14:43

"Dost bolgun hemişe sadadan-sada..."

"DOST BOLGUN HEMIŞE SADADAN-SADA..."

Dost bolgun hemişe sadadan-sada,
Suw ýaly, men ýaly adamlar bilen.
Temmäkiñi tüsseledip derdiniş
Dünýäniñ ajysyn dadanlar bilen.

Bolmaz olañ jögüligi, "ah-wahy",
Gerek bolsa senden aýamaz gerşin.
Ýigrenerler öz bahasy bir köpük
Adamlañ pul bilen gomalyp ýörşün.

Kössüz däldir olañ edýän gürrüñi,
Ýugrulandyr gödek, morta sözlere.
Ýöne kyn sözleri şolardan öwren,
Öwren dogry seretmegi gözlere.

Olardan ýene-de bir zady öwren:
Duşsa-da girdabyñ ýowuz erñegi,
Pikiriñi köýnek ýaly çalşyrman,
Öz wyždanyñ bilen ömür sürmegi.

Ýuriý RÝABININ.

Terjime eden Mämmet SEÝIDOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 170 | Добавил: Haweran | Теги: Ýuriý Rýabinin | Рейтинг: 3.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

«Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024
Şert / Goşgular - 09.02.2024
Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024
Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024
Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024
Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024
Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024
Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024
Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024
Siziñki / Goşgular - 30.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]