10:42 Duralgada | |
Duralgada
Ýaz ýagşyna biten kömelek ýaly, Saýawanlar tutdy sagy-sollary. Damjalar deprekläp başlaly bäri, Ýagyrnysy ýagyr bolan ýollary. Kerteli gelin deý ýaşyl arçalañ, Egninden damjalar syrygyp gidýär. Damjalañ, syrygan suwlaryñ bary, Ýerde bir-birine birigip gidýär. Göwnüme bolmasa gussaly Gögüñ, Bir damja gözünden sowa düşüpdir... Ýoluñ o ýüzünde duran baglaryñ, Sudury ýerdäki suwa düşüpdir. Asfaltda kölçeren suwda görünýä, Parallel arçalar, parallel dünýä. Seýran SEÝITMÄMMEDOW | |
|
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |