15:12 Dublýor / sesli hekaýa | |
DUBLÝOR Durmuşumyzda adamlar köp. Hemmesi ýadymyzda-da galanok. Käbirlerini bolsa, tanamasagam, üýtgeşik adyny, keşbini, sözlerini ýa sesini aňymyzdan çykaryp bilmän gezýäs. Diňe şol hakda pikirlenip däl-de, meselem sesini eşiden badymyza tanaýas, ýöne kimdigini bilemizok. Bizem şol tipdäki adamlaryň biri. Ýok, aýdymçy däl. (Olar diňe sesi bilen tanalanok. Özüni mazamlagyç bolýa olar.) Dublýaž aktýory. Siz meni tanamarsyňyz. Ýöne häzir “Garri-i, men öýe girýän”-diýerin welin, “hä-ä” – diýeniňizi bilmän galarsyňyz. Ýa-da, “Maugli adam çagasy, Maugli adam çagasy. Biz-ä tokaýa gidýäs, biz-ä tokaýa gidýäs”. Ol iki ses meňzeş däl-ä diýersiňiz. Biziň işimizem şol-da. Bu gün iň gowy görýän multifilmimiň dublýaž işleri tamamlandy. “Ketekden gaçyş” Göräýmäge ýönekeýjedir. Ýöne onuň sadadan gelen çuňňur ideýasy, personažlary… Eger özüňe ynansaň, diňe bir towugy däl, tutuş ketegi uçurup bolýandygy aýdylýar. Men ony görmegi maslahat bererdim. Şonda meni tanaryňyz ýaly tutaryk bereýin: “Hanym Klark, hanym Klark, towuklar gije ýatanok. Towuklar dildüwişik guraýalar.” Agşam ýadap öýe geldim. Hawa, biz ýadaýas. Aňsat däl. Gapyny gyzym açdy. Gulpaklaryny sypap, okuwy bilen gyzyklandym: – Maňa bäşlik getirdiňmi? – Hawa. – Ejeňe nä? – Getirdim. Ikiňizede kö-öp bäşlik getirdim. – Sen muny nädip etdiň? – Gowy okadym. Mugallymyň soraglaryny bildim. – Ýok-ýok, ýaňkyny. Gürlän wagtyň agzyň hereketleri bilen sözleň gabat gelmedi. Biri ses berýän ýaly. – Oýun edýäň gerek, kaka? – Ýok, çynym. Ýaňky aýdanlaňňy gaýtala hany. – Ikiňizede köp bäşlik getirdim. – Ana-ana. Gyzym maňa geňirgenip seretdi. – Aýna seredip aýt hany. – Gaýtalady. Iki eli bilen agzyny tutup, otagyna ylgap gitdi. Dynç güni bolansoň arkaýyn oýandym. Çaý-suwdan soň biraz kitap okan boldum. Bir hekaýa göwnüme jüňk boldy. Biziň işimiz bilen baglanşykly gowy hekaýa. Radiodaky dostuma jaň etdim. Nobatçylykda eken. Ýazgy etmäge gidermen boldum. – Men radio barýan. – Bu gün dynç gün-ä. – Gowu-da. Azat işde eken. Adam azlykda birki sany ýazgy edip gaýdaryn. – Ejeşem alyp, aýlanmaga giderdik-dä. – Özüňiz gidip geläýseňizläň. Men birki sany hekaýa ýazdyryp gaýtsam, soň zerur güni rugsat almamada gowy boljak. – Bor onda, bizem öýde bolaýaly. Geljek hepde bileje gidäýeris. – Bolýa, şeýdäýeli. Awtobusa mündim-de gap-böwründäki oturgyja özümi taşladym. Adam az bolansoň içeriň howasy sergin. Radioda ýaňlanýan aýdym kesilensoň, meniň sesim joşup goşgy okap başlady. Tolgundym. Hemmeler maňa seredýän ýaly biraz galpyldadym. Garanjakladym. Hiç kimiň piňinede däl. Ýokuş. Studiýa gelip, Azat bilen derrewjik salamlaşdym-da, uzak soraşyp oturman, ýumşak diwarly otagdaky mikrofonyň başyna geçdim. Bir hekaýany ýarpylaberdim. Garşykdaky aýnadan bir topar düwmeli, nurbatly apparaturanyň aňyrsynda oturan dostumyň ernini gulagyna ýetirip, telefonda gürleşip oturany gözüme ildi. Gürleşip bolup, öňündäki düwmeleň birine basyp, maňa sesini ýetirdi. – Okamaly zadyň köpmi? – Başymy atdym. – Gelenime görä birküjini ýazaly. – Men gitmeli boljak. Sen okap bolda, sohranit edip gidiber. Men soň montaž ederin. – Eýgilikmi? – Neme, malişim ýaramajak bolýa. Gyzdyryp dur diýýä. – Bulam şeýle. Dublýaž ýaly. Meň gözümemikä? – Bolmasa menem gaýdaýaýyn, arkaýyn ýazaýarysda? – Ýok-la ýörite geleniňe görä ýaz sen. Ýöne, gaýdaňda sohranit etmäni ýatdan çykarma. Bolýa terzde başymy atamdan howlukmaç çykyp gitdi. Tümlik hakda, diňe goýun sürüli çopan goşy, kimligi näbelli gyz, hatda köpükli kofe – kopuçino barada gyzykly hekaýalary ýazgy edip, Azadyň diýişi ýaly “Sohranit” edip, öýe gaýtdym. Oho, eýýäm sagat öýläniň üçüni görkezýä. Bir güýmenseň wagtyň nädip geçeninem bileňok. Asyl-ha wagt diýlen zadyň barlygynam ýatdan çykarýaň. Awtobusdan-awtobusa geçip gelýänçäm, günem garalyberdi. Öýe ýetiberenimde, hol öňürägimde bir maşyn howlukmaç saklady-da, gelnimi düşürip gitdi. Işdeşleriniň biridir öýtdim. Azadyň maşyny. Gelnim meni görenden howsala düşdi: – Neme, işgärleň biri enesini görmäge gelýän ekenide, ýol ugry bolansoň, taşlap geçäýdi. Hawa. – Dublýaž. – Bu gün, dynç gün-ä? Ulagyň içini görkezýän kiçiji aýnadan Azadyň ýylgyrşyny saýgaryp ýetişdim. Bu şol, studiýadaky ýylgyryş. Meň üstümden ýylgyrýar. Umyt KÜLE. | |
|
√ Dawut / hekaýa - 13.07.2023 |
√ Gorkmagy öwrenmek / hekaýa - 07.04.2023 |
√ Pişekli adam / hekaýa - 12.08.2023 |
√ Dil agyrysy / hekaýa - 05.06.2023 |
√ Okyjynyň sessizligi / hekaýa - 26.06.2023 |
√ Первая обида / рассказ - 18.07.2023 |
√ Garry gyzyň ykbaly / hekaýa - 19.07.2023 |
√ Gerdiş / hekaýa - 02.09.2023 |
√ Durmuşy dynnymjyklar / hekaýalar toplumy - Sahnada - 16.10.2023 |
√ Owaz / mini-kyssajyk - 29.04.2023 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||