16:20

Dünýä tehnologiýasynyñ iñ soñky gazananlary

■ Täze kosmos gämisi
    
Kosmos pudagynda iş alyp barýan «SpaceX» kompaniýasy täze synagy amala aşyrdy. Kompaniýanyň uçuran «Crew Dragon» atly kapsulasy Halkara kosmos bekedine baryp ýetdi. «Falcon 9» raketasy bilen uçurylan gämi kosmos giňişligine adamly gatnawlar üçin edilýän ilkinji netijeli iş boldy. Raketalary gaýtadan ulanmak üçin hem aýratyn maksatnamasy bolan «SpaceX» kompaniýasynyň «Falcon 9» raketasy kapsulany belli belentlige çykarandan soňra, ummanda bellenen ýere dikligine gonmagy hem başardy. Adamly gämilere niýetlenen «Crew Dragon» bilen 181 kg ýük hem-de maniken iberildi. Kapsula ol ýerden adamlary yzyna getirip hem bilýär. Bu kapsulany edil «Falcon 9» raketalary ýaly gaýtadan ulanyp bolar. «Crew Dragonlar» köp wagtdan bäri kosmos bekedine ýük ibermek üçin peýdalanylýar. Täze uçurylan kapsula bolsa, onuň adam gatnatmaga niýetlenen görnüşidir. Kapsula beýleki synaglary hem üstünlikli tamamlanan ýagdaýynda iýul aýynda 2 kosmonawty Halkara kosmos bekedine äkider. Şeýle hem «Boeing» kompaniýasynyň «Starliner» atly gämisiniň indiki aý synagdan geçiriljekdigi, awgustda bolsa, adamly gatnawlara başlajakdygy aýdylýar.
Ýeri gelende aýtsak, NASA birnäçe ýyl mundan öň amerikan astronawtlaryny Halkara kosmos bekedine gatnatmak üçin hususy şereketler bilen hyzmatdaşlygy ýola goýupdy. 2011-nji ýyldan bäri «Discovery», «Endeavour» we «Atlantis» atly kosmos gämileriniň ulanyşdan aýrylmagy bilen amerikan astronawtlary Russiýanyň «Soyuz» raketalary bilen uçurylýar. Halkara kosmos bekedi ABŞ-nyň NASA (Milli aeronawtika we kosmos administrasiýasy), Russiýanyň Kosmos işleri boýunça döwlet korporasiýasy («Roskosmos»), Ýapon kosmos barlaglary agentligi (JAXA), Ýewropa Kosmos Agentligi (ESA) we Kanada Kosmos Agentliginiň (CSA) bilelikdäki taslamasy bolup, Ýerden 400 km töweregi uzaklykda aýlanýan beketde hemişe 6 kosmonawt işleýär.

■ Hem uçar, hem awtoulag
    
Elektrik energiýasy bilen hereket edýän gatnaw serişdeleriniň sany ýylsaýyn artýar. Golaýda dikligine howa göterilýän, dolandyrmagy aňsat bolan, elektrik energiýasy bilen işleýän howa ulagy işläp taýýarlandy. «Lilium Jet» atly uçar howany hiç hili hapalamaýar. Ýerden 9800 fut ýokary galyp bilýän iki orunlyk howa gämisiniň iň ýokary tizligi 250 mile, geçip bilýän iň uzak aralygy 300 mile barabar. Onuň ganatlary eplenen mahaly adaty awtoulag hökmünde sürüp bolýar. Ulagda birnäçe hereketlendiriji bolup, olaryň jemi kuwwaty 435 at güýjüne deň. Ony dolandyrmak üçin sport uçarmanynyň şahadatnamasy hem-de azyndan 20 sagatlyk uçuşy amala aşyran bolmaly. Ony «Lilium» kompaniýasynyň dört sany inženeri işläp taýýarlapdyr. Germaniýanyň Mýunhen tehniki uniwersitetiniň hünärmenleri hem bu taslamany taýýarlamaga goşant goşýarlar. «Lilium Jet»-iň basym doly taýýar edilip, satuwa çykarylmagyna garaşylýar.

■ Hemme enjama zarýad berýär
    
Togy geçirijisiz geçirmek üçin tehnologiýa işläp taýýarlaýan «Samsung» kompaniýasynyň täze enjamy ähli mobil enjamlara zarýad berip biler. Ol häzirki wagtda bar bolan zarýad beriji enjamlaryň ählisinden tapawutly bolar. Täze enjam bilen birwagtda birnäçe enjama zarýad bermek mümkin. Bu enjam arkaly smartfonlar bilen bir hatarda sagatlara, planşetlere, kameralara, «akylly» äýneklere we beýleki elektron enjamlara zarýad berip bolar.

■ Bank kartyny döreder
    
Elektron enjamlary öndürmegi bilen tanalýan «Apple» kompaniýasy 2014-nji ýylda «Apple Pay» atly töleg ulgamyny güýje girizmegi bilen bank-maliýe pudagyna hem goşulypdy. Indi bolsa, kompaniýa iri maýa goýum banky «Goldman Sachs» bilen täze bank kartyny döretmegi maksat edinýär. Bu kartyň iň esasy aýratynlygy «Apple Wallet» (elektron gapjyk) applikasiýasy bilen sazlaşykly işlemegidir. Bu hyzmat arkaly ulanyjylar bank hasaplaryny dolandyrmaga mümkinçilik alarlar. Bu şertnama «Apple Pay» hyzmaty arkaly has köp girdeji getirer. Hünärmenler soňky wagtlarda «Apple»-iň girdejileriniň azalýandygy sebäpli beýleki ugurlara ýönelip başlandygyny belleýärler. Amerikan brendi mundan başga-da, wideo we habar hyzmatlaryny hem ýola goýar. Täzelikleri hödürleýän hyzmatyň şu aýyň dowamynda ulanyşa giriziljekdigi aýdylýar. Tehnologiýa şereketleri bank hyzmatlaryny hödürleýär.
«Bain & Company» maslahat beriş şereketiniň maglumatlaryna görä, tehnologiýa kompaniýalary täze bank hyzmatlaryny ýola goýýarlar. Öz müşderilerini ýitirmek islemeýän banklaryň bu kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy hem artýar. «Google», «Amazon», «Facebook», «Samsung» we «Apple» ýaly ägirt uly kompaniýalaryň täze hyzmatlaryna müşderileriň gyzyklanmasy örän ýokary. Maslahat beriş kompaniýasynyň 29 ýurtda 152 müň bank müşderisi bilen geçiren sowalnamasyna gatnaşanlaryň 54 göterimi tehnologiýa şereketleriniň maliýe hyzmatlaryndan peýdalanmaga isleg bildirýändiklerini aýdypdyr. Ýeri gelende aýtsak, müşderilere bölek söwda töleglerini amala aşyrmaga mümkinçilik berýän «Apple Pay» 35 ýurtda, «Samsung Pay» 24 ýurtda we «Google Pay» 29 ýurtda hereket edýär.

■ Täze planşetini satuwa hödürledi
    
Elektron kitap söwdasy bilen meşgullanýan «Amazon» kompaniýasy täze «Fire HD 8» planşeti üçin sargyt kabul edip başlandygyny mälim etdi. Täze enjam zarýadyny has köp saklaýanlygy bilen ozalky modelden tapawutlanýar. Enjamyň içki ýady 16 GB we 32 GB görnüşlileri bar. Onuň ýadyny «microSD» arkaly 200 GB-a çenli artdyryp bolýar. Şeýle hem onuň yzynda 720p durulygynda wideoýazgy edip bilýän 2 megapiksellik kamera, öňünde bolsa, VGA durulygyndaky kamera bar. Agramy 341 gram bolan planşetiň bir gezekki zarýady 12 sagada ýetýär. Planşetiň gara, gülgüne, gök we narynç reňklileri bar. 21-nji sentýabrda alyjylara ýetirilip başlanan enjamyň 16 GB-lygynyň bahasy 90 dollar, 32 GB-lygy bolsa, 120 dollar.
 
■ «Lýugyň dürbüsi»
    
Resmi ýagdaýda bu tehnologiýanyň ady «tehnologiki howplary anyklaýan ulgam» diýip atlandyrylýar, ýöne «DARPA» taslamanyň hünärmenleri oňa «Lýugyň dürbüsi» diýip at goýdular. Bu abzal entek dürli barlaglardan geçirilip, işlenilip taýýarlanylýar, şonuň üçin heniz doly ýagdaýda bu abzala dürbi diýlip düşünilmeýär.
Aslynda bu näme? Adaty ýokary derejede görmäge ukyply bolan, üç aýakly daýanç enjamyna oturdylan bu kamera, hiç hili bökdençsiz ultramelewşe we adaty spektor görnüşde 10 km uzaklygy görmäge ukyply bolan ulgam. Mundan başga-da, bu ulgam gönüden-göni beýniniň EEG-syny (Электроэнцефалография) okamagy we esgeriň beýni tolkunlarynyň üýtgemelerine baglylykda, ondaky bar bolan howpy anyklap bilýär. Biziň aňymyz göz öňümize gelýän ýagdaýy emele getirýär, şonuň üçin hem bu ulgam esgeriň pikir ediş işjeňliginiň tolkunlaryny kesgitläp, howplulyk ýagdaýynyň derejesini anyklamagy başarýar. Kesgitlenen tolkunlary kompýuter toplumyna iberilýär we «Bu howp, ot açmaly» yşarat görnüşinde aňladylýar. Bularyň ählisi esgeriň özi daş-töweregindäki görýän zatlaryny analiz edip, hüjüm etmelimi ýa etmeli dälmi diýen netijä gelýänçä, öňünçä ýokarda agzalan hereketler bolup geçýär. Tapawut milisekuntlarda ölçenilýär, ýöne hatda şol sanlyja milisekuntlar hem söweş meýdanynda ykballary çözüp bilýär.

■ «HTC VIVE» müşderilerine gowşar
    
Tehnologik enjamlary öndürmekde giňden tanalýan «HTC» şereketiniň «Valve»  şereketi bilen şertnama baglaşmagy netijesinde «HTC Vive» atly «hyýaly dünýä äýnegine» köp wagtdan bäri uly gyzyklanma bildirilýärdi. Hytaýyň paýtagty Pekinde geçirilen «Vive Unbound» tehnologik forumunda çykyş eden şereketiň ýolbaşçysy Çer Wangyň aýtmagyna görä, HTC özüniň täze üýtgeşmeleridir aýratynlyklary bilen bäsdeşlerini haýran galdyrjak «HTC Vive» äýnegi arkaly muşdaklaryny begendirmegi meýilleşdirýär. Garaşylýan şüweleňde täze dizaýny bilen ulanyjylaryna gowuşmagyna garaşylýan bu äýnek öz aýratynlyklary bilen köpleriň söýgüsini gazanmagy başarar. Şeýle hem, şereketiň ýolbaşçysy täze enjamlarynyň mümkin boldugyça ýokary hilli bolmagyny üpjün etmek ugrunda iş alyp barýandygyny, mümkinçiliklerini artdyrmak üçin äýnege goşulan täze aýratynlyklaryň hasabyna, enjamyň satuw babatynda ýokary girdejä garaşýandyklaryny hem mälim etdi.

■ Ýokary tizlikli «Walkiriýa»
    
Fewral aýynyň ahyrynda Boeing kompaniýasy Loyal Wingman atly ýokary tizlikli  dolandyrylýan uçarmansyz enjamyň ýany bilen uçmaga niýetlenilen uçar barada mälim etdi.    2020-nji ýylda Tokio şäherinde onuň ilkinji uçuşy bolar, şol wagt hem şoňa meňzeş ABŞ-nyň BBC we Kratlos kompaniýalarynyň «Walkiriýa XQ58-A» sürüjisiz uçary özüniň ilkinji barlagyndan geçer. Ol hem öz gezeginde uzak aralykdan dolandyrylýan uçarlaryň ýany bilen uçmak üçin niýetlenilendir.
«Walkiriýa» beýlekilere garanyňda bahasy ýokary bolmadyk platformadyr. Ol radioelektrik täsiri bilen garşydaşyň enjamlarynyň işjeňligini bozmaga ukyplydyr. Şeýle hem onuň hüjüm etmäge, bellenilen çäge aňtaw işlerini geçirmäge-de mümkinçiligi bardyr. Bulardan başga-da  bu sürüjisiz uçary aýratyn howply ýagdaýlarda beýleki uçarmansyz uçýan enjamlary goramak üçin urgyny özüne alyp bilýär.
Sürüjisiz uçar ýekelikde, şeýle-de toparlaýyn sürüji tarapyndan aradaşlykdan pult arkaly dolandyrylyp, uçurylyp bilinýär. Onuň aýratyn bellemäge mynasyp tarapy, uçurylýan wagty raketa göterijileri birnäçe bombalary hem göterip bilýär. Şonuň ýaly-da «Walkiriýa» 1000 km/sag tizligi gazanyp bilýär.
Sürüjisiz uçar urgyny özüne alyp bilýänligi sebäpli ol, beýleki aralykdan dolandyrylýan bahasy 100 million dollar bolan uçarmansyz uçary halas etmäge niýetlenilendir. Oýlap tapyjylar «Walkiriýanyň» bahasyny maksimal ýagdaýda pese düşürdiler. Habar berilişine görä, onuň bahasy 2-3 million dollardan ýokary bolmaz.

■ Sensorly äpet ekran
    
Häzirki wagtda dünýäniň dürli ýurtlarynda interaktiw okuw tagtalary giňden peýdalanylýar. Olar şöhle saçýan proýektorlar arkaly işleýär. «Dell» kompaniýasy şu maksat bilen ulanyp bolýan ekran öndürdi. «Dell Interactive Conference Room Monitor» (C7017T) atly enjam sensorly bolmagy bilen tapawutlanýar. Ulanyjylar onuň ýüzüne barmagy bilen ýa-da ýörite taýajyk bilen islendik zady ýazyp, çyzyp bilerler. Ol bu babatda uly ýeňillik hödürleýär. Okuw synplary we ýygnak zallary üçin niýetlenen 70 dýuýmlyk ekranyň durulygy 1080 piksel. Onuň ýüzünde bellik etmek, ýazuw ýazmak üçin iki sany taýajygy bar. Ekran 5 müň dollardan satuwa çykaryldy.

■ Täze fotoapparatyny tanyşdyrdy
    
Fotoenjamlary öndürmekde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy ýokary durulykda täze apparatyny tanyşdyrdy. «Smartfonlaryň ýokary hilli suratlary alyp bilýän döwründe entegem şeýle enjamlary barmy?» diýen tebigy sorag ýüze çykmagy mümkin. Onuň has uzakdan has dury suratlary alyp bilmegi iň uly artykmaçlygy hasaplanýar. Şol sebäpden oňa islegiň ýokary boljakdygy ikuçsyzdyr. «PowerShot SX620 HS» atly fotoapparatyň 20,2 megapiksellik CMOS sensory we «DIGIC 4+» mikroprosessory smartfona garanyňda has dury suratlary almaga mümkinçilik berýär. Onuň bilen alnan suratlary beýleki enjamlara geçirmek üçin hem dürli arabaglanyşyk usullary bar. Şeýle hem NFS we WiFi aýratynlyklarynyň hem bolmagy onuň artykmaç taraplary hasaplanýar.

■ Wodorod bilen işleýän tramwaý
    
Dünýäniň iň köp ilatly ýurdy Hytaýda daşky gurşawa has az zyýan ýetirýän ulaglary öndürmekde, energiýanyň has arassa çeşmelerini kämilleşdirmekde uly tagalla edilýär. Ýurtda wodorod bilen işleýän dünýäniň ilkinji tramwaýy işlenip düzüldi. «ICTnews» agentliginiň habaryna görä, bu jemgyýetçilik ulagy tebigat bilen has sazlaşykly işleýär. Çykarýan sesi az, energiýany has tygşytly ulanýar we beýleki tramwaýlara görä başga-da birnäçe amatlyklary bar. Ony herekete getirmek üçin batareýadan peýdalanylýar. Ýurduň Sindao şäherinde işlenip taýýarlanan ulagyň iň ýokary tizligi sagatda 43 mil (70 kilometr). Dünýäde ýangyç hökmünde wodoroddan peýdalanýan ilkinji tramwaýa ýangyç guýmak üçin bary-ýogy üç minut ýeterlik. Jemgyýetçilik ulagynyň baky bir gezek doldurylandan soňra 380 ýolagçyny 62 mile (100 km) çenli äkidip bilýär. Häzirki wagtda ýurtda jemgyýetçilik ulagy hökmünde tramwaýlar o diýen köp ulanylmaýar. «Sifang Co» kompaniýasy has döwrebap tramwaýlary işläp taýýarlamak üçin tagalla edýär. Ýurtda öňümizdäki 5 ýylyň dowamynda tramwaý tehnologiýasyny ösdürmek üçin 200 milliard ýuan (32 milliard dollar) özleşdiriler. Onuň çäklerinde dürli şäherlerde 1200 mil ýagny, 1930 kilometrlik tramwaý ýoly gurlar. Şu ýylyň ahyrynda Guandun welaýatynyň Foşan şäherinde tramwaý ýolunyň gurluşygyna badalga berler. Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtda wodorody ýangyç hökmünde dünýäde diňe «Toyota» kompaniýasy ulanýar. Ýapon şereketiniň «Mirai» atly modeli diňe wodorod bilen işleýär. Häzir diňe öz ata watanynda satylýan ulag şu ýylyň ahyrynda ABŞ-da, soňky ýyllarda beýleki ýurtlara eksport ediler.

■ "Rolls-Royec" kompaniýasy sürüjisiz harby gämini döreder
    
«Rolls-Royec» ady bilen tanalýan bu kompaniýa barada agzalanda milliarderler üçin döredilýän awtoulaglar göz öňümize gelip başlaýar. 1906-njy ýylda esaslandyrylan Britan awtoulag öndürýän kompaniýasy uçarlaryň, gämileriň we energiýa esasynda işleýän enjamlaryň hereketlendirijisini hem öndürýär. Bu günki gün 10 mlrd funt sterlinge barabar ululykda bu kompaniýanyň kapitaly bar. Kompaniýanyň ýolbaşçylary kämil sürüjisiz gämini, ýagny ýokary derejede döwrebaplaşdyrylan tehnikany döretmekligi meýilleşdirýärler.
Uzynlygy 60 metr bolan bu gämi sagatda 46 km-e çenli tizligi gazanyp, 3500 deňiz milini ýüzüp geçmegi başarar we şol sanda 100 günüň dowamynda harby tabşyryklary ýerine ýetirmek, patrul gullugyny alyp barmak, yzarlamak, gözleg işlerini geçirmek, minalary tapmak we ş.m. wajyp işleri ýerine ýetirer. «Rolls-Royec MTU 4000» hereketlendirijili iki sany generatory özünde jemläp we 4 megawat elektrik togy bilen üpjün edilýär. Ondaky gün paneller toplumy akkumulýatory uzak wagtlap energiýa bilen üpjün eder.
Gämi uly göwrümli döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilip, zerur bolan ýagdaýlarda giňişlikde gäminiň daş-töweregi anyklamagy üçin emeli intelekt, sürüjisiz dronlaryň uly bolmadyk goşuny, şeýle-de mümkin bolan sensorlaryň toplumy ornaşdyrylar. Mundan başga-da bu tehnologiýa özbaşdak beýleki gämileri anyklamagy, eger gerek bolsa söweşjeň hadysalardan gaça durmagy başarar. Gäminiň ýöriteleşdirilen enjamlary hatda garşydaşyň suw asty gizlenen gämilerini hem anyklamaga mümkinçilik berer.

■ Howa maglumaty has takyk bolar
    
Işlenip düzülen täze tehnologiýa howanyň ýagdaýy barada has öňünden we takyk çaklama taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda tehnologiýanyň ýeten derejesi arkaly belli bir ýerde howanyň ýagdaýyny 910 gün öňünden bilip bolýar. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijesinde taýýarlanan täze tehnologiýa howanyň ýagdaýyny 14 gün öňünden anyklamaga mümkinçilik berýär. Haýsydyr bir iş etjek bolanymyzda, howanyň nähili boljakdygy bilen gyzyklanýarys. Bu maglumatlary taýýarlamak üçin köp zähmet çekilýär. Häzirki wagtda tehnologiýanyň ýeten derejesi howany takyk bilmäge mümkinçilik berýän hem bolsa, ony has öňünden anyklamak üçin birnäçe işler alnyp barylýar. Pensilwaniýa uniwersitetiniň hünärmenleri super kompýuterleri ulanmak arkaly howany iki hepde öňünden takyk bilmegi başardylar. Munuň üçin metrologlar 2016-njy ýyldan bäri dürli synaglary geçirdiler. Ylmy barlaga ýolbaşçylyk edýän Fuking Žangyň aýtmagyna görä, häzirki wagtda 2 hepde öňünden taýýarlanýan çaklamalar takyk bolýar.

■ "Oppoitunfty" bilen hoşlaşdy
    
15 ýyldan bäri Marsda ylmy barlaglary geçirmekde peýdalanylan «Opportunity» enjamy bilen bagly maksatnamanyň tamamlanandygy mälim edildi. Geçen ýylyň iýun aýynda Gyzyl planetada ýüze çykan tozanly ýelden soňra, 6 tigirli enjam bilen aragatnaşyk dolulygyna kesilipdi. Şondan soňra onuň bilen gaýtadan habarlaşyp bolmandy. NASA-nyň internet saýtyndaky habarda enjamyň gumuň aşagynda gömlüp galandygynyň çaklanylýandygy we bu maksatnamanyň ýatyrylandygy mälim edildi. Gün şöhlesinden alan energiýasy bilen işleýän en­jam uzak wagtlap Mars ba­rada gymmatly maglumat­lary toplamaga ýardam etdi. «Opportunity» bu planetada suwuň we ýaşaýşyň alamatlaryny gözlemekde, ozal mälim bolmadyk maglumatlary öwrenmekde peýdalanyldy. Mundan soňra goňşy planetany öwrenmeklik «Curiosity» we «InSight» robotlary arkaly dowam etdiriler. Şeýle hem bu planeta uçurmak üçin «Mars 2020» atly ýene bir robot taýýarlanýar.
«Opportunity» enjamy Marsy öwrenmek maksatnamasynyň çäklerinde 2003-nji ýylyň 7-nji iýulynda uçurylyp, 2004-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Marsa gondurylypdy.
Ilkibaşda robotyň 90 mars güni hyzmat etmegi we jemi 1 kilometre barabar ýol geçmegi göz öňünde tutulýardy. Em­ma, jemi 45 km ýol geçen ro­bot maksatnamada görkezilen wagtyndan 60 esse köp hyzmat etdi. 2012-nji ýylda «Curio­sity», geçen ýyl «Insight» robot­lary Marsa gondurylypdy.

■ Tölegsiz internet ýola goýuldy
    
Dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýasy «Google» Filippinlerde geçirilen halkara maslahatda «Google Station» atly maksatnama bu ýurdy hem goşandyklaryny mälim etdi. Hindistan, Meksika, Tailand ýaly birnäçe ýurtda işe girizilen «Google Station» maksatnamasy esasynda köpçülikleýin ýerlerde tölegsiz internet hödürlenýär. Filippinler­de jemi 50 sany tölegsiz Wi-Fi nokady dörediler. Olaryň ählisiniň şu aýyň ahyryna çenli işe giriziljekdigi habar berildi. Bu hyzmat edil beýleki ýurtlarda bolşy ýaly, 30 minut bilen çäklendiriler. Has köp wagt ulanmak üçin bolsa, ulgama gaýtadan girmeli bolar. Munuň sebäbi internetiň tizliginiň peselmeginiň öňüni almakdan ybarat. PLDT we «Smart Communications» şereketleri bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde durmuşa geçirilýän bu maksatnamanyň dünýäniň beýleki ýurtlaryna hem ýaýradylmagyna garaşylýar.
 
Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Категория: Tehnologiýa | Просмотров: 427 | Добавил: Нawеran | Теги: Tehnologiýa | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Tehnologiýa bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]