ňy­zy aň­lad­ýar. Em­ma siz öz mak­sat­la­ry­ňy­za, ar­zuw­la­ry­ňy­za bar güý­jü­ňi­zi, kuw­wa­ty­ňy­zy, ym­ty­ly­şy­ňy­zy ba­gyş edip biler­si­ňiz. Geç­mi­şe ýa­py­şyp, ar­zuw­la­ra ym­ty­lyp bol­ma­ýar. Siz ýa ada­ty dur­mu­şy­ňyz­dan, ýada ar­zuw­la­ry­ňy­zy dur­mu­şa or­naş­dyr­mak­dan uzak­laş­ma­ga mej­bur bo­lar­sy­ňyz. Geç­mi­şi ýa-da go­wy dur­muş üçin müm­kin­çi­li­gi saý­lamak bi­ziň öz eli­miz­de. Ýat­da sak­laň!Is­len­dik üýt­geş­me ka­rar al­mak­dan baş­lan­ýar.

Rahmet GYLYJOW.
Категория: Psihologiýa | Просмотров: 440 | Добавил: Nurdan | Теги: Rahmet Gylyjow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Psihologiýa bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]