08:11

Dostluk ýollaryny külterläp...

DOSTLUK ÝOLLARYNY KÜLTERLÄP...

Belent-belent dag eňňitlerinden göz açyp-ýumasy salymyň içinde inip-çykýan awtoulaglary göreniňde, türkmen ýol gurluşykçylarynyň zähmetine guwanjyň artýar.
Daş-töweregiňi keremli daglar gurşap dur. Şahyr aýtmyşlaýyn, daglaryň üstünden daglar görünýär.
Magtymgulynyň mekanyna aralaşdygyňsaýy ýürek tolgunmaň artýar.

Daşyňyzdan aýlanaýyn,
Daşyňyzdan aýlanaýyn,
Başyňyzdan aýlanaýyn
Pyragyny gören daglar...


Eýsem-de bolsa, beýik şahyryň mekanynda kimler myhman bolmady?! Olary bu ýere şahyryň dana setirleriniň güýji getiripdi. Galyberse-de, şeýle şygyrlary öz nesillerine ýadygärlik goýup giden adamyň dünýä inip kemala gelen diýaryny ine-gana synlamak, oňa baş egmek duýgusy öz erkiňe goýýan däl bolsa gerek. Munuň şeýledigi ikuçsyzdyr.
Geliň, gowsy togsan ýyla golaý mundan öň beýik Pyragynyň dogduk diýaryna syýahata gelen rus ýazyjylarynyň gözleri bilen seredeliň. Bu biziň her birimizde nähilidir bir gyzyklanma döretse gerek!
...Ine-de 1930-njy ýylyň 25-nji maýyndan 26-syna geçilýän gije.
Rus ýazyjylary Nikolaý Tihonow bilen Wladimir Lugowskoý Pyragynyň mekanyna tagzym edenlerinden soň, Aşgabada tarap ýola düşýärler. Raýkompartiýanyň we raýispolkomyň jogapkär işgärleri bu gadyrdan myhmanlary ugratmagyň aladasynda. Olar myhmanlary raýon merkezindäki ýekeje maşyna mündürip ugradýarlar.
Ýöne biz bu ýollaryň gaty gözgyny ýagdaýyny hem görüpdik. Togsan ýyldanam öň bu ýollary polutarka diýlip atlandyrylýan ýük maşynynda geçen rus ýazyjylarynyň ýatlamalary gyzyklydyr. Dag ýodalarynda tükeniksiz ýük çekýän maşynyň borty birsyhly yralanyp durmazlygy üçin ýüp bilen pugta dartylyp çekilipdir. Şofýoryň ýanynda leningradly ýazyjy Nikolaý Tihonow ýerleşipdir. Her niçigem bolsa onuň ýeri jaýlaşyklydy.
Moskwaly ýazyjy Wladimir Lugowskoý bolsa maşynyň boş kuzowyny ýeke özi eýeläpdir. Ol maşynyň aýylganç silkmelerine döz gelmelidi. Şonuň üçinem ol borta daňylan ýüpden berk ýapyşypdy. Onuň bu bolşy öz paraşýudyna çolaşan adamy göz öňüne getirýärdi.
Maşynyň silkmesi çydamsyzdy. Ýöne muňa garamazdan, ýolagçy myhmanlar gijäniň içinde bir topar zatlary synlamaga ýetişýärler. Adamlaryň ýol ugrunda çem gelen ýerde ýatyşlary ýazyjylarda geňirgenme döretmänem duranok. Garaňkynyň içinde garantga ýaly bolup görünýän maşynlar bolsa sähradaky sürüleri ýadyňa salýardy.
Myhmanlary daň mazaly agarandan soň jogapkär işgärleriň biri garşylaýar.
— Ýolda ýadadyňyzmy? Ýadapsyňyz, ukyňyzam almansyňyz! Men muny görenimden bildim-ä. Hawa-da biziň ýollarymyz şeýle-dä. Aýly dag sizde nähili täsir galdyrdy?
— O nähili Aýly dag? – diýip, myhmanlaryň ikisi iki ýerden dillenýär. – Biz muny täze kitabymyz üçin oýlap tapdyg-a.
— Kitap üçin diýýäňizmi? Bul-a onuň öz hakyky ady. Diýseň gorkunç ýerler, Ajal zawyndan nähili geçdiňiz? Baý, silkendir-ä?
— Ajal zawy. Bul-a başdan geçirmeler romanlaryndan alnan. Ýadyňyza düşýärmi, «...Ajal zawynda kümüşleç gülki ýaňlanyp gitdi».
— Roman diýýäniň näme? Degişme ýadyňyza düşýärmi? Hakykatdanam gorkuly ýerler. Ýetmiş altynjy werstdaky öwrümde, golaýda biziň «Amo» maşynymyz güwläp gitdi. Şo gidişi-gidişi. Çykarmak hakda pikirem etme...
Men bolsa şol geçen ýyllaryň üstaşyry söhbetdeşleriň seslerini aňlajak bolýaryn, olaryň çaň-tozan siňen ýüzlerine äňetmäge çalyşýaryn.
Ýollar... Şo-ol uzalyp barýar, uzalyp barýar. Dürli kysymly maşynlar meniň deňimden waz ýasap geçip barýarlar. Birdenem ýüregimi guwanç duýgusy gaplap alýar. Neneň guwanmajak! Taryhy gysga wagtyň içinde özgeren mekana neneň guwanmajak! Onuň edermen adamlarynyň elleriniň gudratyna neneň buýsanmajak!
Birdenem meniň gözümiň öňünde rus ýazyjylary Nikolaý Tihonowdyr Wladimir Lugowskoý janlanýar. Oba adamlary olara janygyp bir zatlary düşündirjek bolýarlar:
— Özüňiz bir pikir edip görüň-ä! Biz Garrygaladan (Magtymguludan – A. Ç.) Duzludepä çenli aralykdaky ýoly özümiz çekdik, hemme zady öz ellerimiz bilen etdik. Bu salan ýolumyzdan maşyn gatnasyn diýdik. Indi bu ýoldan maşynam gatnaýar weli, birem biziň ýanymyzda saklananok. Ýogsam, “Ýol bir çekiň, maşynda gatnatmak biziň bilen” diýýärdiler. Indi weli ýekeje maşynam duranok...
Obamyzda ýekeje adamam heniz maşyna münüp görenok. Heý, bolmanda, kolhoz başlygynyň işi çykanda Garrygala maşynly gitse. Ýogsam, ýol salýan biz, ýol bejerýän biz. Bize weli ýekeje jinnegem peýdasy ýok. Şofýorlar deňimizden ellerini salgap geçip gidýärler. Merkezde şu zatlar hakynda aýdyberiň...
Elbetde, Magtymgulynyň şu günki nesli ýaňky söhbetdeşligi okap, ýylgyrsalar gerek. Ýöne bu şol döwrüň hakykatydy.
Rus ýazyjylary hem gürrüňdeşlerini köşeşdirip, «Ine, wagt geler, siziň hemmäňizem maşynly bolarsyňyz!» diýip aýdypdyrlar. Olar bu ýönekeý adamlaryň gözel jülgesi hakda, olaryň myhmansöýerlikleri hakda goşgy ýazman bilmändirler. Ine, Wladimir Lugowskoý alçak Nury milisionere bagyşlap ýazan goşgusynda şeýle diýipdi.

Nury aýdym aýdýar atyň üstünde,
Okaýar öz hatlaryny kämahal.
Däli Sumbar garşy alyp gijäni,
Şaglaýar, güwleýär, edýär galmagal.

Ýabynyň dyzyna ýetýär gülälek,
Dagdaky gülälek edil köz ýalak.

Atyň jylawyny goýberýär Nury,
Sykylyklap dar jülgede at çapýar.
Wäşi ol, daýaw ol – biziň Nurymyz,
Aýtjak sözlerini ýylgyryp aýdýar.

Eziz ýoldaş! Bu durmuşa belet biz,
Kän görüldi ozal beýle howp-hatar.
Raýispolkom seni işe belledi,
Eliňe berdiler täze bäşatar.

Säher bilen atlanýarys barymyz,
Synlaýas nar ýaly gyzaran gögi.
Biziň bilen barýar milisioner Nury,
Şemal gelýär syryp berk araçägi.


Okyjylaryň rus şahyrynyň goşgusynda gürrüňi edilýän Nurusy hakda söhbetimiziň soňunda aýdarys.
Nikolaý Tihonowy Aýdere jülgesiniň gözelligi, ak gaýalaryň arasyndan syzyp çykýan durna gözli çeşmeleri, garaz, oňa tebigatyň sahylyk bilen eçilen baýlygy haýran galdyrýar. Ol ülkämiziň bu gözel künjegi hakda uly söýgi bilen ýazýar. Ol «Aýdere jülgesinde» atly goşgusynda bu hakda örän çeperçilik bilen suratlandyrýar. Başga bir ýazgysynda bolsa ol ýene-de bu jülgä dolanýar:
«Şeýle jülgä aýak basanyňdan tisginip gideniňi özüň hem duýmaýarsyň. Wamberi hem birwagtlar uzak Maryny aýlanyp çykypdyr. Şol ýerde eşidilen bir rowaýat adamlarda täsin haýran galdyrma döredýän ekeni. Bu onda-da şeýle täsir döredipdir. Ondan bäri ep-esli wagt geçipdir.
Jülgedäki sowhozda, miweli daragtlary zaýalamazlygy üçin oba mallaryny uzaklara kowýarlar. Bu meniň pikirimçe, şu günki güne muwapykdyr. Sowhoz ýekeje-de jülgäniň gözelligine zeper ýetirenok. Dogry, onuň jülge bilen goňşulykda ýaşamagy gömülgeni başga bir sözlüge geçirýär. Ony indi birtopar başdan geçirmeleriň dünýäsiniň esasy gahrymanlygyndan, badygowşak, sandan galan bir jandara öwrülýär.
Haçanda Aýderede tokaýçylaryň öz başyna ýörite jaýlary bolan döwründe, bu gömülgenleriň gadyry artsa-da artar. Ine, şonda olary Mişkadyr Waska diýip atlandyrylmagy-da ahmal.
Merduwanyň aşagyndan «hany, Waska, aşak düş!» diýip gygyrarlar»...
Hawa, Aýdere öz gözelligi bilen syýahatçylary haýran galdyrypdy. Soňra ülkämiziň bu künjeginiň gözelligi, onuň adamlary hiç haçan iki ýazyjynyň ýatlaryndan çykmaz. Olar birek-birege ýazan hatlarynda-da bu hakda ýatlap durarlar. Nikolaý Tihonowyň 30-njy ýyllaryň başynda Wladimir Lugowskaýa ýazan hatlarynyň biri okyjylar üçin gyzykly bolsa gerek: «... Men «Izwestiýada» seniň «Türkmendöwletneşirýat» üçin niýetläp ýazan ekiş hakdaky goşgularyňy okadym. Görýän weli, ýaryşmaga ýol açylan bolsa gerek: «Dänewdir beýleki ýerler okyjylaryň göz öňünde janlanar». Menem onlarça goşgy ýazdym. Ýöne, dogrymy aýtsam, türkmen bolmak gaty kyn ekeni. Munuň üçin men Hywa bazaryndan alnan dona-da girdim – kömek edenok. Munuň üstesine-de papirosam ýok. Saman şlýapanyň hem-de düşegiň içindäki ýonuşgalardan ýasalan bir zatlar-a çekýän. Moskwalylara gözüm gidýär. Sizde hatda papirosyň nobaty-da ýok. Kitapdaky goşgularyň birini («Aýdere jülgesinde» A. Ç.) saňa bagyşlaýaryn. Boýun gaçyrma...
Seniň aşgabatly şahyrlaryň goşgularynyň terjimesini nätjegiňi bilemok weli, men-ä Kerbabaýewiň goşgularynyň üstünde azap baryny çekdim. Öz ýazan goşgularymyň içinde diňe ikisi-- «Şiramyň adamlary» bilen «Garry türkmene öýkünme» atly goşgularym göwnüme ýaraýar.
Men şolary şu gün irden «Türkmendöwletneşire» iberdim, näme diýseler, görüberýäs-dä, maňa ýazyşlary ýaly, saňa-da ähtimal çlenlik biletini söz berýärler, indi islesek-islemesek, biz türkmen bolmaly bolarys... ».
Olar öz ýürekleriniň emri boýunça türkmen ülkesine, onuň zähmetsöýer we ýönekeý halkyna has ýakyn durupdylar. Olaryň Berdi Kerbabaýewdir Gara Seýitliýew, Durdy Haldurdy, Kerim Gurbannepesow, Kakaly Berdiýew bilen ýyllaryň synagyndan geçen mizemez dostluklary hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Ýyllar geçer. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nikolaý Tihonow gözel Aýderäni, Sumbar jülgesini ýatlap, Moskwada Magtymguly Pyragynyň 225 ýyllyk toýuny dabaraly bellenilen günleriniň öňüsyrasynda şeýle diýipdi: «Magtymgulynyň goşgulary hem, onuň özi ýaly, diňe bir mähriban Türkmenistan topragyna «keşt etmek» bilen çäklenmän, dünýä halklary tarapyndan okalýar, onuň şan-şöhraty indi bütin dünýä ýüzüne doldy».
«Garrygala» atly goşgusynda ol şeýle ýazdy:

Zawlardan bug çykýar, Sumbar derýasy
Aşakda towlanýar gök ýylan ýaly.
Derýanyň sakasy salkyndy örän.
Syh-syh bolup durlar ol ýerde daşlar.

Tokaýa seredýän üç sany adam.
Badam ekmek üçin çukur gazyp ýör.
Gowur baýyrlaryň ýüzünde bolsa,
Sargylt hozlar ýele daranyp otyr...


«...Şadyýan starşiý milisioner Nury biziň öňümizden dogumlylyk bilen atyny sürüp barýardy.
Onuň gyzlymtyl-sary papagyna gysdyrylan bägül güne ýanan gulagynyň deňesinde ykjaýardy.
— Nury, sürdükmi? – diýip, biz gygyrýarys.
«Sürdükmi?» diýmek çapmagy aňladýar. Nury at çapmagy gowy görýär, ýöne atynam aýaýar. Onuň aty birsalym giň-giň ädimläp ýöränsoň, öňürdikläp başlaýar. Biziň ýabylarymyz ýoly tutup gidip barýar, her belentligiň öň ýanynda-da ylgawlaryny batlandyrýarlar. Ahyry olar adaty ýorgalamasyna geçýärler. Dag ýodalaryna öňden öwrenişmedik atlar ilki basjak ýerlerini toýnaklary bilen kakyp görýärler. Biziňkiler weliň dag atlary bolansoňlar, ikirjiňlenmän okdurylyp barýarlar...».
Bu setirler Nikolaý Tihonowyň «Nury» diýlip atlandyrylan dokumental hekaýasyndan. Nikolaý Tihonowyň bu hekaýasyny 1930-njy ýylda Türkmenistana gelip gidensoň ýazanlygyndan okyjylar habarly bolsalar gerek. Şol ýyl rus ýazyjylaryndan düzülen ilkinji zarpçy brigada gadymy Lebap boýlaryna, uç-gyraksyz Uzboýa... garaz, ülkämiziň giňişliklerine atly, düýeli syýahata çykypdylar. Olaryň maksady türkmen kärdeşlerine döredijilik hemaýatyny bermekden hem-de güneşli ülkede gören-eşiden, has dogrusy, türkmen hakykaty hakynda bile bir uly kitap ýazmakdan ybaratdy. Emma olaryň sanly günleriň içinde şaýat bolan wakalary bir kitaba sygmandy. Alty ýazyjynyň hersi uly bir kitap ýazypdy. Alty kitap. Olary okadygyňsaýy elden düşüresiň gelenok. Bu kitaplardaky wakalar seni türkmen daýhanlary bilen duşuşdyrýar. Mahlasy, sen şol galagoply döwür bilen ýüzbe-ýüz bolýarsyň.
Soňundanam «Rus ýazyjylarynyň duşuşan, gürrüňdeş bolan adamlarynyň soňky ykballary, olaryň soňky göreş we durmuş ýollary nähili bolduka?» diýip, çuň oýa batýarsyň.
Nikolaý Tihinow bilen Wladimir Lugowskoý şol döwürde Garrygaladan Aýderä çenli aralygy atly geçipdir. Olar birnäçe günläp Magtymguly Pyragynyň dogduk diýaryna aýlanypdyrlar. Dag ýollary bilen ençeme kilometr ýol söken rus ýazyjylary Türkmenistanyň bu täsin tebigatly künjegini haýran galmak bilen synlapdyrlar. Olar bu ýerde bolanlarynda gören-eşiden wakalaryny jikme-jigi bilen ýazgy depderçelerine bellik edipdirler. Bulary biz soňra olaryň bu ýerler hakynda ýazan ýol ýazgylaryndanam, goşgularyndanam anyk bilýäris. Bu eserlerde olar döwrüň şol wagtky ruhuny ussatlyk bilen bermegi başarypdyrlar...
Eýsem-de bolsa, Tihonowyň ýokarda agzalan hekaýasynda gürrüňi edilýän Nury kimkä?
Raýonyň starşiý milisioneri Nury Seýitgulyýew özüniň wäşiligi, alçaklygy, ýönekeýligi bilen Leningraddan hem-de Moskwadan gelen ýazyjylar Tihonowa hem-de Lugowskaýa özüni aldyrypdy. Olar birnäçe günläp bile bolýarlar. Nury olaryň öňüne düşüp, myhmanlary Arpaekileniň üsti bilen Aýderä alyp barýar. Gaýdyşyn bolsa birtopar obada düşleýärler. Arabatada ýarym gün bolup, oba adamlary bilen çaý başynda gürrüňdeş bolýarlar.
Nury myhmanlaryň özüne berýän sowallaryna başardygyndan rusça jogap bermäge çalyşýar. Ol ýolda her hili wäşi gürrüň tapyp, ýoldaşlaryny gülüşdirýär.
Bir gezegem ol şäherden gelen bir adamy obalaryň birine äkidýär. Uzakly gün atyň üstünde oturyp ýadan şäherli adam ýolboýy zeýrenipdir. «Näme üçin bu ýere gelmäge razylyk berdimkäm?» diýip, öz-özüne gargynypdyr. Agşam ýatar wagty bolsa olar bir ýerde düşleýärler. Nury ertir turup seretse, ol adam ýok eken. Asyl ol kellesine ýorgan büräp, yzyna – Garrygala tarap uzakly gün pyýada ýöräp gitse nätjek!
Tihonow we Lugowskoý türkmen ýigidi Nurynyň berýän gürrüňlerini hezil edip diňleýärler.
Bu eserler XX asyryň otuzynjy ýyllarynda rus ýazyjylary tarapyndan türkmen durmuşyndan ýazylan ilkinji eserler bolupdy.
1980-nji ýylda «Türkmenistan» neşirýaty W. Lugowskoýyň Türkmenistan hakyndaky goşgularyny özbaşyna kitap edip türkmen dilinde çapdan çykardy. Kitaba sözbaşyny Bahar Gurbansähedowa ýazypdyr. Ol Lugowskoýyň Türkmenistan bilen gatnaşyklary dogrusynda gyzykly gürrüň berýär. Meniň şu ýerde Wladimir Lugowskoýyň Nury milisioner hakynda ýazan goşgusynda bir bent getiresim gelýär.

Sumbaryň kenary – Nohur obasy,
Güne ýanyp duran bir mawy diýar.
Derýa kenaryndan, göwni galkynyp,
Milisioner Nury at çapyp barýar.

Nury 1928-nji ýylda Garrygala milisiýa işine meýletinlik bilen gelipdi. Onuň şol döwürde örän jogapkärli işe baş goşmagy tötänden däldi. Oglan ýyllaryndan bäri ol çopançylyk edipdi.
Obadaşymyz Öwez Orazowyň aýdany şu günki ýaly.
— Ýadyma düşýär. 1924-nji ýylda meni, ýene-de birnäçe oglany Aşgabada pedtehnikuma okuwa alyp gaýdypdylar. Biz her gezek oba kanikula baranymyzda, Nury (ol bizden 5-10 ýaş uludy) ilki bilen ýanymyza gelerdi. Aşgabat hakda, o ýerdäki täzelikler hakda birin-birin soraşardy. Soňam deň-duş obadaş oglanlara garap: «Şulardan görelde alyň! Okamaga gidiň!» diýip durany edil şu wagtam gulagymda ýaňlanýan ýaly bolup dur – diýip, Öwez aga aýdypdy.
Nury diýseň mergen ekeni. Onuň kakasy Seýitguly hem mergen adyny ýöne ýere götermändir. Seýitguly mergeniň ýaşaýan Könekesir obasynda uly at-abraýy bar ekeni.
Nury Seýitgulyýew raýonda ilkinji milisiýa işgärleriniň biridi. Sädi Gulbaba, Durdy Hoja, Baýramdurdy Jora, Jelil Abaly, Çary Baly, Çary Gödek, Döwlet Gurbangeldi, Sapar Saparly, Täçmyrat Hajy we ýene-de birnäçe ýigit onuň bilen milisiýada bile işläpdir.
Haýp, onuň ömri gysga ekeni.
...1931-nji ýylyň alabahary. Howa bir görseň-ä açylyp, ýakyp-ýandyryp barýardy. Bir görseňem, ýüzüni çytyp, asmany gara bulut gaplaýardy. Gök gümmürdäp, ýyldyrym çakýardy. Ilkibada çisňäp başlan ýagşyň yzy güýçli çabga ýazypdy. Adatça, şeýle günlerde Sumbar derýasynyň joşmagy gaty ähtimaldy. Bu şeýle-de bolupdy. Dag derelerinde inip gelýän suw silleri öňünde näme bolsa opuryp gelýärdi. Sil çeniň-çakyň däldi. Sumbardan geçmeg-ä biýlede dursun, tutuş etrapda aragatnaşyk kesilipdi.
Her edip-hesip edip, silden adamlary pidasyz çykarmalydy. Emma garaşylman durka, bolmasyz iş bolupdy. Suw sili göz açyp-ýumasy salymyň içinde kenaryny opuryp-opuryp gidýärdi. Gujagy çagaly aýalyň çirkin sesini eşiden Nury atdan böküp düşüpdi-de, özüni suwa urupdyr. Suw ýaly çaga-da, ene-de halas edilipdir.
Adamlar bu işi üçin milisioner ýigidi alkyşlapdylar. Ýöne weli şol wakadan soň, Nurynyň saglygynyň ugry bolmandyr. Silde tapynan keseli ony uzak wagt geçmänem düşege baglapdyr...
Tihonowyň we Lugowskoýyň wasp eden Nury milisioneri gysga ömründe iň soňky demine çenli öz işine wepaly boldy. Beýle adamlar bolsa hiç haçan ölmeýär. Olar biziň işlerimizde, ýüreklerimizde ýaşamaklaryny dowam etdirýärler.
«...Agşam al-elwan gülleriň arasynda gezim edip ýörşüne, Nury birden bize ýüzlenýär:
— Bu gün gitme, ertire garaş. Men saňa gamçy getirip bereýin. Özem nähili gamçy diýsene, ýöne seredip sygyryp oturarsyň.
Ýöne ýoldaşym ikimiziň garaşmaga wagtymyz ýokdy.
— Ýene bir ýyldan geleris, Nury. Sen uly naçalnik borsuň, ine, şonda bir araba gamçy ýygnarys.
— Bir arabamy? – diýip, ol çaga ýaly göwnühoş aýdýar. – Meskewe, Leningrada giderismi?
— Hawa, hawa, Moskwa, Leningrada gideris.
— Bilýäňmi näme, ol ýere barsaň, ätiýaçdan Garrygalada Nury atly biri bar diýip aýt, özem görmegeý Nury diý, şoh Nury diý, özem ýigrimi bäş ýaşly, aýaly hemem bir ogly bar diýip aýt.
— Hökman aýdarys, Nury! Arkaýyn bol. Muny biz hökman aýdarys.
Ýene bir ýyldan geleris!“
Ýöne ýene bir ýyldan starşiý milisioner Nurynyň Sumbar çaýynda sil suwundan çagaly enäni halas edip, özüniň wepat boljakdygyny dostlaşan rus ýazyjylary näbilsin ahyryn!

***

Nikolaý Tihonow Türkmenistana ilkinji gezek 1926-njy ýylda gelýär. Şol döwürden başlabam bu güneşli ülke onuň döredijiliginde belli yz galdyrýar. Nikolaý Tihonow bu syýahatyň netijesinde «Birýuza polkownigi» atly hekaýasyny ýazýar. Hekaýa bada-bat okyjylaryň arasynda gyzgyn goldaw tapýar.
Nikolaý Tihonowyň «Birýuza posýology» at bilen «Birýuza polkownigi hekaýasyndan bir parça «Türkmenskaýa iskra» gazetiniň 1927-nji ýylyň oktýabr aýynda çykan sanynda çap edilipdir. Gazet bu hekaýany çap etmek bilen bu eseri rus ýazjlary tarapyndan türkmen durmuşyndan ýazylan ilkinji eserdir diýip habar beripdir. Şol ýylyň mart aýyndaky sanynda hem N. Tihonowyň ýaňky gazetde «Garagumdaky ýarymduralga» atly goşgusynyň çap edilendigini hem aýtmaly.
Leningraddan gelen ýaş ýazyjyda Köpetdagyň täsin tebigaty üýtgeşik täsir galdyrýar. Ol täze durmuş ugrunda göreşýän adamlaryň ýaşaýşy bilen tanyş bolýar. Olaryň edim-gylymlary, hatda geýnişlerine çenli onuň nazaryndan sypmaýar.
Ine, ol dagyň etegindäki derýajygyň boýunda oturyp, ýoldaşy bilen pyşbagany suwa goýberýär, ol çykyp gidýär. Bu birnäçe gezek gaýtalanýar. Ine, bu waka-da ýazyjynyň ýokarda ady agzalan hekaýasyny ýazmagyna sebäp bolýar.
Birýuza polkownigi kim? Ýazyjy onuň bilen dag eteginde, ýaňky derýajygyň boýunda tanyşýar. Bu adam patyşa goşunynyň öňki ofiseri. Ol ýeke ýaşamagy halaýan goja, özi hem geplemezek adam. Emma şeýle-de bolsa, ýazyjy ony gürletmegiň ugruny tapýar. Ol özüniň geçmişi hakynda şeýle diýýär: «1917-nji ýylda eline ýarag alan halk meniň şäherdäki öýüme taryhy taýdan adalatly döküldi». Bu goja dag eteginde ýagyş ölçeýji bolup işleýän ekeni. Özem ýerli gazetler bilen aragatnaşyk saklap, dürli habarlar bilen çykyş edip durýar. Ýazyjy polkownigy mazaly öwrenýär.
N. Tihonow hekaýanyň sýužeti üçinem birnäçe aýlap oýlanyp gezýär. Ahyrsoňy hemme zady gowy oýlap-ölçerenden soňra galama ýapyşýar. Hekaýa dört günde ýazylýar. Emma awtor muny gutarnykly boldum edäýenok. Hekaýada gürrüňi edilýän käbir wakalary, ynandyryjy we gyzykly suratlandyrmak üçin, ony üç-dört gezek täzeden işläp, täzeden göçürýär. Ýazyjy gojanyň Kuropatkin familiýasyny Fazançaýew, wakalaryň bolup geçýän ýeri bolan Pöwrize jülgesini hem Birýuza diýip üýtgedýär. Ýazyjy hekaýasyny ilki ortasyndan başlaýar. Soňam ahyrky bölegini ýazýar. Ondan soň bolsa hekaýanyň başky bölegi ýazylýar. Hekaýa çap edilýär. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, okyjylar hekaýany halaýarlar. Türkmen ülkesinden getiren sýužetiniň ýerine düşenligine ýazyjy-da az begenmeýär. N. Tihonow hekaýa çap edileninden soňra özi bilen bolan bir wakany ýatlaýar.
«Bir ýola meniň öýüme bir ýaş ýigit geldi. Bu alçak, özem alym adam, birnäçe wagtlap çölde bolup gelen ekeni. Ol:
— Eseriňizi okadym, onda-da nähili okamak! Polkownigi nireden tananyňyzy bilemok welin, şol rotmistr – serhetçini-hä bolşy-bolşy ýaly eseriňize geçiräýipsiňiz. Muny hemmelerem bilýä – diýdi.
— O nähili? – diýip, men soradym. Bi asyl mümkin däl ahbeti... Men ony, häki, özümden tosladym.
Myhman keýp edip güldi:
— Aý, goýuň-a, toslaýşyňyzy! Men onuň bile Büzmeýinde düýe-de satyn aldym. Şonda ol maňa «Gözümi gyrpsam-a onda bolmadygydyr, eger-de jübimden otluçöp çykaraýsam, arkaýyn satyn alyber, düýäň gowulygydyr» diýip aýtdy. Onuň bilen iki aýlap çölde guýuma-guýy aýlandyk. Sizem maňa ony tosladym diýýäňiz. Kime diýseňizem, muny maňa bir diýmäň. Rewko-da Pöwrizede ýaşaýar, özüniňem mellegi bar. Diýmek, onam toslapsyňyz-da?
— Eýsem bulaň ýaşap ýörenliginden habarly bolup çykýan-da men...
— Ony özüňiz gowy bilýänsiňiz, ýöne olar diri adamlar, özlerem adresli-zatly, isleseňiz hat ýazyň, ýogsa-da, olaň özleri size hat ýazarlar...»
Gürrüňi edilýän goja Žazançaýew özi hakdaky hekaýany okadymyka? Okapdyr. Özem bada-bat Tihonowa hat ýazýar. Ol hatynda hekaýanyň bir bölegini ýerli gazetde okandygyny hem-de öz durmuş taryhy bilen tanyşmak üçin hekaýany doly ibermegini ýazyjydan gaýta-gaýta haýyş edipdir. N. Tihonow hekaýany ibermek bilen, onuň ýanyna goşmaça hat hem ýazýar. Ol ýazyjylyk işinde eser döredilende ulanylýan bir topar edebi tärler hakynda goja düşündirip ýazýar. Emma ýazyjy ondan ikilenç ýola hat almaýar. Şeýle-de bolsa ykbal olary ikinji gezek duşurýar. Bu hakda ýazyjynyň özi şeýle ýazýar:
«Men ony şu ýylyň (1930-njy ýyl – A. Ç.) baharynda Bagyr obasynyň golaýynda gördüm. Eşegiň üstünde oturan bu adam portfelini goltugynyň aşagyna berk gysypdyr. Ol täze ýazan habaryny alyp «Turkmenskaýa iskranyň» redaksiýasyna barýardy. Meni, megerem, görmedi öýdýän, seretmän, deňimden geçip gitdi. Eger-de onuň maňa nazary düşen bolsa, belki, eşegi bilen üstüme hüjüme geçerdi, belki-de, kim bilýär, gündogarla mahsus, seniň garaşmaýan bir zadyňy oklap goýbermegi-de mümkindi».
Bu gezek Nikolaý Tihonow rus ýazyjylarynyň brigadasynyň hatarynda güneşli ülkämize gelipdi. Ol bu ýerde dörän täsirlerden soň «Çarwadarlar» atly oçerkler kitabyny döredýär. Türkmen temasyna degişli goşgularyň ençemesini ýazýar. Şeýle hem ol şol döwürde Türkmenistanyň durmuşyndan söhbet açýan göwrümli bir roman döretmegiň pikirinde ekeni.
Ýazyjy Türkmenistanda bolan döwründe gören-eşiden zatlarynyň birini-de sypdyrmazlyga çalyşýar. Oçerk yzyna oçerk döreýär. Ol her bir oçerkiniň düşnükli we gyzykly bolmagy üçin çalyşýar.
Ýazyjy türkmen aýallarynyň durmuşyndan birnäçe oçerkler ýazdy. Onuň Annajemal Hydyr gyzy hakyndaky ýazgysyny şu günem tolgunyp okaýarsyň.
N. Tihonow Aýdere jülgesinde bolanda, onuň gözelligine baş egýär, bu gözel jülge hakynda ýazyjy yzly-yzyna oçerk döredýär. Şeýle hem Aýderäniň tapylgysyz hazynadygyny, onuň baýlyklaryny goramalydygy hakda çynlakaý teklipleri orta atýar. Ol öz oçerkleriniň birinde bu hakda şeýle ýazýar:
«Ajymtyk badam ýagynyň müňlerçe kilogramyny biz her ýyl daşary ýurtdan getirýäris. Aýderede on iki müň düýp badam agajynyň bardygyndan bolsa biz bihabar bolmaga çemeli. Onuň diňe başky bäş kilometr meýdanyndan on tonna badam ýygnalypdyr. Deräniň özi bolsa tutuş ýigrimi bäş kilometr meýdana uzalyp gidýär.
Azap çekip gazanan altyn pulumyza Ýewropadan iki ýüz müň kilogram efir ýagy getirildi. Bu ýerde bolsa yns-jynssyz derelerde efir ýagyny berýän sumbul ýaly agaçlar ummysyz ýeri tutup ýatyr.
Ýene bir gyzykly mysaly aýdaýyn. Bir ýüz elli tonna grek hozuny edinesiňiz gelýärmi? Onda-da nähili hoz!.. Daşary ýurda çykaryp boljak hoz, krakos diýilýän hozuň iň gowy sortundan. Miwesiniň her biriniň ululygy bäş santimetr. Onuň gabygynyň ýukalygy amerikan sortundanam, fransuz sortundanam pes oturanok. Aýderä baryň, ondaky üç obanyň mallaryny dereden kowuň, agaçlaryň çapylmagyny gadagan ediň. Şonda siz ýaňky bir ýüz elli tonnany edinersiňiz. Büýem – hoz ýygnalyşyny artdyrmak üçin hiç hili tagalla edilmedik wagtynda. Tagalla edäýseňiz-ä hasam köp hoz ýygnap bilersiňiz.
Arçalara çyrmaşyp giden ýabany üzümleriň hasylyny sorta bölüp ýygnap bilseňiz, çakyryň naharhana sortlarynyň iň gowularyny edinersiňiz. Ýatdan çykaraňkyrlanan bu ajaýyp dereden üç tonna üzümi ýygyp boljak. Ummasyz türkmen böwürslenine näme diýjek?..“
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nikolaý Tihonowyň eserlerinde biz doganlyk dostlugyň rus ýazyjysy tarapyndan ýene bir gezek äşgär edilen beýanyny görýäris.
***
Edebiýatlarynyň özara gatnaşygy, özara baýlaşmagy bireýýämden bäri mizemez kada öwrülip, her bir halkyň medeniýetiniň gülläp ösmegine getirdi.
Bu hyzmatdaşlyk ýazyjylaryň doganlyk-dostlugyna öwrüldi.
Özüne «galam tutmasyny, sözlem düzmesini, ädim ätmesini öwredeni rus ýazyjysy» hasaplan türkmen edebiýatynyň klassygy Berdi Kerbabaýew şol hyzmatdaşlyk barada öz makalalarynyň birinde şeýle ýazypdy:
«Men 1930-njy ýylda Türkmenistana gelen rus ýazyjylary bilen birnäçe wagt bile gezipdim (dogrusy, şol ýazyjylar bilen duşuşamyzda, heniz hem dostlarça gujaklaşýarys). Nikolaý Tihonowyň ýol bukjasyny kebzesine daňyp, syýahatçylarça hereket edeni, nätanyş durmuşa nebsewür höwes, hyrydar göz bilen garany heniz hem meniň gözümiň öňünden gidenok. Leonid Leonowyň: «Ýazyjy bolmak isleseň, her gün ýazmak gerek, goý, az bolsun – uz bolsun, emma her gün ýazmak gerek» diýeni meniň ýüregimde örän mäkäm ýerleşipdir».
Çeper döredijilik işine ýaňy gadam uran Berdi Kerbabaýew, Garaja Burunow, Ata Gowşudow, Nurmyrat Saryhanow, Oraz Täçnazarow, Hojanepes Çaryýew, Agahan Durdyýew, Rehmet Seýidow we beýleki edebiýatçylarymyz-da rus ýazyjylaryndan görelde alyp, ajaýyp çeper eserler döretdiler, edebiýatymyzyň genji-hazynasyna mynasyp edebi ýadygärlikler goşdular. Edebi döredijilik işinde rus-türkmen ýazyjylarynyň doganlyk hyzmatdaşlygy barha pugtalanyp, şu günler hem özüniň ajaýyp miwesini eçilýär.
«Men bu adamlaryň durmuşyna başbitin ornaşmaga şeýle bir jan edýärdim welin, bir söz bilen özümem asyl türkmen ýalydym» diýip, türkmen edebiýatynyň uly dosty Nikolaý Semýonowiç Tihonow öz ýatlamalarynda ýürek joşguny bilen nygtap aýdýar.
Gör, nähili mähir bilen aýdylan sözler. Şondan bäri gaty köp wagt geçdi. Şondan bäri ýazyjy-şahyrlarymyzyň täze nesli ösüp ýetişdi. Edebiýatçylarymyzyň ýaş nesli-de özlerinden öňki ussatlaryň asylly ýoluny dowam etdirmek bilen, halklarymyzyň doganlyk dostlugynyň, internasional dostlugyň baýdagyny has belende göterýärler. Bu gün türkmen ýazyjylarynyň naýbaşy eserleri diňe bir rus dilinde neşir edilmek bilen çäklenmän, eýsem beýleki dünýä dillerinde hem neşir edilip, millionlarça okyjylara ruhy taýdan lezzet berýär.
Söhbetimiziň şu ýerinde başga bir rus ýazyjysynyň türkmen topragy we onuň adamlary hakda galdyryp giden ýakymly täsirleri dogrusynda-da aýdylsa ýerlikli bolardy.
Ol ýazyjynyň ady Wsewolod Iwanow. XX asyryň ýigriminji ýyllarynda ol eýýäm birnäçe eserleri bilen edebiýat meýdanynda özüni ykrar etdirip bilipdi. Şol eserleriň biri hem onuň “Bronepoýezd-14” atly eseri ýazyja meşhurlyk getiripdi. Türkmenistana gelen ýazyjylaryň arasynda şeýle meşhur ýazyjynyň bolmagy hem Türkmenistan saparyna nähili ähmiýet berlendigini aňladýardy. Ýazyjy öz depderçesinde, ine şeýle ýazgylargaldyrypdyr:
«24.03.30.
Orenburg. (...) Asuda hem arkaýyn barýas. Eýýäm meýdan gardanýarym-ýalta saplanyp ugrapdyr, asuda agyp-dönýän sürüler gabat gelýär, duşundan geçýän obalarymyzdaky metjitleriň barynyň depesinde haç ýok.
Sakgalyny syryp otyrka, Leonow gulagyny gara-gan etdi! Başga täzelik ýok! Baý, ýomak atyşýalar-a! Aýratynam Tihonow bilen Leonow ikisi bu meselede eýgerder ýaly däl».

26.3.30 ý.
Daşkent. (...) Daşkent şäherine-de ýetdik. Bu ýerde hemme zat seň bilen bolanymyzdaky ýaly, daş-töweregiň ýap-ýaşyl, tozan ýok. Gaty gowy gidýäs, restorany hem göçüripdirler. Seniň gorkup oturan zatlaryň hemmesi biderek – bu ýer arkaýynçylyk, ýene-de iki günden Aşgabatda bolarys, bu hakda saňa telegramma bererin hem-de hat ýazaryn. Stansiýadaky aýallar, näme üçindir, diňe çapady satýarlar. (...)
31.3.30 ý.
Aşgabat. (...) Ine, dört günden soň men saňa hat ýazmaga wagt tapdym. Baý, bizi iki ýana entedip surnukdyrdylar-a, oň üstesine-de şäheriň jokrama yssysy. Sendenem telegramma garaşdym – telegramma üstüne telegramma, häzir bärde ekiş döwri ekeni, aýdyşlaryna görä, şonuň üçin telegrammalar gaty haýal gidýän ekeni. Şu güne çenli men senden ýekeje-de hat-habar alamok...
Moskwada aýdyşym ýaly, bärdäki «galagoply» durmuş hakyndaky gürrüňleriň hemmesi biderek, ozal bolanymyzdaky ýaly, bu ýeri gaty asuda hem rahat. (...).
Türksibiň açylyşyna gatnaşmarys öýdýän. Moskwa, giç galsa 5-ne we 7-sine dolanarys. Sebäbi biçak yssy (häzir 40 gradus, işdäň hiç zat alanok, şonuň üçinem edil mahluk kimin surnugyp ýadaýas, bu boluşda Türksibe aýlanmaga gurbat çatar öýdemok.
Şu gün saňa poçta arkaly dört sany zemzem derisi iberilendir, ol krokodiliň bir görnüşi – Garagumuň äpet jandary, özem Parižde olardan gapjyk hem-de köwüş tikýärler, olary özüň üçin ulanarsyň, ýöne munuň üçin sen Moskwada gowy ussa tap... Mişka üçin men ullakan türkmen telpegini satyn aldym. Tatýana bolsa diri pyşbagany elterin, belki-de, tapsalar diri zemzem eltäýmegimem ähtimal, onsoň öýümizde öz krokodilimiz bolar!
Men seniň bilen öňki düşlän myhmanhanamyzda, hatda şol öňki otagymyzda ýaşaýan!
Çalt gowşar ýaly, men saňa gyssagly telegramma ibermeli borun.
Aýdyşlaryna görä, biz bu ýerde gaty köp zat görmeli. Düýn, mysal üçin, maşynly pars serhedine bardyk. Men hatda parslaryň arasynda boldum diýsemem boljak – serhediň aňry tarapyna birnäçe ädim ätdim.
Şu gün gruppanyň artistleri bize «Bronepoýezdi» görkezjekler. Niçik görýäň?..
Bärde ýazyp bilerinmi-bilmerinmi, aýdyp biljek däl. Wagt ýok. Çekerde M. Görkä ýazan hatym bardyr, şony ibereweri. Yssyň derdinden ýaňa hatda garalypdyrynam.
Elbetde, Moskwa hezil edip gaýtjak, ýöne borç hem höwes üstün çykaýada, şol sebäplem ýolumy dowam etdirýärin. Biynjalyk bolma, gaty haýyş edýän – bize biçak gowy seredýärler, ýerli gazetiň ikisiniň hem redaktorlary elmydama ýanymyzda.
Daça gözläp tap-da, gowy dynjyňy al!».
3.4.30 ý.
Aşgabat. (...) işlerimiz gowy barýar, köp zatlary görýäs, ýöne dürli çykyşlardan ýaňa ýadaýas.
Görýän zadymyz köp. Ýöne olaryň hemmesini gysgajyk hatda beýan etmek mümkin däl, şonuň üçinem hemmesi kellämde başly-barat bolup dur. Bulary nähili aýyl-saýyl etjegimi hakydama getirip bilemok.
Baran ýerimizde gowy garşylaýarlar, biziň syýahatymyzam ozal bir belli personažyň «poçtmeýster – sen gowy adam» diýşi ýaly barýar – düýn, mysal üçin, esgerler öýünde bizi «Internasional» bilen garşyladylar. Şonuň bilenem ugratdylar, şeýle bir öwgüli sözleri aýtdylar weli, nähili gürrüň berjegimi, nähili ýazjagymy bilemok.
«Bronepoýezd» görkezilende, meni şeýle bir ellerinde ýokary göterdiler, heý goýaý, jalbarym ýyrtylypdyr. Şonuň üçinem teatryň egin-eşik jaýyna barmaly boldum, o ýerde-de serenjam berýän aýal tolgunmakdan ýaňa arzyly «awtorynyň» balagyny tikip berdi. (...)
5.4.30 ý.
Aşgabat. (...) Şu gün meniň saňa iberen iň soňky telegrammama jogap aldym, sen onda her gün telegraf arkaly özüňi habardar edip durmagymy soraýarsyň. Bizi ondan-oňa şeýle bir süýreýärler weli, gije-gündiziň dowamynda bary-ýogy alty sagatdan köp uklamzok, poçta-da hemişe barar ýaly däl. Başardygymdan habar berip duraryn. (...)
Bu ülke baradaky düşünjämiz has giňedi. Biz bu ýeriň daýhanlaryny hem, esgerlerini hem, ýerli proletariatyny hem, başgalary-da gördük. Ýerli işgärleriň bize bolan garaýşy gaty gowy...”

***

Ws. Iwanowyň öz aýalyna ýazan hatyndan görnüşine görä, ýazyjynyň Aşgabada gelşi ilkinji gezek däl. Ol öňem aýaly bilen türkmen topragynda syýahatda bolup giden ekeni.
Biz indiki edebi gatnaşyklar baradaky söhbetlerimizde dürli döwürlerde Türkmenistana gelip, onuň adamlary hakynda mähribanlyk bilen galam ýöreden ýazyjy-şahyrlary ýatlap, olaryň durmuş ýoly we döredijiligi bilen tanyş bolarys. Ýatlamalar garramaýar!

Allaýar ÇÜRIÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.
Категория: Ýol ýazgylary | Просмотров: 252 | Добавил: Allaýar | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Ýol ýazgylary bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]