08:02 Durmuş sapagy | |
DURMUŞ SAPAGY Gadym wagtlar dag etegindäki obada bir däp bar eken. Obanyň ilaty garrap, tapdan düşen garrylaryny tokaýa taşlaýar ekenler. Günleriň birinde bir oglan garran kakasyny tokaýa taşlap gaýtmakçy bolupdyr. Gyş pasly eken. Goja, ogly hem-de agtygy üçüsi tokaýa gidipdir. Gojany taşlap öýlerine gaýdyp gelýärkäler, agtygy atasyny alyp giden galtaklaryny galdyryp gaýdandyklaryna ökünipdir. Ol kakasyna yza gaýtmagy teklip edipdir. Kakasy äwmänsoň, ogly: — Galtagymyzy alyp gaýdaly. Ýogsam, garranyňda men seni näme bilen tokaýa taşlap gaýdaýyn? — diýip, kakasyna ýalbarypdyr. Oglunyň şol sözi kakasyny iňkise goýupdyr. Kakasy şonda özüniňem bir gün garrajakdygyna düşünipdir. Yza dolanyp, garry kakasyny öýe alyp gaýdypdyr. Ol kakasyny samanhanada gizläp, ile bildirmän, oňa her gün nahar eltýän eken. Şeýdip, aý aýlanypdyr. Bir gün obanyň mallaryna kesel degipdir. Mallar gyrlyp, tükenip barýarmyş. Goja ogluna şeýle nesihat edipdir: Kesellänleri sagatlardan aýyr. Keselli mallar üçin dermanlyk diýip ýygnan otlarymy garyp, gaýnadyp içir. Sagatlary bolsa dok sakla. Ogly kakasynyň diýenini edipdir. Hakykatdanam onuň mallarynyň köpüsi keselden halas bolupdyr. Gurban baýramy golaýlanda, obanyň halky janly soýup başlapdyr. Goja bolsa ogluna şeýle maslahat beripdir: — Obada mal azaldy. Seniňem kän malyň ýok. Bu ýyl janly soýup oturma. Bir-iki aý soň, obada ýer sürere mal tapylmandyr. Kakasynyň diýenine gulak asan ýigidiň bolsa ýer sürere maly bolupdyr. Bahar golaýlaberende, obada üwäre arpa-da galmandyr. Hatda tohumlygam ýokmuş. Obanyň ilaty näme ekjegini, geljek ýyl nädip hasyl aljagyny bilmändir. Şonda goja ogluna şeýle nesihat beripdir: — Oglum, samanhanaň samandan doly. Olary çykar-da, ýaňadan döw. Şondan tohumlyk bugdaý çykar. Ogly kakasynyň diýenini edipdir. Obanyň halky bolsa bu ýaş ýigide jadygöýdür öýdüpdirler. Bolmanda näme? Hemme kişiň işi şowuna däl wagty, bu öýde ähli kynçylyga çäre tapylýar. Oba adamlary ýigidiň öýüni barlamaly diýen netijä gelipdirler. Ahyry hakykat ýüze çykypdyr. Gojanyň henizem ýaşap ýörendigini hemmeler bilipdir. Ýigidi patyşa ýamanlapdyrlar. Ýigit patyşa bar zady jikme-jik gürrüň beripdir. Patyşa, ilki bilen, öz kanunlaryna boýun egmeýän bu ýigide gaharlanypdyr. Ýöne soňundan gojalaryň nesihatlarynyň ýaşlaryň ýoluny ýagtyldýandygyna göz ýetiripdir we garrylar hakda täze kanun çykarypdyr. «Mundan beýläk ene-ata garranynda, perzent oňa seretmeli. Perzent ene-atanyň göwnüni ýykmaly däl. Perzent ene-atasynyň hyzmatynda ýaşamaly. Ene-atanyň durmuşdan ýygnan tejribelerinde, her wagt sapak alara zat bardyr». Atanyýaz HANGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |