07:24 Dostluk we söýgi | |
DOSTLUK WE SÖÝGI Ýadymda, Şol gün gara saçlaryňy penjeläp, Gözleriňe gan öýdürip, ýürekden Ýakyp giden ilki söýgiň barada Gürrüň beripdiň. Gahar jemlenipdi göreçleriňe, Ýigrençden dodagyň titredi durdy. Bilseň, şol gün duýgularym gorjalap, Ýüregmiň burçuny pytradyberdi. Söýmek hakda ýa-da söýülmek hakda Jinnijek ýaljagam ýokdy pikiriň. Diýdiň: “Söýşüp bagtly bolunýan bolsa, Goý, men bu dünýäden bagtsyz öteýin!” Gepiňe “hä” berip oturdym menem, Ýüregmiň törüne hasrat gapladyp. Şol günden soň, ne oýundan, ne çyndan Saňa söýgi hakda söhbet atmadym. Ýollar aýra düşdi, Ýodalar gaýra. Meni, gör, nireden çykardy ykbal! Eger ilki söýgi ýakmadyk bolsa, Sen meňki bolardyň. Bolardyň ahmal... Ýadymda, Şol gije Aýyň yşgynda Ilkinji söýgiňi ýada salanmam. Şonda ökündim men, ökündim kemsiz Bagtyňa şärik däl, dostuň bolanma… Aşyr HANOW. | |
|
√ Deprem / Goşgular - 13.02.2023 |
√ "Beýnimiň içinde gopgun turzuşyp..." / Goşgular - 14.01.2023 |
√ Abunaça / Goşgular - 16.01.2023 |
√ On bäş ýara / Goşgular - 20.01.2023 |
√ В горах / Goşgular - 12.02.2023 |
√ «Тихо вечерние тени…» / Goşgular - 02.02.2023 |
√ «Если б в сердце тебя я не грел, не ласкал…» / Goşgular - 18.01.2023 |
√ "Ýanwarda - gardan soñ durlanan asman..." / Goşgular - 12.02.2023 |
√ «Ты проходишь своей дорогою…» / Goşgular - 04.01.2023 |
√ Mynajat / Goşgular - 04.02.2023 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |