23:33

Dowzahda günälilere Rihannanyñ aýdymy diñledilýär...

DOWZAHY GÖRÜP GELENDIGINI AÝDÝAN MONAH: GÜNÄLILERE EJIR ÇEKDIRMEK ÜÇIN RIHANNANYÑ AÝDYMY DIÑLEDILÝÄR

Jerald Jonson 2016-njy ýylda ölüp-direlendigini aýdýar.
Iñ soñky albomyny 2016-njy ýylda çykaran Rihanna şu ýyl ýene täze aýdymlary bilen muşdaklaryny begendirmäge taýýarlanýar (Amazon Studios)
.

2016-njy ýylda ölüp-direlendigini aýdýan ABŞ-ly monah dowzahda şeýtanlaryñ günälilere Rihannanyñ aýdymlary bilen jebir çekdirýändikleri öñe sürdi.
ABŞ-nyñ Miçigan ştatynda ýaşaýan monah Jerald Jonson 2016-njy ýylda infark geçirip, ölendigini we dowzaha gidendigini, kän wagt geçmänkä-de dolanyp gelendigini aýdýar.
Dowzahda berilýän ejirleri gözi bilen görendigini öñe sürýän monah "gören zatlaryny" TikTok-da gürrüñ berdi.
Jonson seslenme döreden wideoýazgysynda "Ruhum bedenimden aýrylypdy. Ýokaryk uçup giderin öýdýärdim, çünki dünýäde eden ýagşy işlerim kändi, uçursyz kän adama ýagşylyk edipdim" diýdi.
Pikir edişiniñ tersine dowzaha gidendigini aýdan Jonson ol ýeriñ ýer togalagynynyñ iñ düýbündedigini öñe sürdi we şeýle gürrüñ berdi:
- Munuñ iñ ganym duşmanymyñam başyna düşmegini islämok. Dört aýakly it ýaly ýöreýän we boýdan-başa ýanar oduñ içindäki bir adamy gördüm. Gözleri dagy hanasyndan çykyp ýatyrdy...
Jonson şeýtanlaryñ ol adamyñ boýnuna zynjyr dakyp, eýläk-beýläk südenekledip ýörendiklerini aýdýar.

@geraldajohnson1 My experience when I saw hell in February 2016. I’ll never be the same after that. #hell #jesus #unforgiveness #forgive #godsaid #encouragement #geraldajohnson #jesuslovesyou #moveforward original sound - Gerald Johnson

Jerald Jonson

Wideoýazgynyñ dowamynda monah şeýtanlaryñ günäkärlere meşhur pop ýyldyzy Rihanannyñ repçi Jaý-Z bilen aýdyşan "Umbrella" aýdymyny we Bobbi Makkerriniñ klaasyklaşan aýdymy "Don't Worry Be Happy"-ni aýdyp, jebir çekdirýändiklerini gürrüñ berdi:
- Şeýtanlar dünýäde diñleýän aýdymlarymyzy günäkärlere aýdyp, olara jebir çekdirýärdiler. Aýdym-sazy Hudaýa ybadat etmek üçin ulanman, şolar ýaly aýdymlar bilen şeýtana çokunmagy saýlap alandyklary üçin jebir-jepalara duçar bolýardylar.
Jonson bulary görenden soñ dowzahdan göterilip, durmuşa gaýdyp gelendigini öñe sürýär.

Miçiganly ruhany 2016-njy ýyldan bäri "dowzahdaky gören zatlaryny" gürrüñ berýändigi bilen köp göze ilýär. Bulary paýlaşmak üçin soñky wagtlar sosial mediýa ýüzlenen Jonsonyñ TikTok-da 76 müñden gowrak janköýeri (podpisçigi) bar.

# Entertainment Weekly, NME

Taýýarlan: Aýlin ŞENER.

Şenbe, 08.01.2023 ý.
Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 609 | Добавил: Gökböri | Теги: Aýlin Şener | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Geň-taňsy wakalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 201 2 »
0
1 Zöhre  
1396
Onuñ gören dowzahylary Amerikanyñ öz adamlarydyr. Her ýurduñ dowzahysyna şolaryñ öz şaññy aýdymçylary diñledilýän bolmaly onda.

0
2 Injener  
1
Dünýä belli aýdymçylaryň barsy şeýtana çokunýar öýdýän? Indi ruslaryň artistlary hem şol ýola düşüp başladylar. Indiki gezek biziň gezegimiz...)))

0
3 hanturebs  
755
Bizde-de bar. Aýdaýözüň & Iska "Younger - peýdalan" diýen aýdymda "Dost bolýar Şeýtanam, gel, senem, ýetiş, bol, peýdalan..." diýýär...

0
4 Haweran  
411
Gabyr azabynyñ, o dünýäniñ bardygyna, ölmegiñ-direlmegiñ... hakdygyna şek-şübhe bolup bilmez. Ýöne bir ýeri pikirlendirýär:
Allanyñ azap beriji melekleri (hristianlarda şeýtanlary) dowzahda özlerine buýrulan wezipäni ýerine ýetirenlerinde amerikan aýdymçylardyr repçileriniñ aýdymlaryny gaýtalar ýaly derejede ýeñlesmikä?..
Bilmedim-dä..

0
5 Gurgencli  
324
Eger çyndanam dowzahy görüp gelen bolsa yslam dinine geçmezdimi?

0
6 Injener  
1
@Haweran. Bar zat beýle harpma harp dälmikä diýýän. Monahuň wakasynda üç sany zat bar. Dowzah, Rihanna we pop kultura. Galan zatlar ýöne bir interpritasyýa. Belki monaha bir zatlary dogrydan hem görkezendirler, ýöne ähli zady söz bilenem hemişe aýdyp bolanok. Monah görgüli bolsa bar zady gürrüň berşi ýaly düşünendir? Döwrebap pop kulturaň sakasynda Satanizm "şeýtana çokunma" dur we bar zat şondan gelip çykýar. Meň bilşime görä Adatdan daşary güýçler saňa bir zat düşündirjek bolsalar, diňe saňa ýakyn obrazlary ulanýarlar. Seň hiç wagt görmedik zady saňa düşündirmek, edil kör adama günüň nämedigini düşündiren ýaly. Şol sebäpden monarhyň aýdyp berýän ýönekeý obrazlary peýda bolýar...

0
7 Injener  
1
@Gürgençli, musulmanlaryňky dogry eken diýip biziň dinimize geçmelimi? Dowzah ähli dinlerde bar dälmi näme? Zakir Naýs atly ymamyň aýdyşy ýaly: —Sen Hudaýyň birdigine ynanýan bolsaň, Ysa Pygamberiň ýöne bir Pygamberdigine ynanýan bolsaň, diýmek sen musulman adam...

0
8 Gurgencli  
324
Bu tema boýunça ep-esli jedel edip bolardy welin… ýöne gowusy dekje-dokja oturaýaly:))))))

0
9 Haweran  
411
Aýdym b.n azap berilýän bolsa-ha, biziñ hemmesi şobir zady gaýtalap duran "gelsene gel-li", "waý, söýdüm, köýdümli" we daşary ýurt sazlaryna ýanalyp aýdylýan ogurlyk aýdymlaryny diñletmekden beter azap ýok bolsa gerek ölülerimize.
Ýöne merhumlarymyzdan beter entek biz aýatda dirikäk şol şama-şaýyrdylary günde-günaşa ulaglarda, jemgyýetçilik ulaglarynda we gaýry ýerlerde eşitdirip ýörler, eýse biziñ etmişimiz nämekä? :)
Ýa bizi-de öli hasabynda görýärler. Ýogsam bolmasa, "Dam-dam" diýlen bolgusyz aýdymy dagy diri bolub-a takat edip diñlär ýaly däl.

0
10 gomulgen11  
1366
1. Monahyň dowzahda nä köri bar?
2. Dowzah diýip Derwezäň suratyny näme üçin goýduňyz?

0
11 Gökböri  
136
1 Monahlar, poplar (ýa işan-mollalar) dowzaha düşmeli däl diýen zat ýok. Kimiñ ýalkanjagyny ýa azaba uçrajagyny Allanyñ özünden başga biljek ýok. Onsoñam ol dowzaha azap görmäge däl-de, görkezilýän azabyñ bardygyna şaýatlyk etmek ü.n ugradylypdyr.
Pygamberimizem (s.a.w) Magraja çykanda, jennet bilen bir hatarda dowzahy görendigini, ol ýerdäki günäkärlere nähili azap berilýändigini habar berýän hadyslary bar.
2. Halkara habar beriş serişdelerinde Derwezä "Dowzahyñ gapysy" diýilýär. Ýazgyda-da dowzah ýeriñ düýbünde diýilýändir. Bu ýöne bir simwoliki menzetme. Mundan başga many gözlemegiñ geregi ýok.

0
12 Yusup  
50
Häh.

0
13 Yusup  
50
Sosial mediada meşgurlyk gazanmak häzirki döwürde ýoň bolupdyr. Nätmeli beýtmeli köpüräk agza toplamaly. Netije pul hemde meşgurlyk. Dünýäde her sekuntda milýonlarça adam infark geçirip koma gitýär. Indi şolaryň her bir toslamasyna, düýşine ynanmalymy?

0
14 Yusup  
50
Ýa şol monah rihanna diwzohda aýdym aýdyp durka janly şaýat tutundymyka. kim delil geçip biljek?

Hamana ýanynda şaýat duran ýaly.

0
15 Yusup  
50
öziňizem düşünjeli adamlar. "Eşden deň bolmaz gören göz bilen."
Ine men ajaýyp elektron enjamy oýlap tapýan. fakt boýunja dünýä şaýat bolýar. emma monahsumagyň eýläk gidip gellenini gören barmy? elbetde ýok. sosial setde ýaňra bermeli, derňäp anyklap biljek ýok

0
16 Yusup  
50
aý bolýala janykmaýyn

0
17 Injener  
1
@Yusup, Yslam dini barada, Hudaý barada näme pikir edýäň? Olaryňama subutnamasy ýok entek? Eger sen Hudaýa ynanýan bolsaň, haýsy subutnama seni ynanmaga mežbur etdi?

0
18 Injener  
1
@Ýusup, gaty görme, ýöne sen ýaly dünýägaraýyşly adamlaryň hemişe "zrenýasy" pes bolýar, äýnek dakynmaly bolýarlar.

1-15 16-17
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]