01:20

Dünýäm

DÜNÝÄM

Bagt guşun ugratjak gizleme salgyñ,
Bu ykbal sañadyr, ret etme algyñ,
O dünýe bilmedim, bu dünýe çelgiñ
bolaýyn, dünýäme gelsene, dünýäm.

Alada-gaýgyny köñlüñden öçür,
Ýat tutan yşgymy kalbyña göçür,
Bir haýyşt, ezizim, bolma-da kejir,
Aşygyñ gujagna ýelsene, dünýäm.

Barmagym kesemde göwnüm saranym,
Köplükde göz asty, ogryn garanym,
Bir saña aýtmakçy kalbym parolyn,
Diñeje girmäni bilsene, dünýäm.

Dünýeden köp dänen sözünden dänmez,
Gözleñ görejinden aşygyñ tänmez,
Yşkdan doýup bo:rmy, sereden ganmaz,
Dyrnaklap kalbymy dilsene, dünýäm.

Gabrymy göz ýaş däl, ýagyşym suwa:r,
Dadyma ýetiş sen inmesin gubar,
Ba:r zadym ýitse-de diýeýin şu bar,
Ýanymda ömürlik bolsana, dünýäm.
Gelsene, dünýäm.

Ahmet ARAZOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 405 | Добавил: Ahmet | Теги: Ahmet Arazow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024
Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024
Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024
Siziñki / Goşgular - 30.01.2024
Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024
"Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024
Победителям / Goşgular - 29.02.2024
Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024
Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024
Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024

Teswirleriň ählisi: 3
0
1 mango  
651
Alada-gaýgyny köñlüñden öçür,
Ýat tutan yşgymy kalbyña göçür,

Bu pikirleň ekiz taýy aşakda

Yşgymy goşgy edip ýazyp bereýin,
Alaý, akja ýüregiňe göçür-de.
(Ýüregim bir seni görkezýän kompas. Seýran Seýitmämmedow. http://kitapcy.com/news....3-18987 )

0
2 mango  
651
1) Bagt guşun ugratjak gizleme salgyñ,
2) Bu ykbal sañadyr, ret etme algyñ,

1) bagt guşy eýesini adressizem tapaýmaly….
2) ykbaly ret edip bolýamy?

0
3 aynaamangeldi  
1133
Gaty gowy goşgy bolupdyr. Tüweleme ylhamyňyza saglyk

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]