17:19

Dört närse / hekaýa

DÖRT NÄRSE

Dostumyň pajygaly ýagdaýda aradan çykan mähriban kakasynyň hem-de onuň bilen bilelikde, balajyk ýaşynda namyrat neresse bolan körpeje jigisiniň jenneti ruhlaryna bagyşlanýar.


...Dört närse.
Dört zat.
Bary-ýogy dörtje zat, ony betbagtlygyň elhenç batgasynyň holtumynda ebedi gark bolmakdan halas etdi...
Aňy, kalby, hüýt-gara, ergin mazudyň goýultmagyndan emele gelen deý gos-goýy läbige ýuwdulyp, aklyndan azaşmakdan...
...Birinjisi – ortanjy daýysynyň gazaply, doňýürek ýowuzlygy...

*****

...Okuwynyň birinji ýylyny tamamlap, tomusky rugsada gelende, uçardan giç düşendigi sebäpli, galan alys ýolam ulagda geçip, öýlerine daňa ýakyn gelipdi.
Hal-ahwaldyr, çaý-çörekden soň, kakasy şü on ýedi ýaş ömründe ilkinji gezek onuň bilen ikiçäk oturyp, şeýle pyhnany-içgin gürrüň etdi.
Halallyk hakda...
Şoň her niçik hadysa ýüze çykanda-da, ahyrynda saklap bilene bähbit getirýändigi hakda...
Her hili ýagdaýda-da owaly bilen adamkärçiligiňi saklap galjak bolmak hakda...
Ýeriň ýüzünde eje-dogan, bala-çagadan gymmatly zadyň ýokdugy hakda-da birki agyz aýtdy.
Erkek kişi diýleniň başyna ýagşy-ýaman, herne halat düşende-de onuň ilki bilen çydap, soňam şony diňe özi ýeňip geçmeg-ä beýle-de dursun, ýanyndaky özüne elgaramalara-da islendik apata gaýrat etmäge ýardam bermelidigi hakynda bolsa birki öwran, nygtap-nygtap zynharlady...
Hamana, oňa soňky gezek wesýet edýän ýaly...
Bu-da şomat şoň hakykatdanam şeýledigini näbilsin?
Gaýta: “Kakam-a meni indi ullokon adam çykdy hasabyna ymykly alypdyr-ow! Gör-ä, indi meň bilen edýän epeýden-salyhatly gürrüňlerini!” diýip öz ýanyndan hoşnut bolupdy.
Soňam kakasy, alty ýaşlyja körpe jigisinem alyp, ulaga mündi-de, howludan çykyp gitdi...
...Iki sagatdanam daýylary, o ikisini ýorgana dolap getirdiler...
...Kakasy pahyryň süýjüsi güýçlidi.
Äpet nowhanaň üstündäki köprüden geçip barýarkalaram onuň süýjüsi birden gaty ýokarlanyp ol huşundan gidipdir diýdiler. Dolandyrylmaýan ulagam, köprüdäki beton parapediň bir “žiguli” zordan sygaýjak ötüginden giripdir-de, suwa gaçypdyr. Megerem, suwuň içinde özüne gelen garabagyr pahyr, näçe ysgynsyzam bolsa çagasyny halas etjek bolup, ilk-ä gapylary açmak üçin dyzan bolmaly. Suwuň basyşyny ýeňip bilmänem, ulagyň yzyna, oguljygynyň ýanyna geçip, tirsegi bilen yzky aýnany döwmäge çytraşypdyr. Gyssanjyna jaýrygam atdyrypdyr. Tirsegem gan öýüp göm-gök. Emma ýetişmändir. Ulagyň içi suwdan dolup, öýkeninde howa gutaran bolmaly...
...Ol bu zatlary soň daýylaryndan eşitdi.
Şo wagt, kakasydyr körpejäň ýorgana dolangy öl-myžžyk göwresini görende bolsa, oň onlarça, ýüzlerçe kitaplary tokgalygyna ýuwdup, jinnek ýalam gysynman, darykman, ýük görmän olaryň her bir setirini, sözüni özüne sygdyryp bilýän aňy, şojagaz görnüşi özüne sygdyryp bilmedi.
Özüne zor salmakdan ýaňa gözleri hanasyndan çykaýjak bolup petreýär...
Özem, gözüniň alnynda hut ýap-ýaňyja çygnaý-çygnaý dogran güjükleri gark edilýän alaçsyz ganjygyň, tutuş durky-düýrmeginden sogduryp, tükeniksiz uzyn uwlaýşy deýin uwlap başlamazlyk üçin iki eli bilen agzynyň üstünden penjeleýär.
Şo duran ýerinde dim-dik bolup, doňňara-daşa öwrülip dur.
Müň ýyllapmy ýa-da bary-ýogy birje sekunt?
Bilenok, aňşyranok, duýanok...
Hut şu pursata çenli hemme zat gülala-güllük ömründe, ilkinji gezek şeýle heýhatly pajygany başyndan geçirýän gögeläň bolanja çydamy, gaýraty, oglan erki bilen beýnisine zor salyp, görýän heýhatlygyny şunça aňyna sygdyrjak bolsa-da başaranok...
Bolanok.
Syganok.
Aňam, ýüregem gözüniň görýänini başbitin ret edýär...
Kellesinde: “Ýok! Ýok! Bu beýle däl! Haky ýok beýle bolmaga! Bu nähili bolar ahyry, beýle bolsa...Hany SEN-eý?! Nirde?! Nätdiň muny, SEN?!...Ýok, ýok, ýo-o-o-k!!!...” diýen jümleler yzyny üzmän, şo gaýtalanyp dur, gaýtalanyp dur...
Olar oňa oýlanmaga-da, özüni ele almaga-da, bolup geçýän zatlara düşünmäge-de maý bermeýär...
...Birdenem ol, näme edýändigine özem düşünmän, kakasynyň köp çagaly, uly maşgalaň arzuwy bilen yhlas siňdirip salan, alty otagly tamynyň iň içkisine urdurylyp girdi. Kelleçanagynyň içinde süňňüni lerzana getirip ýaňlanýan ýaňky jümleleň zarňyldysyna tap getirip bilmänem, dälirän ýaly otagyň içinde bir ýerde durup bilmän, ters aýlanmaga başlady.
Özem: “Ýok! Ýok! Bu beýle däl! Haky ýok beýle bolmaga! Bu nähili bolar ahyry, beýle bolsa...Hany SEN-eý?! Nirde?! Nätdiň muny, SEN?!...Ýok, ýok, ýo-o-o-k!!!...” diýip, ulili bilen daşyndan gygyrýarmy, ýa ol gykylyk aňynda ýaňlanýarmy – duýanogam, düşünenogam...
Durubam bilenok.
Aglabam bilenok.
Diňibem.
Kapasa içre urunýan, guduzlan gurda dönüp, dar otagyň dört diwar gabawynda terslin-oňlyn pelesaň kakýar.
“Ýok! Ýok! Bu beýle däl! Haky ýok beýle bolmaga! Bu nähili bolar ahyry, beýle bolsa...Hany SEN-eý?! Nirde?! Nätdiň muny, SEN?!...Ýok, ýok, ýo-o-o-k!!!...”...
Mejnun diwana dönüp, göýä diwary göwresiniň zarbyna böwsüp çykaga-da, dar otagyň, dar dünýäň ýesirliginden, özüni bendilige aljak bolup daşyna tor gurýan hasratdan gaçyp, erkinlige çykmak isleýän dek, aram-aram diwara bat bilen özüni urýanynam aňşyrmaýar...
Pyrlanyp dur...
Pyrlanyp dur...

*****

Içindenmi ýa daşyndanmy, sesinde baryny edip perýatsyz bagyrypmy ýa bagyrmanmy, otag içre kän aýlandymy, az aýlandymy?
Şomadam aňy ýetmeýärdi.
Häzirem, näme jeza bersinler – öldür, ýadyna salyp biljek däl...
...Birdenkä kimdir biriniň berdaşly gollary, ebşitläp, oň ýakasyndan tutdy-da, edil gazyk çüýlenen ýaly, duran ýerinde dikilgazyk togtatdy. Soňam bir dartanda, güjük galdyran deý, örküni ýerden üzdi.
“Kim?”.
Gözleriniň öňi mazudyň goýultmagyndan sähelçe arassalanyp, garagy, ýalançyň yşygyna çala yşyrady.
“Ortak daýysy!”.
-Häý, seňemmir...-diýip daýysy paýyş sögündi.
Şarp!
Şarp!
Göwresi özüniňkä iki esse pyýadaň ýarym sögünç bilen pessaý käýinjiräp, özüni jinnekçe gaýgyrman, ýüzikessir doňduran jüp şapbady, oň serini sämetdi.
Beýnisini ýaryp gelýän çirkin gykylyk, tepbet sem boldy.
Soňam ýaňky alaçsyz ganjygyň, eşideniň jigerini bir demde tüýdüm-tüýdüm tüýdýän uwwuldysyna öwrüldi-de, “hylk” edip, bogazyna tegek boldy.
Ol, özüni bir eli bilen howada saklap duran daýysynyň penjesinde goram-gowşak boldy.
Bogazynda dykyn alyp, özüne dem bermän, ne aňryk, ne bärik bolup duran lokga uwwuldam, şondan soň pagyş-para eredi-de, paýrap gözünden gaýtdy...
Duluklaryny ýakyp gelýän gyzgyn damjalar...
“Kakamjan...duýupsyň-a, aňypsyň-a, jan kakam! Mundan öň maňa beýle nesihat etmeýädiň-ä, ja-a-n kaka-a-a...aýtmadyň-a-a...diýmediň-ä-ä...aýdan bolsaň, diýen bolsaň...tekerleň aşagyna özümi oklardym...ýoluňda kese ýatyp ölerdim-ä, ja-a-n kaka-a-a, ja-a-nym kaka-a-am-m...jigerim-bagrym, ömrüm kak-a-a-m...öldüň-le-e-e...öldürdiň-le-e-e...wa-a-ý da-a-t...ja-a-n doganjygym-a-a...jigim janym-a-a... gara gözümiň garasy sen... jigerimiň bitmez ýarasy se-e-n...körpejämiz-ä-ä... bal ysyňdan doýmadyk, gül ysyňdan doýmadyk...ezizläp, söýüp, ganyp bilmedik...ömürbaky ganap durar yzam siz...yzasyňyz-la-a-a si-i-z...öldüňiz-le-e-e...öldürdiňiz-le-e-e...”...
Daşyndan-a seza syzanok.
Diňe gözlerinden boýur-boýur şo döküp dur, şo döküp dur...
Kalbynda-da zaryndan-zaryn sözleri gaýtalaý-gaýtalaý, gursagyny pytradyp gelýän ynjyny egsäýjek bolup, perýat edýär...
...Daýysam oňa birjikde dözmezçilik etmeýär.
Ýüzüni daşdan çapylana dönderip, zabunlykdan ýaňa dyňzap duran, ajydan-ajy sözleri tapyp, oňa pyşyrdap käýýeýär:
-Sen oglan, näme-how, nä, Ýer ýüzünde adam tohumy döräp, kakasy, dogany ölen ýokdur öýdýäňmi? Bolan boluşjygyň dagy nätüýslek? Ýa nä, ilden üwtgeşik hasrat çekýäniňi görketjek boldugyňmy, şy? Hä?! Sen oglan bar-a, ýaman düzüwje bolguň-eý, bolýamy bar-a?! Ýohham bar-a, häzir şü taýda, şü komnatda daşyňdan gu:plaýan-da bar-a, galdyrýan bar-a. Onnoň öwlüýä gidip, il deňinde özüňkileri soňky ýoluna-da ugratmakdan mahrum galýaň. Düşýäňmi, şüňe bar-a? “Eder-etmez” diýmegiň bar-a! Ýagdaýyma beletsiň bar-a! Diýdigim, gaty oňat edip nemetjegime gözüň ýetiýipjik durannyr, bar-a! Täk çito bar-a, düzüwje bolguň-eý, ýene bir gezäm gaýtalap aýdýan bar-a! Düşýäňmi şüňe bar-a?
Geň zat.
Daýysynyň doňbagyr sözleri, oňa depesinden bedreläp sowuk suw eňterilenden pes täsir etmedi.
Çuslandy.
Özüni dürsedi.
Daýysyna gahar-gazapdanmy ýa-da çyndanam gölegçilerden galdyrylyp, oba masgara bolmakdan gorkudanmy, gözýaşy kepedi.
Dim-dik bolup dikeldi. Otlukly lowurdaýan gözlerini ýokarylygyna göterdi. Özünden bir kelle saýlanyp, üstüne abanýan daýysynyň garaçygyna mäzerdi.
Gözünde oky bolsa urjakdan.
Arman, güýjüň-ä deň däldigine, rejeňäm geň däldigine akly ýetipjik dur.
Bu daýysynyň häsiýetine belet.
Ol ýer ýüzünde, bir-ä öz kakasyndan eýmenýär. Birem muň indi pahyr bolan kakasyny sylaýar. Galan adamlar oň üçin taýak ýassygy. Garşysyna ol-a hereket etmek, ýekeje söz diýmäge-de milt edip bir göräýsin!
Nädersiň, ýöne, bir uranda ýeňsedäki diwara oboý edip taşlaýsa...
Şarp!
Daýysy oň ýeňsesine ýeňiljek kakyp goýberdi.
-Jikgerilme maňa, ýegenjik! Düşýäňmi şüňe bar-a? Seň ýalyjak jikgerilýänje jikjikiler bar-a, entejikler neresse bolan kakaň pahyryň bar-a...hork...
Daýysy nähilidir birhili, mizemez mähnet göwresine gelişmez derejede, megerem özi üçinem duýdansyz, horkuldap goýberdi.
Dessine tersine döndi.
Bärsine-de bakman, sermeläp, artky kisesinden ýoňsuz uly elýaglygyny tapdy.
Zoňtar sümgürindi.
Soňam gözlerini ganguýma gyzardyp, bärik öwrüldi:
-Kakaň ýaly gözüňi alardaňda, meň injigimi saňňyldadar derejä ýetjek bolsaň, senjagaz ýegenjik, bar-a, intejikler ejeň çöçjesini kän-kän iýmeli borsuň diýjek bolýan bar-a! Düşýäňmi şüňe, ýegenjik?! Düşmeýän bolsaň-a, bar-a, düşündirip äpberýän häzir, ýene-de birki ýola!
Ol daýysyndan gözüni gizledi-de, “jukk” etdi.
Ýüzüni sortdurybam, ýere bakdy...

*****

...Ony hasratyň mazut deý gara läbiginden halas eden ikinji närse – ejesiniň bolşy boldy.
Ýeňňeleridir goňşy aýallaň elinde urunýan görgüliň ahy-nalasyndan ýaňa dünýe lerzana gelýär...
Onsoň käbesiniň şu bolşuny gördi-de, ol ýeke demde özüni undaýdy.
“Kakasynyň, jigisiniň zarynda indi bü mähribanam gynanjyna döz gelmän aklyndan azaşaýsa ýa-da ondanam beteri ýüregi çydaman darka ýarylaýsa...Bular näder? Agasy, özi, jigileri...Ýa Hudaýa, Bar Hudaýa, Bir Hudaýa Özüňden medet...Özüňden medet...Özüňden medet...Alýanam Sensiň! Berýänem Sensiň! Başga zat dilämok! Diňe GAÝRAT ET! DIŇE ŞOL! DIŇE ÖZÜŇ! GAÝRAT ET! Sadagaň bolaýyn! Ýoluňa janym, tenim, dünýäm gurban! DIŇE GAÝRAT ET! DIŇE ŞOL!”...
...Ejesiniň perişan halyna gözi düşen dessine öz-özünden aňynda ýaňlanyp başlan şu mynajatam, süňňünden çykman şol gaýtalandy durdy...
...Ortak daýysy göýä onuň ýene-de bir hokga goparmagyndan çekinýän dek ýanyndan aýrylman, ony kakasydyr inisi bilen yrzalaşmaga saldy...
Düzüwli aňşyrmadam.
Hyýalynda diňe başatgyçly zenanlaň elinde urunýan ejesi...
Kalbynda-da ýaňky mynajat: “gaýrat et...gaýrat et...gaýrat et...”...
Şo gaýtalanyp dur, gaýtalanyp dur...
...Soň kepene çolanan göwreleriň tabydyny göterişip, jynaza üçin alyp çykmaga girdi...
Ýene-de gözüniň öňünde ejesi...
Kellede-de “gaýrat et...”...
Jynaza duruldy.
Ýene-de şol ýagdaý.
Tabytlar göterilip alnyp ugraldy. Özi kakasynyň “agaç atynyň” bir tarapynda, gyňy daýysam özüniň daýaw göwresini onuňka sazlamak üçin birneme ýegşerilibräk onuň ýeňsesinden götermäge ýardam berýärmi ýa-da täk özi göterýärmi...
Ýene serinde, köňlünde şol görnüşdir şol ses...
Aýallar yzanda-çuwanlyk...
Neberäň ýaşulularynyň biri olara: “eýtmäň, beýtmäň, köşeşiň, öte gohlamaň” diýip haý-küş edýär...
Gölegçilerem ýas ýeriniň ahy-nalasyndan bahymrak gaçmaga niýetlenýän ýaly gonamçylyga garşy aýagaldygyna haýdap ugraýarlar...
Ol bolsa, megerem gyňyr daýysy zerarlydyr – tabydyň agramyny dynnymça-da duýman, haýdap barşyna hemme bolup geçýän zatlary birwagtyň özünde aňşyrýaram, aňşyranogam...
Kellesine taýak bilen urlan ýaly – güň ol.
Aňynda, gursagynda-da diňe ejesi bilen “gaýrat et...”...

*****

...Öwlüýä bardylar.
Köne-täze mazarlar hatar tutup ýatyr...
Şulara gözi düşendenem oň başagaý-güň aňynda, birdenkä özüniň sowuklaç hakykaty bilen aňk edýän täze pikir döredi...
“Şunça adam...niçe-niçe ärler ýatyr gum bolup...tört müň tört ýüz ýyl ýaşan Lukman Hekimiň başy gara guma garyldy-leý...”.
Bu ony haýran galdyrdy.
Bada-badam köşeşdi.
Ejesidir, ýaňky aňynda gaýtalanyp duran mynajat bolsa, yzsyz-tozsuz ýitip gitmese-de, birdenkä, dem salymda, soluşyp, pessaýlap, oň göwnüniň haýsydyr bir gaty alysdaky jümmüşine çekildi...
“Şunça adam...seňkilerem indi şonçalaň biri...wagty geler, seni-de, nesibäň çekse, getirerler şu taýyk...”...
Aňynda emele gelen gamgyn danalykdan doly şu pikir bilen ol, özüni hut şu pille, şu müddet şeýlebir garry duýdy welin, öz-özüniň göwnüne bolmasa jahanyň ýüzünde bary-ýogy on ýedi ýyljyk däl-de, azyndan ýüz elli ýyl-a ýaşan ýaly boldy durdy...
Ol uludan dem aldy-da, ortak daýysynyň sessiz ümüne tabyn bolup, kakasynyň ýerlenmeli soňky jaýynda dik duran, özünden ikije ýaş uly agasynyň gapdalyna girdi...
Şu-da ony telbeligiň girdabyndan öz-özüni çekip çykarmaga medet beren üçünji närse boldy...

*****

...Mazarystanlykdan çykyp barýarka-da, nireden serine geldi, nädip ýadyna düşdi?
Özem düşünmedi.
Kelleçanagynyň içinde, sesi juda agrasdan goýazy näbelli biri, hiç haçan, hiç bir ynsanyň gaýtalap bilmejek, tükeniksiz gussaly, süýji labzy bilen, dünýe ýaly gadymy “Alp Ärtöňňe” dessanyndan nowhany, pyşyrdap hiňlenmäge başlady.
-Alp Är Töňňe öldümu?
Dünýä ýalňyz galdymu?
Pelek öjün aldymu?
Imdi ýürek ýyrtylar.
...Onuň bogazy “lyk” doldy. Soňam ortak daýysy bilen aýak goşup, dähedem-dessemläp barşyna, öz aňynda pyşyrdalýan agyly hiňlenjiremäni durky-düýrmegi bilen gulaga öwrülip diňledi bardy.
Şo-o-l gözünden seçdi bardy.
Aglaýanynam duýanok, ýöräp barýanynam.
“Alp Ärtöňňäň” agyly nowhasy bolsa göwnünde, şol hiňlenilip barýar, şo-o-l barýar...
-Uwlap ärler bozlaşar,
Ýyrtyp ýaka orlaşar,
Çykyp üýni çyrlaşar,
Gurap, gözi örtüler.
...Gabrystan yzda galdy. Obaň çetinden girdiler. Hesretli owazy bilen ýüregiňi gyýýan nowha bolsa dowam edýär:
-Ärdi aşlar dadyran,
Agyr ýagy gaçyran,
Bosgun-goşun gaýtaran,
Basdy, ölüm agtarar.
...Köçeler. Çatryklar. Jaýlar. Derwezeli-derwezesiz howlular.
Öz çatryklaryna sowuldylar.
Dähedem-dessem.
Mytdyl-mytdyl...
Ýaňy bäriligine ylgap diýen gaýdan gölegçileň bolup gelşi, hamana, öwlüýäde iki sany täzeje guburda merhumlary däl-de, her haýsy özleriniň bir bölejigini goýup gaýdan ýaly. Indem şoň üçin şolary şo taýda ýeke galdyryp bäriligine gaýtmaga hiç aýaklary ädilmeýäne çalym edýär.
Onuň aňyndaky nätanyş hasratdaşy bolsa, çöl üstünde öwüsýän, kükregi yzaly ýelleň iňňildisine kybapdaş hiňlenmesini şo-o-l sozduryp hiňlenip gelýär, hiňlenip gelýär...
-Atsa okun gezeýip,
Şanly Turany söýüp,
Ugrasa azm uraýyp,
Özi goç dek atylar...
...Mellekleriniň deňesine ýetdiler.
Şo pille-de özüni hasratyň aklyňdan azaşdyryp barýan läbiginden ony gutarnykly halas eden dördünji närsä gözi düşdi...
Sekiz ýaşlyja, körpeden uluja jigisi...
Onuň gaty aýylganç bir mahlukdan elheder alyp, indem kimdenem bolsa haraý gözleýän, isleýän, dileýän balajyk-gözleri...
Şu bakyş bagryndan parran geçdi...
...Şonda-da onuň özi üçin özi hemişelik gutardy...
Ol indi ýaňybir on ýedisi doluberen, agzysary jahylam däl.
Kakasyny ýitirip, birdenkä howp-hatardan doly mährewsiz mähnetlige öwrülen dünýäň öz gerdenine münen läheň läşiniň astynda mynjyrap barýan ýetimegem...
Onuň indi özi...
Kaka!
Ine şu, mön gözjagazy howatyrlanmadan püre-pür oglanjygyň, öýlerindäki naçarlaň kakasy...
Hatda özünden iki ýaş ulam bolsa, henizem aňyndan, gylygyndan çagalyk çykmadyk agasynyňam, ol kakasy...
Kakasy pahyr diýerdi: “Dünýäň ýüki düşünýäniň gerşinde”.
Düşünýänem özi!
Diýmek, ýükem şuň arkasyna urulmaly.
Boldy.
“Düşýäňmi şüňe bar-a, ýegenjik?!” diýip ol, nämüçin beýdýändigine özem düşünmän, birdenkä içinden gyňyr daýysynyň eý görýän soragyna öýkündi.
“Düşünýän daýy, onda-da ne düşünmek!” diýibem, sähel säginensoň, öz-özüne jogap berdi...
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 276 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024
Garagumda / hekaýa - 09.03.2024
Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024
Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024
Surat / nowella - 14.03.2024
Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024
Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024
Шер аминь / рассказ - 20.01.2024
Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024
Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024

Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Garadag  
128
Serdar aga, sag boluň!

0
2 Bagabat  
43
Hekaýany durmuşda bolan wakasyna görä biraz üýtgetdim.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]