07:39

Dostluk

Berdimyrat Bäşimow

DOSTLUK

Çöllerde azaşyp ykbal kerwenim,
Umytlarym syrgyn çägä gömüldi.
Köşeşdirip kemsidilen duýgulam,
Kerwenbaşym bolup, dostlam göründi.

Örtenen kalbymyň yzasy artyp,
Bagtym ýüz döndürip, yza süründi,
Ýekelik tanapyn diş bilen kertip,
Penakärim bolup, dostlam göründi.

Sergezdan deý, gezdim pany dünýäni,
Mähir yzlap mähirsizleň gözünden,
Gözýaşlarym gynaýarka didämi,
Dostlam gelip, syrdy ýaşym ýüzümden.

Ynsandan öwüsýän sowuk şemallar
Arzuw-umyt şemlerimi öçürdi.
Dostlam halas edip olaň deminden,
Meni täzeçe bir dünýä göçürdi...

Herne, durmuş şarpygyny dadamda,
Ýalňyzlyk hakynda etmedim pikir.
Merdem bolup goltgy berdi çyn dostlam,
Dostluk ölmän eken,
Hudaýa şükür!
Категория: Goşgular | Просмотров: 843 | Добавил: Нawеran | Теги: Berdimyrat Bäşimow | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024
Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024
"At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024
Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024
Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024
Göreş / Goşgular - 11.02.2024
Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024
"Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024
Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024
Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]