05:06 Durmuş öwrümleri / hekaýa | |
DURMUŞ ÖWRÜMLERI Gije sagat üçüň ýary... Bütin şäheri ümsümlik eýeläpdir. Bu sessizligi käwagt geçýän maşynlaryň sesi bozaýmasa, tüýs “Il ýatyp, it uklan” diýilýän wagtdy. Birdenem çirkin aglaýan çagajygyň sesi ümsümlik bilen ornuny çalyşdy. Gülnar çagajygyny köşeşdirjek bolup, elinden gelenini gaýgyranokdy. Ol bir gezek aç bolaýmasyn diýip gujagyndaky balasynyň garynjygyny doýursa, ýene bir gezek kellejigi agyrýandyr öýdüp, başga emleri edýärdi. Çagajyk şonda-da aglamasyny goýanokdy. Uzakly güni okuwda geçýän ýaş gelne gijeki aladasy örän agyr degýärdi. Sebäbi ol talypdy. Oňa ähli kynçylyklardan baş alyp çykmaga diňe enelik mähri güýç-kuwwat berýärdi. Ol: – Beýle-de bir aglamak bor eken. Ýa bir ýeri agyraýýamyka? Bolmasa men bir ýerde ýalňyşlyk goýberýän bolaýmaýyn –diýip pikirlendi. Göwnüne bolmasa çaganyň gyzgyny hem bar ýalydy. Tejribesiz, ýaňy ilkinji perzendini gujagyna alan enealjyramakdan ýaňa daş-töweregine seretdi, haraý gözledi. Emma ýaňy orta mekdebi tamamlap, obadan çagasyna seredişmek üçin gelen enekesinden başga adam tapmady. Maşgala lukmana aýtmak maksady bilen telefona ýapyşdy, emma diwarda asylan sagat oňa wagty ýatlatdy.Bir salymdan soň çagajyk köşeşip (edilen emleriň täsiri ýetip) uka gitdi. Emma Gülnaryň gözlerine edil çiş kakylan ýalydy. Ol surnugan göwresini uklap ýatan çagasynyň gapdalyna atdy-da, onuň galpajygyny sypalady. Şu pursatda onuň şeýlebir käbesini göresi, onuň bilen ähli derdini paýlaşasy geldi. Ejesi ýagdaýy bilen gyzyklananda: “Hemme zat gowy. Meni alada etme, käbäm” diýip, ýalan sözleýändigine utanyp, ondan ötünç sorasy geldi: Ýyllar epmänkä dyzyny Bozmanka aýak yzymy Görmek üçin öz gyzyňy Gapymy kaksana, käbäm. Iki bagtyň – birbada ýokary okuw mekdepleriniň birinde talyp hem-de ene bolmagyň özüne ýetik kynçylyklary bardy. Çünki ikisine-de ýetişmeli. Gülnarbir gün ähli kynçylyklaryň hötdesinden gelip, gowy günlere ýetjekdigine ynanýardy. Şonuň üçin hemdiňe aýakda durmaga çalyşýardy. Şahyr: “Kynçylyk ýok, ejizlik bar dünýäde” diýýär. Emma Gülnary başga zat ejizledýärdi. Iň agyr degýän ýeri – durmuşa çykyp gelen öýünde ýürekdeş ýokdy. Aradaky bu sowuklygyň yzasy ony suwdan alyp oda oklaýardy. Fiziki agyrlygy beden duýsa, ruhy yzany ýürek syzýardy. Gülnar kalbyndakylary diňe kagyza geçirmek bilen bu ýalňyzlygynyň ornuny dolýardy. Ýetmek üçin sergezdan bolan ýanýoldaşy, sawçylyga gatnamakdan ençe köwüş tozduran gaýynenesi ony emelsiz, özüni oňarmaýan lellim hasaplaýardy. Şonuň üçinem Gülnar olara çagasynyň hem, özüniň hem derdini aýtmakdan saklanýardy. Şol “emelsiz, lellim” diýilýän gelin atasy öýünde ene-atasynyň sag goly bolupdy. Häzir bolsa okaýan ýokary okuw mekdebinde iň bir göreldeli talyplaryň biri. Ata-babalarymyz “Dogdugymdan – düşdügim” diýipdirler. Gülnar maşgala mukaddesligine örän gowy düşünýärdi. Abraýly maşgalada önüp-ösensoň, durmuşyny bozmagyň aladasyny däl-de, ony düzetmegiň aladasy bilen ýaşaýardy. Entek durmuşa çykmanka, mähriban käbesi oňa şeýle bir hekaýaty gürrüň berdi: “Täzetoý tutan bir ýaş çatynja bar eken. Olar bir-birini söýseler-de, öz durmuşlarynyň hiç hyýal edişleri ýaly däldigi barada oýlanypdyrlar. Sähelçe söz ýa-da hadysa olaryň arasyna uly dawalary salar eken. Bir gün ýaş çatynjalar aýrylyşmagy karar beripdirler. Ýoldaşy aýalyna: “Mende bir pikir bar. Howlymyzda bir nahal ekeli. Şol nahalyň guran güni hem aýrylarys. Eger ol guramasa, gaýdyp şu barada gep açmarys” diýipdir. Aýaly hem ýoldaşynyň pikirini goldapdyr. Aradan birnäçe aý geçipdir, emma nahal guramandyr. Bir gije olar elleri suwly bedreli garşylaşypdyrlar”. Gülnar hem özüni edil şu hekaýatdaky gelin ýaly duýýardy. Ol ýanýoldaşynyň hem maşgala daragtlarynyň guramazlygy üçin aladalanmagyny arzuwlaýardy. Aý-gün hiç kime hasabat bermezden ötüp dur. Oguljygynyň emedeklemesi, soňra ýörjen-ýörjen bolmasy, geplemesi Gülnara köp zatlary unutdyrýardy. Ony gaýtadan durmuşa baglaýardy. Ol çagasynyň ýüzüne seredenden oňa näme bolýandygyna düşünýän lukmana öwrüldi. “Ene eli – em” diýleni, Gülnaryň çagasy hem gününi sanap ulalýardy. Ine-de, arzyly pursat – okuwyň iň soňky güni gelip ýetdi. Ol ir bilen turup, çagasyna bermeli iýmitleri enekesine tabşyrandan soň, ýörite tikinen köýnegini geýdi, “Uçurum” diýlip ýüzi nagyşlanan ketenini döşüniň üstünden goýberdi. Şatlykdan ýaňa gizlenip bilmeýän dişlerini gizlejek hem bolman, ýüz görülýän aýnanyň öňünde özüni synlady hem-de şu güne ýetmekdäki başyndan geçiren hupbatlary hakynda oýlandy. Soňky jaň dabarasy örän täsirlidi. Göreldeli talyplaryň arasynda ady tutulyp, ýokary okuw mekdebiniň hormat hatlarydyr sowgatlaryna eýe bolan Gülnaryň şatlygynyň çägi ýokdy. Birdenem onuň gözleri talyplaryň hossarlarynyň duran ýerine düşdi. Ol öz gözlerineynanman, täzeden şol tarapa seretdi. Dogrudan hem,ýanýoldaşy Wepa. Elinde-de oguljyklary Begençjik. Olar bu ýere Gülnary gutlamak üçin gelipdirler. Gurbanjemal ANNAKOWA. | |
|
√ Растоптанные чувства / рассказ - 19.02.2023 |
√ Ahmet Mele / hekaýa - 25.01.2023 |
√ Ýüregimi yzyna beriñ! / hekaýa - 16.02.2023 |
√ Köñülde gopan kyýamat / hekaýa - 07.01.2023 |
√ Derwaýys sapak - 07.01.2023 |
√ Gijeki otly / hekaýa - 12.03.2023 |
√ Kupedäki ýoldaşlar / hekaýa - 19.03.2023 |
√ Ýaşlyk joşguny / hekaýa - 08.01.2023 |
√ Täze ýyl gijesinde / hekaýa - 06.01.2023 |
√ Satlyk düýeguşlar / hekaýa - 06.01.2023 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |