23:02 Dolanasym geldi | |
DOLANASYM GELDI
Gijigen ykbala ýazygy ýöňkäp, Ezilen ýassygma bagrymy oýkap, Geçmiş ahmyrymy kalbymda çaýkap, Dolanasym geldi. Gitseň-de ykbalym hazana baglap, Ýarama duz sepip, göwnümi tyglap, Agşamy geçirdim gözümi çyglap, Dolanasym geldi. Ýüregimem terk etjek deý gursagy, Düýnki ýagyş köne derdim gorjady, Alyp ýanma niýetlermiň barjasyn, Dolanasym geldi. Günler agramlanyp, geçdikçe hepdäm, Gussalarym artdy, şatlygam köp däl, Ýyrtylan suratyň bölegin çöpläp, Dolanasym geldi. ■ ÖÝE HOWLUGÝARYN Eginjigme ýantorbamy asynyp, Men öýe howlugýan, öýe howlugýan. Pikirlemden äpet gämi ýasanyp, Men öýe howlugýan, öýe howlugýan. Üstün geldi teňňäň suratly ýüzi, Derdime em bolar aýdan her sözi, Mähriban käbämiň ýoldadyr gözi, Men öýe howlugýan, öýe howlugýan. Bu bolup ýörşümi öz-özüm geňläp, Bölek duýgularmy bir ýere jemläp, Uzak menzilleriň aýdymyn diňläp, Men öýe howlugýan, öýe howlugýan. Alyp doganlarma sowgatdan bir paý, Ejeme, kakama aýratyn serpaý, Meniň garyp göwnüm siziň bilen baý, Men öýe howlugýan, öýe howlugýan. Taşlap bu dünýäniň alada, gamyn, Gelýän ýatlap öwütlerni atamyň, Eziz göbek ganym daman mekanym, Men öýe howlugýan, öýe howlugýan. Ele berip bagtyň altyn açaryn, Obam ýene açar maňa gujagyn, Diläp ýollaň ajabyndan ajabyn, Men öýe howlugýan, öýe howlugýan. Ogulnur PIRJIKOWA, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby. | |
|
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |